Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa edilen pilotsyz uçar hüjümleriniň arasynda Türkmenistan rus paýtagtyna uçuşlaryny togtadýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

"Türkmen howaýollary” 1-nji awgustdan başlap Aşgabat - Moskwa aralygynda iki tarapa uçuşlary togtatdy we munuň sebäbini “Moskwanyň howa giňişligindäki howa ýagdaýy” bilen düşündirdi. Resmi bildiriş 1-nji awgustda agşam awiakompaniýanyň web sahypasynda peýda boldy.

Türkmen awiakompaniýasy, Moskwa howa gatnawlaryny ýatyrmak baradaky kararyny "Moskwanyň howa zonasyndaky howa ýagdaýy, şeýle hem uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça töwekgelçilige berlen baha esasynda" düşündirdi.

“Hormatly ýolagçylar, Moskwanyň howa zonasyndaky howa ýagdaýy, şeýle hem uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen töwekgelçilige berlen baha esasynda 01.08.2023-den başlap, "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Aşgabat-Moskwa-Aşgabat marşrutynda hereket edýän uçuşlaryň hemmesiniň togtadylýandygyny we olaryň Aşgabat-Gazan-Aşgabat marşrutynda dolandyryljakdygyny dykgatyňyza ýetirýäris", diýlip, türkmen awiakompaniýasynyň maglumatynda aýdylýar.

Awiakompaniýanyň Moskwa eden gatnawlaryny ýatyrmak karary Russiýanyň paýtagtynda pilotsyz uçarlaryň eden hüjümleriniň yzýanyna gabat geldi. Soňky üç günde Moskwa pilotsyz uçarlar tarapyndan iki gezek hüjüm edildi, netijede Moskwa-siti biznes merkeziniň diňlerine zeper ýetdi.

"Türkmenistan" howaýollarynyň bildirişinde Russiýa amala aşyrylýan uçuşlaryň indi Aşgabat-Gazan-Aşgabat aralygynda amala aşyryljakdygy habar berildi.

Ondan öň Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri şol gün 1-nji awgustda ýerli wagt bilen 21: 15-de Moskwa barmaly Aşgabat - Domodedowo marşrutynda planlaşdyrylan T5 703 reýsiniň iki tarapa-da birden ýatyrylandygyny habar berdiler. "Moskwa uçuşlaryň hemmesiniň ýatyrylandygyny, Gazana uçuşlaryň henizem dowam edýändigini aýdýarlar. S7 uçuşlarynyň ýagdaýy entek belli däl" - diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji awgustda aýtdy.

Soňra bu uçuşyň ýatyrylmagy barada habar Domodedowo howa menziliniň web sahypasynda peýda boldy, emma sebäbi görkezilmedi.

Türkmenistandan Russiýa uçuşlary "Türkmen howaýollary" we Russiýanyň "S7" awiakompaniýasy amala aşyrýar. "S7"-niň Aşgabat-Moskwa aralygynda uçuşlary dowam etdirip-etmejekdigini Russiýanyň awiakompaniýasynyň özünden anyklap bolmady. Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi bolsa "S7 häzirlikçe uçar" diýýär.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler türkmen häkimiýetleriniň uçuşlaryň ýatyrylmagy sebäpli Russiýanyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirip, ýolagçylaryň Moskwadan Gazana eltilmegini guramak meselesini gozgaýandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

"Düýn Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Owerçuk bilen gürleşendigi barada habar bar, ol Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselesine hem jogapkär, olar şol sanda Moskwadan Gazana ýolagçylary gatnatmagy guramak mümkinçiligine degişli guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Studentleriň we abiturientleriň akymy hasaba alnanda - logistika, biletleriň köýmezligi we beýleki zatlar çözülmeli. Resmi taýdan hemme zat çözülen ýaly, iş ýüzünde nähili boljagyny göreris. Ýagdaý birbada anyklaşdyryldy, bu görnüşde awgust aýynyň ahyryna çenli saklanar" - diýip, anonim gürleşen çeşme aýtdy.

Uçuşlaryň ýatyrylmagy tomus kanikullary we dynç alyş möwsümine gabat geldi, Orsýetde okaýan köp student Türkmenistana barýar we soň yzana gaýdýar.

Türkmenistanda Russiýanyň şäherlerine gatnaýan uçaralara uly isleg saklanýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, Moskwa uçar biletleri şu ýylyň dekabryna çenli satylyp gutarypdyr.

Syýasy ýagdaýa garamazdan, türkmen raýatlary okamak, gazanç etmek we hemişelik ýaşamak üçin Russiýa gidýärler.

Rus häkimiýetleri Moskwa pilotsyz uçarlaryň hüjüminde Kiýewi aýyplaýarlar. Ukrain tarapy şeýle hüjümler barada adatça düşündiriş bermeýär. Şeýle-de bolsa, Ukrainanyň prezidentiniň edarasynyň başlygynyň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak, Moskwa-siti toplumyna bolan zarbalar barada teswir berip, pilotsyz uçarlaryň hüjümleriň Russiýanyň çägine ýygy-ýygydan boljakdygyny aýtdy. Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow pilotsyz uçarlaryň howa hüjümlerinden Moskwa abanýan howpuň aç-açandygyny boýun aldy, ýöne bolup geçen wakalara diňe Goranmak ministrliginiň düşündiriş berip biljekdigini aýtdy.

Türkmenistan Ukrainadaky ýagdaý barada resmi garaýşyny mälim etmeýär. Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy babatynda ýurduň resmi pozisiýasy näbelliligine galýar, türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylyň fewralynda uruş başlanaly bäri bu barada hiç zat aýtmadylar. Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri bolup geçýän wakalary beýan etmeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG