Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'Green Card' lotereýasyna gyzyklanma bildirýänler 'köpelýär'


ABŞ-nyň Kongresiniň ýygnanýan ýeri bolan Kapitol binasy we amerikan baýdagy. Illýustrasiýa suraty
ABŞ-nyň Kongresiniň ýygnanýan ýeri bolan Kapitol binasy we amerikan baýdagy. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, soňky ýyllarda Türkmenistandan göçüp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan ýaşaýyş durumyny almak isleýänleriň köpelendigini synlasa bolýar. Muňa ýurtda ABŞ-nyň “Green Card” lotereýasyna gyzyklanma bildirýänleriň göz-görtele artandygy hem şaýatlyk edýär. Galyberse-de, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtyna görä, lotereýanyň soňky netijeleri utuş gazanan türkmen raýatlarynyň sanynyň, mundan sekiz ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende, azyndan 14 esse artandygyny görkezýär.

“Ilat arasynda Green Card-a bolan gyzyklanma juda artdy. Olaryň aglaba bölegini ýaşlar emele getirýär. Käbir oglanlar indi üç-dört ýyl bäri synanyşyp gelýändigini aýdýarlar. Köp adam diňe özi üçin däl, eýse ejesi we kakasy ýa-da tutuş maşgalasy üçin anketa doldurýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy aýtdy.

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda halk içinde “ýaşyl kart” lotereýasy diýilýän programma arkaly beýleki ýurtlaryň raýatlaryna amerikan ýaşaýyş durumyny almak mümkinçiligini döredýär. Ýylda bir gezek gurnalýan diwersifikasiýa utuşlaryna gatnaşyjylar ýörite anketany online görnüşde dolduryp iberýärler.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, gyzyklanmanyň ýokarlanmagy netijesinde, soňky ýyllarda “Green Card” lotereýasy üçin anketalary dolduryp berýän ýörite adamlar hem peýda boldy.

“Köp adam iňlis dilindäki anketany dolduryp bilmeýär. Şol sebäpli ökde hünärli iňlis dili mugallymlary we terjimeçilik ofisleriniň işgärleri raýatlara bu anketalary dolduryp bermegi teklip edýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Soňky bäş ýyl bäri anketalary dolduryp berýän raýatlaryň biriniň Azatlyga gürrüň bermegine görä, ol bir anketa üçin 400 manat töleg alýar. Bu töleg 2022-nji ýylda 50 manada barabardy.

"Tölegiň ýokarlanmagyna anketa doldurtmak isleýän türkmenleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy sebäp boldy. Anketa dolduryp berenlerimiň arasynda lotereýada utuş gazanyp, häzir ABŞ-a göçüp gidenler hem bar” diýip, ol belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň saýtyna görä, lotereýanyň soňky netijeleri utuş gazanan türkmen raýatlarynyň sanynyň, mundan sekiz ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende, azyndan 14 esse artandygyny görkezýär.

“Green Card” lotereýasynda ýeňiş gazanan türkmenistanlylaryň sany 2016-nji ýylda 91-e, 2017-nji ýylda 306-a, 2018-nji ýylda 258-e, 2019-njy ýylda 515-e, 2020-nji ýylda 870-e, 2021-nji ýylda 745-e, 2022-nji ýylda 555-e deň boldy. 2023-nji ýylda bolsa, bu görkeziji 1313 adama barabar boldy. Bu, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esseden hem köpdür.

Türkmenistanda indi alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp adam gazanç we ýaşamak üçin başga ýurtlara göçüp gidýär.

Habarçylarymyz “Green Card” lotereýasyna gyzyklanma bildirýänleriň arasynda diňe işsizlikden kösenýän raýatlaryň däl, eýse döwlet edara-kärhanalarynda işleýän ýokary derejeli hünärmenleriň hem bardygyny aýdýarlar.

Türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň lotereýa gyzyklanma bildirmegine ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar bilen bir hatarda, häkimiýetleriň syýasy, ykdysady we sosial basyşlarynyň barha artmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Her kim hiç bir zada mejbur edilmän, kanunyň hökmürowanlygy astynda ýaşamak isleýär. Azat, erkin ýaşamak isleýär. Çagalary üçin gowy gelejek arzuw edýär. Adamym we men mugallym bolup, 10 ýyldan gowrak wagt zähmet çekdik. Ýöne bir otagly jaýy kredit bilen-de alyp bilmedik. Soňky ýyllardaky gymmatçylyk, döwletiň raýatlara gözegçiliginiň barha güýçlenmegi, bizi ýurtdan gaýtmagyň ugruny tapmaga iterdi. Dadymyza Green Card ýetdi” diýip, lotereýa esasynda şu ýyl ABŞ-a göçüp baran bir türkmenistanly gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen ýa-da ýurtda ýaşamaga ygtyýarnama alan daşary ýurtlularyň sany baradaky maglumatlary wagtal-wagtal yglan edýärler. Ýöne olar daşary ýurtlara işlemäge ýa hemişelik ýaşamaga gidýän türkmen raýatlarynyň sany we olaryň näme sebäpden bu netijä gelýändigi hakda mesele gozgamaýarlar.

Şu ýyl “Green Card” lotereýasy üçin anketa doldurmak möwsümi 15-nji oktýabrda tamamlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG