Gazagystanda syýasy aktiwistleriň yzarlanmagy güýçlenýär diýip, geçen hepde Günbatar mediasy ýazdy. Metbugat Hytaýyň Merkezi Aziýada Russiýany gysyp, "howpsuzlygyň kepili" bolmak üçin edýän işjeň hereketlerine-de ünsi çekýär. Neşirlerde Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan Sowet Soýuzynyň dargamagyndan dörän bäş ýurduň Pekiniň "duzagyna" düşmek meselesi hem derňelýär.
ASTANA NÄME ÜÇIN YZARLAMALARY GÜÝÇLENDIRÝÄR?
Iňlis dilindäki Eurasianet saýty "täze Gazagystanda" Tokaýewiň syýasy aktiwistleri yzarlamagy dowam edýändigini, olara jerime salynýandygyny we tussaglykda oturmaga sezewar edýändigini ýazýar.
Eurasianet mart aýyndaky Gazagystanda geçen saýlawlaryň netijelerine salgylanyp, Mejlise geçip bilmedik beýleki garaşsyz kandidatlar bilen birlikde, Inga Imanbaý bilen bolan wakany agzaýar. Ol aprel aýynda ses sanalyşygynyň resmi netijeleri bilen ylalaşman döredilen "halk parlamentiniň" maslahatyna gatnaşdy. Bir aý geçensoň, Inga Imanbaý administratiw jogapkärçilige çekilip, oňa 172 müň tenge jerime salyndy. "Adatça bolşy ýaly, polisiýa maňa mitinge gatnaşanym üçin däl-de, eýsem ýapyk duşuşykda adam hukuklary temasy boýunça çykyş edenim üçin jerime saldy" diýip, Imanbaý aýtdy.
Neşirde şeýle yzarlanmalardan ýene-de birnäçe ýagdaý beýan edilýär. Garaşsyz žurnalist Lukpan Ahmedýarow, aktiwist Muhtar Taýžan hem-de Mejlisiň öňki deputaty Nuržan Altaýew hem geçen saýlawlaryň netijelerine garşy geçirilen hereketlere gatnaşandygy üçin, 15 günläp tussag astyna alnypdy, sebäbi oňa häkimiýetler rugsat bermändi. Maý aýynyň başynda "Oýan, Gazagystan" graždan hereketiniñ agzalary Darhan Şaripow bilen Wlade Ýermolçewa hem geçen ýylyň noýabrynda, Gazagystanyň prezidentlik saýlawlarynyň güni mynasybetli protest üçin, 15 günlük tussag edildi. Olary "parahatçylykly ýygnaklary geçirmegiň tertibini bozmakda" aýypladylar. Ýöne näme üçin şol mitingden alty aý geçensoň olaryň tussag edilendigi anyk däl.
Aprel aýynda Almaty şäher kazyýeti Gazagystanyň hasaba alynmadyk Demokratik partiýasynyň lideri Žanbolat Mamaýy ýanwardaky [2022-nji ýyl] wakalar mahalynda "köpçülikleýin gozgalaňlary gurnamakda" we "bilgeşleýin ýalan maglumatlary ýaýratmakda" aýyplap, şertli ýagdaýda alty ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Syýasy bilermen we "Töwekgelçilik çäkleri toparynyň" başlygy Dosym Satpaýew repressiw çäreleriň artmagyny "Tokaýewiň jemgyýetiň köp gatlagynyň arasynda abraýynyň peselmegi we häkimiýeti ýitirmek gorkusy barada alada edýändigine" alamat hökmünde garaýar.
Satpaýew: «Bu gorky Tokaýewiň ilatdan gaty giň goldaw alýandygyna garamazdan, Ýanwar [2022-nji ýyl] wakalaryndan soň güýçlendi» diýen sözlerini Eurasianet mysal getirýär.
Satpaýewiň pikirine görä, Tokaýewiň töweregini gurşaýan topar täze syýasatçylaryň we aktiwistleriň jemgyýetçilik pikirini ykdysady-sosial meselelere üýtgedip bilerler diýip hasaplaýarlar. Şoňa görä-de, prezidentiň töweregindäkiler üçin iň gowy usul "olary çetleşdirip, maglumat giňişliginde häkimiýetdäki partiýanyň ündewini alyp barmak”. Eger-de durmuş şertleri gowulanmasa, onda halk häkimiýetlere basyş edip başlar hem näme üçin inflýasiýa meselesiniň çözülmeýändigi barada sorag goýarlar.
«Biz muny öň başdan geçirdik. Hatda syýasat bilen hiç wagt gyzyklanmadyk adamlar hem öz nägileligini bildirip başladylar. Ilki aşhanada, soňra köçä çykarlar» diýip, syýasy bilermen sözüni jemleýär.
MERKEZI AZIÝANYŇ HYTAÝ BILEN HYZMATDAŞLYGY: DUZAGA DÜŞMEK TÖWEKGELÇILIGI
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri Hytaýyň özüne ýakynlaşmak üçin edýän tutanýerli tagallalarynyň netijesinde, "duzaga düşüp bilerler" diýip, barlagçy Niwa Ýau Amerikan merkeziniň Atlantic Council web-saýtyndaky makalasynda aýdýar. Awtoryň pikirine görä, onlarça ýyl bäri hiç bir güýçli lideri ileri tutman, aramlyk saklap gelýän sebitiň Hytaýa has köp bagly bolup galmagy ähtimal.
Atlantic Council web-saýtynda Niwa Ýaunyň aýtmagyna görä, golaýda geçen «Hytaý – Merkezi Aziýa» sammitinde Hytaýyň lideri Si Jinping sebit ýolbaşçylaryny Pekine polýarlaşmak dünýäsinde bil baglap bolýandygyna ynandyrjak boldy.
Merkezi Aziýanyň beýleki daşary ýurtly oýunçylar bilen hyzmatdaşlyk ukyby kemelen ýagdaýynda, Hytaý özüniň tabyn ediş kampaniýasyny güýçlendirýär diýip, awtor hasaplaýar. Russiýa Ukrainadaky urşa batdy, ABŞ Owganystandan goşunlaryny çykarandan soň, ol sebite ünsüni azaltdy. Türkiýäniň, Hindistanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň sebit bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky programmalaryny Hytaýyň işjeňligi bilen deňeşdirip bolmaýar.
Barlagçynyň pikirine görä, Hytaý "sebitiň häkimiýet praktikasyna aňsatlyk bilen uýgunlaşýan öz awtoritar dolandyryş usulyny eksport edýär". Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky häkimiýetler graždan jemgyýetini basyp ýatyrýar, žurnalistleri tussag edýär we aktiwistleri yzarlaýar, bu usullar bolsa Hytaýda üstünlikli synag edilipdi.
«Merkezi Aziýanyň islendik uly güýjüň agalyk etmeginiň öňüni almak islegine garamazdan, "köpugurly" çemeleşmäni iş ýüzünde durmuşa geçirmek kyn boldy, sebäbi Hytaýyň sebitdäki amaly we işjeňligi çalt depginler bilen artdy" diýip, Niwa Ýau ýazýar.
Sebitiň ýolbaşçylary öz halkyna ýurduň deňze çykmaga mümkinçiliginiň ýoklugy we umumy serhediň barlygy sebäpli, Pekin bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyň zerurlygyny düşündirýärler. Pekiniň Sinjiangdaky türki halklary yzarlamagy sebitiň liderlerini Hytaýdan daşlaşdyrmady. Hünärmenler Merkezi Aziýanyň äpet uly goňşusy bilen ýakyn gatnaşyklary saklamakdan başga ýolunyň ýokdugyny aýdýarlar diýip, bilermen belleýär.
Pekin iru-giç sebitde çendenaşa işjeň diplomatiýadan ýüz öwrer diýip, Niwa Ýau çaklaýar. Munuň bir sebäbi dekolonizasiýa prosesi we milli özboluşlygy yzarlamak bolup durýar. Bu proses Russiýanyň Ukraina çozup girmeginden bäri sebitde has-da güýçlenýär. Bilermeniň pikirine görä, Türkiýe taryhy gatnaşyklar, umumy dil we medeniýet taýdan, Merkezi Aziýa ýakyn oýunçydyr. Türkiýäniň ýolbaşçylygyndaky türki döwletleriň guramasy türki milli aýratynlygy dikeltmek we Russiýa bilen Hytaýyň täsirini azaltmak isleýän Merkezi Aziýa üçin, möhüm wektora öwrülip biler diýip, awtor netijä gelýär.
PEKIN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ HOWPSUZLYK ÝAGDAÝLARYNYŇ KEPILLENDIRIJISI BOLMAGA SYNANYŞÝARMY?
Daşary syýasat barlaglary baradaky Amerikan institutynyň barlagçysy Stiwen Blank Jamestown Foundation web-saýtynda çap eden makalasynda, Merkezi Aziýada Hytaýyň Russiýany gysýandygyna ynanýandygyny aýdýar. Moskwanyň bu sebitdäki täsiri Ukraina çozup girmegi bilen gowşady diýip, awtor belleýär. Orsýet Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderlerine täsir etmek ukybyny ýitirmese-de, onuň başarnyklary has daraldy diýip, Blank hasap edýär. Onuň pikirine görä, Sianda geçirilen «Hytaý – Merkezi Aziýa» sammitinde Pekin ol boşlugy doldurýandygyny görkezdi.
Sammit Pekine sebit bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi. Hytaý «Bir guşaklyk – bir ýol» taslamasynyň çäklerinde, duralgalaryň – portlaryň, demir ýollaryň we geçiriji ulgamlaryň infrastrukturasyny ösdürmek üçin, Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,68 milliard dollarlyk maýa goýmagy wada berdi.
Blankyň pikirine görä, munuň arkasynda Pekiniň Moskwanyň ýerine sebitde "howpsuzlygyň esasy kepillendirijisi" bolmak islegi bar. Si Jinping öz çykyşynda: "Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özygtyýarlygyna, garaşsyzlygyna, howpsuzlygyna we territorial bitewiligine hormat goýmak zerurdyr" diýdi. Bu bolsa makalanyň awtorynyň aýtmagyna görä, Gazagystanyň territorial bitewüligi barada jedelli beýanatlar berýän we respublikanyň demirgazyk sebitlerini, belki-de, özüne birleşdirmek barada metbugatda gürrüň gozgaýan rus syýasatçylaryna "gytaklaýyn, ýöne aýdyň" zarba bolmaly.
Şeýle-de, Si Jinping Merkezi Aziýanyň güýç ulanyjy edaralaryň mümkinçiliklerini berkitmäge-de, Hytaýyň kömek etmäge taýýardygyny aýtdy. Munuň Pekiniň Moskwany gysmak niýetini aýdyň görkezýändigini Blank ýazýar.
Ýöne Hytaýyň öz maksatlaryna ýetjekdigine hiç hili güwälik ýok diýip, ekspert dowam edýär. Sebitde «Bir guşaklyk – bir ýol» programmasyna esasan, negatiw garaýyşlar bar. Ondan başga-da 5 "stan" Hytaýyň puluna bagly bolmagy däl-de, öz hökümdarlygyny we garaşsyzlygyny saklamaga has gyzyklanýar.
Eger-de Orsýetiň gowşamagy bilen döreýän boşluga Günbatar üns bermese, Hytaý bäsdeşlerini gysyp, sebitde ýeke-täk oýunçy bolup biler. Pekin emele gelen mümkinçilikden peýdalanyp, bäsdeşlerini çetleşdirmek isleýär. «Megerem, bu bäsleşikde iň soňky göçüm bolmaz. Elbetde, Russiýa imperiýasynyň harabaçylygyndaky boşlukda, Hytaý imperiýasynyň döremegini Günbatar islemeýär» diýip, Blank ýazýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum