Şu ýylyň birinji çärýeginde, Eýran senenamasyna laýyklykda 21-nji martdan 21-nji iýuna çenli aralykda Türkmenistana Eýranyň Horasan Razawi welaýatyndaky Lotfabad serhet geçelgesinden geçirilen harytlaryň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103% ýokarlandy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri eýran metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Eýranyň IRNA habar gullugynyň Lotfabad serhet geçelgesiniň başlygy Gurban Karriminiň sözlerine salgylanyp beren habarynda bu görkezijileriň nebit önümlerini öz içine almaýandygy bellenilýär.
Hasabat döwründe Türkmenistana Eýrandan 107,500 tonna ýük, 77,53 million ABŞ dollaryna deň bolan haryt getirildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 38,17 million ABŞ dollaryna barabar harydyň köp import edilendigini aňladýar.
Türkmenistanyň Eýrandan import edýän esasy harytlarynyň arasynda gurluşyk materiallary bilen birlikde azyk önümleriniň hem bardygy aýdylýar.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ýyl mundan öň ýurtda importyň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň, şol sanda gurluşyk materiallarynyň we azyk önümleriniň köp öndürilmegini, ýurtda azyk howpsuzlygynyň gazanylmagyny berk talap etdi.
Emma muňa garamazdan, beýleki ýurtlaryň gümrük edaralarynyň berýän maglumatlary Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine, şol sanda azyk önümlerine garaşlylygynyň saklanyp galýandygyny yşarat edýär.