Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

PÝGG işgäriniň öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjä töhmet atýan wideosy sosial mediada paýlaşyldy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäriniň öz pogonyny, ýagny eginligini özi ýyrtyp, sürüjiniň üstüne töhmet atýan wideosy sosial torlarda seslenme döretdi.

YouTube we TikTok sosial media saýtlarynda ýaňy-ýakynda peýda bolan wideoda polisiýa uniformasyndaky ýol gözegçiligi gullugynyň bir işgäri gara ýoluň ugrunda saklanan bir ýeňil awtomobil ulagynyň sürüjisine jerime ýazýan görnüşde görkezilýär.

Görnüşinden, sürüji barada dartgynly ýagdaýda protokol doldurýan kiçi seržant çinli polisiýa işgäri birden öz-özünden öz uniformasyndaky pogonyny söküp, sürüjiniň üstüne töhmet atyp başlaýar we “ana, pogonymy hem ýyrtdyň, beýle etmeli däl-dä” diýýär.

Öz eginligini öz eli bilen goparan polisiýa işgäri, görnüşinden, sürüjini öz pogonyny goparmakda aýyplaýar. Ýöne wakanyň bolan ýerinde düşürilen we sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgy wakanyň jikme-jikligini açyp görkezýär.

Polisiýa işgäri öz ‘sahnalaşdyrýan oýnunyň’ wideo düşürilýändigine soňundan düşünip galýar we dessine wakany wideo ýazgy edýän adamyň üstüne topulyp, kamerany aýyrmagy talap edip başlaýar.

PÝGG işgäri öz pogonyny özi ýyrtyp, sürüjä töhmet atýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:33 0:00

Wakanyň anyk haçan we nirede bolup geçendigi barada maglumat ýok, ýöne wideo sosial ulgamlarda 3-nji iýunda giňden paýlaşylyp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy polisiýa işgäriniň Lebap welaýatyndaky Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgäri bolandygyny habar berýär. Wideo düşürilen ulaglarda hem Lebap (LB) döwlet belgisini görmek bolýar.

Wideodan görnüşine görä, polisiýa işgärleri gara ýoluň ugrunda iki sany ýeňil awtoulagy saklapdyr. Wideoda başga-da birnäçe adamyň sesini eşitmek bolýar.

Ýol gözegçiligi gullugynyň işgäriniň atýan töhmetlerine we sahnalaşdyrýan oýnuna geň galan wideonyň awtory “saňa zat diýen adam barmy!?” diýip, eginligini ýyrtan polisiýa işgärine ýüzlenýär. Ol hem “garaş häzir” diýip, protokol doldurmagy dowam etdirýär.

Ýöne polisiýa işgäri sähel salym soň, gaýtadan batlanyp wideonyň awtorynyň üstüne sürünip, “pogony ýyrtdyň dälmi, aýyr indi telefony” diýip, wideo ýazgyny bes etmegi talap edip başlaýar.

Türkmenistanyň Ýol gözegçiligi gullugy ýurduň çäginde köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak, ýollarda düzgün-tertibi ýola goýmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly jogapkärçilikleri öz üstüne alýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýol polisiýasynyň dürli bahanalar bilen sürüjilerden jerime ýygnamak işleri bilen meşgul bolýandyklaryny, olaryň ýol kenarlarynda kä bukulyp, kä ýoluň üstünde awtoulag awlamak bilen meşgul bolýandyklaryny habar berip gelýärler.

YouTube ulgamynda paýlaşylan wideonyň aşagynda galdyran teswirlerinde ulanyjylar polisiýanyň hereketini, onuň göz-görtele sürüjä töhmet atyşyny, öz eginligini özi ýyrtyp, sürüjini aýyplamagyny ýazgarýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bu wakanyň sosial ulgamlarda paýlaşylýan wideodan habarly ýaşaýjylaryň arasynda giň seslenme döredendigini habar berýär.

Wideony gören adamlaryň birnäçesi şeýle wakalaryň wideo ýazgy edilip, Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň web sahypalarynda paýlaşylmagyny özleriniň goldaýandyklaryny aýdýarlar.

“Sürüji bolan wakany wideo düşürip ýetişmedik bolsa, ýa-da sosial ulgamlarda paýlaşmadyk bolanda, töhmet bilen tussag edilerdi, ýa-da awtoulagyny we beýleki gymmatly emläklerini satyp, para bilen halas bolmaly bolardy” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýdýar.

“Bular [häkimiýetler] nähak ýerden günäsiz adamlary hem günäkär edip bilýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi Mary welaýatynda polisiýa işgärleriniň käbir adamlara ýersiz-ýere töhmet atmak, olara 'duzak gurmak', bu işlerde beýleki käbir raýatlaryň, şol sanda aýal-gyzlaryň ‘ýardamlaryndan’ peýdalanmak ‘pişelerine’ baş goşýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary ýurtda kabul edilýän kanunlary ýerine ýetirmek, jemgyýetde tertip-düzgüni saklamak ýaly wezipeler bilen borçlanýar.

Ýöne ýerli synçylar Türkmenistanda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň hut özleriniň kada-kanunlary bozýan halatlarynyň köp bolýandygyny, olaryň raýatlary gorkuzmak ýa-da olardan para-peşgeş almak maksady bilen, adamlara ýersiz-ýere günä ýöňkemek, 'töhmet atmak' we olara 'duzak gurmak' ýaly etmişlere baş goşýandyklaryny, şeýle ýagdaýlara sezewar bolan raýatlaryň bolsa özlerini aklamak mümkinçilikleriniň ýokdugyny ýa-da çäkli galýandygyny aýdýarlar.

Konstitusiýada kanunyň hökmürowanlygy kepillendirilýär, ýöne ýerli ýaşaýjylar kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bikanun hereketlerinden ýadaýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda ýol ugrunda düşürilen wideo boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG