Nikita Žurawel, deslapky tussaghanada çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň ýetginjek ogly tarapyndan ýenjilen rus syýasy tussagy, dönüklikde günäli bilnip, 13 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Wolgograd sebit kazyýeti 20 ýaşly Žuraweli 25-nji noýabrda, Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugynyň (SBU) wekiline, hamala, otly bilen daşalýan harby enjamlaryň, söweş uçarlarynyň wideo ýazgylaryny, harby gulluk ulaglarynyň hereketleriniň jikme-jikliklerini iberendigi üçin günäkär tapdy.
Žurawel ilki dogduk şäheri Wolgogradda, Gurhany otlap, bozgaklykda aýyplandy we çeçen kazyýeti ony fewral aýynda 3 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Şeýle-de, dindarlary kemsidendigi üçin, ol 300 sagat jemgyýetçilik işlerine höküm edildi.