Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistan' awiakompaniýasynyň Moskwa gatnawlary ýatyrylansoň, "S7" biletleriniň bahasy ýokarlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Moskwa uçar gatnawlary ýatyrylansoň, Russiýanyň awiakompaniýasynyň biletleriniň bahalary ýokarlandy. "S7" awiakompaniýasynyň uçarlary häzir Aşgabatdan Moskwa göni barmaga ýeke-täk mümkinçilik berýär. "Türkmenistan" howa ýollarynyň uçarlary şu aýyň başyndan bäri diňe Gazana baryp gaýdýar.

"S7" awiakompaniýasynyň Aşgabat-Moskwa uçar gatnawlarynyň biletleri indi 700 dollardan başlanýar. Habarçylaryň sözlerine görä, rus awiakompaniýasy Moskwa uçar gatnatmakda ýeke-täk bolansoň, onuň biletleriniň nyrhy 30% çemesi ýokarlanypdyr.

"Moskwa gatnawlary ýatyrylansoň, S7 bahalary gyssagly ýokarlandyrdy. Bir tarapa biletleriň bahasy olaryň senesine baglylykda 500-den 600 dollar aralygynda bolan bolsa, indi olaryň bahasy 700-den 800 dollar aralygynda" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, biletleri diňe dollara satýarlar. Azatlyk Radiosy "S7"-niň wekillerinden maglumat alyp bilmedi.

"Türkmenistan" howaýollary "Moskwanyň howa zonasyndaky howa ýagdaýy, şeýle hem uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça töwekgelçilige berlen baha esasynda" 1-nji awgustdan Moskwa uçar gatnawlaryny ýatyrýandygyny yglan edipdi. Bu Russiýanyň paýtagtynda pilotsyz uçarlaryň eden hüjümleriniň yzýanyna gabat geldi. Şonda birnäçe günüň dowamynda Moskwa pilotsyz uçarlar tarapyndan iki gezek hüjüm edildi, netijede Moskwa-siti biznes merkeziniň diňlerine zeper ýetdi.

Şonda bäri "Türkmenistan" awiakompaniýasy Russiýa edýän uçar gatnawlaryny Aşgabat - Gazan - Aşgabat ugury boýunça amala aşyrýar.

Türkmen awiakompaniýasynyň uçarlary bilen Aşgabatdan Moskwa barmak üçin indi Gazanyň üstünden geçmeli. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, türkmen awiakompaniýasy uçar gatnawlaryny Tatarstanyň paýtagtyna geçirensoň Gazandan Moskwa gatnaýan rus uçarlaryna isleg artypdyr. Bu biletleriň bahasyna-da täsir edipdir. Habarçy Russiýanyň Gazandan Moskwa we Moskwadan Gazana gatnaýan uçarlarynyň bahasy 10 000 rubldan 25 000 rubla çenli ýokarlanandygyny aýdýar.

Uçarly barmagyň alternatiwasy ýerüsti transport bolup, hususan-da, awtobusly Gazandan Moskwa barmak üçin ýol 14 sagada çekýär.

Russiýa türkmen raýatlarynyň okamak, pul gazanmak we saglygyny bejermek üçin iň köp saýlaýan ýurtlarynyň biridir.

Uçar gatnawy üçin ugurlaryň çäkli bolmagy syýahatyň wagtyny we bahasyny ep-esli ýokarlandyrýar. Aşgabatdaky bir çeşme ýolagçylaryň bar bolan uçuşlaryň çäkli sanawyna esaslanyp, öz ýoluny kynlyk bilen planlaşdyrmaly bolýandygyny belläp, uçar baglanyşyklarynyň we bahalaryň köplenç amatly däldigini aýdýar: "Aşgabatdan Stambula uçsaň - reýsleriň gabat gelýän wagtyna garaşmak üçin 14 sagadyň gidýär. Almaty we yzyňa gaýdyp gelmek üçin uly çykdajy etmeli bolýar - tas bir ýarym müň ýewro gidýär".

Türkmenistandan ýurduň daşyna çykmak köp ýyl bäri uly kynçylyklary döredýär. Ýurduň raýatlary biletleriň gytçylygyndan we gymmatçylygyndan daşary wiza almak we ýurduň daşyna çykmakda dürli kynçylyklara duçar bolýarlar.

Türkmenistanlylar üçin mundan öň iň meşhur ýurt bolan Türkiýä syýahat etmek geçen güýzde ýurtlaryň arasynda wiza düzgüniniň girizilmeginden soň has kynlaşdy. Şu ýylyň başynda, türk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan öz watanyna gaýdyp geljekdigini kepillendirýän resminamalar talap edilip başlandy. Şeýle dokument beýleki ýurtlara, şol sanda goňşy Gazagystana syýahat etmek isleýän türkmen raýatlaryndan hem talap edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG