Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalynyň suw üpjünçiligi 10 gün bäri dikeldilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan şu günlerde, Baýramaly etrabynyň ýaşaýjylarynyň agyz suw üpjünçiligi kesildi. Ýerli häkimiýetler ençeme gün bäri dowam edýän bökdençligiň sebäplerini düşündirmezden, ilatyň agyz suw üpjünçiligini etrapçalara suw ulaglaryny ibermek bilen ýola goýmaga çalyşýarlar. Ýöne çäkli möçberde iberilýän suw ulaglary hem, ýaşaýjylaryň talabyny ödäp bilmeýär.

“Baýramaly etrabynyň we şäheriniň ilatyna indi 10 gün bäri agyz suwy kadaly berilmeýär. Bu tomsuň yssy günlerinde adamlara, hususan-da, şäher ýaşaýjylaryna has-da ýaramaz täsir edýär. Suw ýetmezçiligi zerarly uly adamlaryň köpüsi hajathana zerurlyklary üçin daşaryk gidip, gün görmeli bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 14-nji iýunda aýtdy.

Ýerli häkimiýetler suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäbi we onuň haçan dikeldiljekdigi barada ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Ýaşaýjylaryň ençemesi ýerli suw edarasynyň we Öý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleriniň-de suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäbini düşündirmeýändigini aýdýar.

“Işgärler diňe 'bir ýerde turbanyň ýarylan bolmagynyň mümkindigini' çaklamak bilen çäklenýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Bu aralykda, häkimiýetler ilatyň suw zerurlyklaryny belli bir derejede üpjün etmek üçin köp gatly jaýlaryň ýerleşýän etrapçalaryna günde bir gezek suw ulaglaryny iberýärler. Ýöne ýüzlerçe hojalyga niýetlenen bu ulaglaryň suwy ilatyň talabyny ödäp bilmeýär.

“Tomsuň yssy günlerinde adam organizmi suwy has köp talap edýär. Şol sebäpli köp adam plastik çüýşelere gaplanan suwlary satyn almaly bolýar. Olaryň ýarym litri 2 manada durýar. Bu, köp hojalyk üçin gymmada düşýär. Adamlar suwy juda tygşytly ulanýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Oba ýerlerinde bolsa, ýaşaýjylar ýörite suw ulaglaryny çagyryp, emeli howuzlara suw guýduryp, suw zerurlyklaryny üpjün etmäge çalyşýarlar. Bu ortaça 200-300 manada barabar bolýar.

Bu usul, ykdysady kynçylyklaryň arasynda gurpdan düşen köp maşgala üçin aşa gymmat düşýär. Bu maşgalalar üç-dört hojalyk bolup, bir howza suw guýduryp, onuň tölegini we suwuny bölüşýärler.

Azatlyk agyz suw üpjünçiliginiň kesilmegi we onuň sebäpleri barada Baýramaly etrap we şäher häkimliklerinden, şeýle-de suw edaralaryndan resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda suw ýetmezçiligi ýyllarboýy problema bolmagynda galýar. Ýöne ýurtda soňky birnäçe ýyl bäri bu mesele ýitileşýär. Oba ýerlerinde ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçilik edýär, şäher ýerlerinde wagtal-wagtal suw üpjünçiligi kesilýär.

Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigini mälim etdi.

Bu aralykda, hünärmenler “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň Amyderýanyň akabasynyň ugrunda gurýan ägirt uly Koştepe kanalynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar. 2022-nji ýylyň martynda gurlup başlanan kanalyň gurluşygynyň bäş ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýanyň suwy üpjün edýär.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgasalar-da, suw üpjünçiligindäki problemalary aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG