Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jaýlara berilýän suw ‘bulançak’. Saglyk işgärleri krantdan akýan suwy içmezligi duýdurýar


Habarçymyz paýtagyň çetki sebitlerine hat-da bulançak suwuň hem kadaly akmaýandygyny aýdýar.
Habarçymyz paýtagyň çetki sebitlerine hat-da bulançak suwuň hem kadaly akmaýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda 40 gradusdan hem geçýän aşa yssy howanyň saklanmagy, ilatyň onsuz hem kadasyz suw üpjünçilik meselelerini ýitileşdirýär. Tomsuň başky günlerinden bäri, Aşgabadyň dürli etraplarynda birnäçe sagatlap, käte tutuş günläp suw bolmaýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary berilýän suwuň hiliniň hem juda ýaramazdygyny aýdýarlar. Munuň bilen bagly, maşgala lukmanlary saglyk howatyrlary sebäpli krantdan akýan suwy içmezlik barada duýduryş berýärler.

“Soňky aýdan bäri Aşgabadyň jaýlaryna gelýän suw gaty bulançak we ysly. Ony içmek beýle-de dursun, bu suwy gap-gaçlary, egin-eşikleri ýuwmaga hem ulanyp bolmaýar. Krantlarymyza özümiziň ornaşdyrýan suw filtrlerimiz ozallar ençeme aýa ýeten bolsa, häzir olar birnäçe hepdäniň içinde çökündiden dolýar we sandan çykýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri tas her gün başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Ol ýaşaýjylaryň bu mesele boýunça şäheriň degişli edaralaryna, şol sanda häkimligine hem ýüz tutandyklaryny aýtdy.

“Resmiler suwuň hiliniň juda ýaramazdygy baradaky [ýaşaýjylaryň] şikaýatlaryny doly diňlejek hem bolmaýarlar. Olar şäheriň suw arassalaýyş desgalarynyň, tomus aýlarynda agram düşýäni üçin, kadaly işläp bilmeýändigini öňe sürýärler. Resmiler ‘şu hilli suwuň berilýändigine hem minnetdar bolmagy’ maslahat berýärler” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Habarçymyz paýtagyň çetki sebitlerine hat-da bulançak suwuň hem kadaly berilmeýändigini aýdýar. Bu ýagdaýlarda adamlar içimlik suwy dükanlardan satyn alsalar, hojalyk hajatlary üçin suwy hem çüwdürimlerden ýa-da aryklardan daşaýarlar.

Suw üpjünçiliginiň kesilmegi, şol bir wagtda alternatiw üpjünçiligiň ýola goýulmazlygy we suwuň kesiljekdigi barada häkimiýetler tarapyndan öňünden habar berilmezligi şäher ýaşaýjylarynyň nägileligine getirýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň dürli künjeginde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň hem-de suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy. Munuň bilen bir wagtda, şäher ýerlerinde geçirijileri täzelemek ýa abatlamak boýunça ýygy-ýygydan gazuw işleri hem geçirilýär.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar. Paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalaryň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp kesilýär.

Habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar, turbalar bilen üpjün edilýär.

Bu aralykda, Aşgabatda maşgala lukmanlary öýme-öý aýlanyp, krantlardan akýan suwy içmezlik barada duýduryş berip başladylar. Medisina işgärleri, hususan-da çagalaryň arasynda häzir sarygetirme, içgeçme ýaly saglyk meseleleriniň köpelendigini aýdýarlar. Bular barada hökümet derejesinde, ýa-da döwletiň berk gözegçiligindäki media serişdelerinde mesele gozgalmaýar.

Türkmenistanda ilatyň agyz suw üpjünçiligindäki meseleler tutuş ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu bökdençlikler her ýylyň tomus aýlarynda, jokrama yssy günlerde has-da ýitileşýär. Içimlik suwy bilen birlikde, ýurduň dürli sebitlerinde ekerançylyk suwlary hem ýetmezçilik edýär.

Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krisiz derejesine ýetendigini mälim etdi.

Türkmen hökümeti ýurtda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatda möhüm işleriň alnyp barylýandygyny öňe sürýär we muňa bir delil hökmünde häli-şimdi geçirilýän konferensiýalary mysal getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG