Lebap welaýatynyň käbir etraplaryndaky daýhan birleşiklerinde iş orunlary kemeldilip başlandy. Munuň netijesinde onlarça hünärmen işini ýitirdi. Şeýle-de, daýhan birleşikleriniň başlyklary 1-3 gektar aralygynda ýer bölegi berlen kärendeçileriň ýer bölekleriniň yzyna alynjakdygyny hem duýdurýarlar.
"Daýhan birleşiklerinde tabşyrylýan hasyly hasaplamak üçin hasapçynyň, oba hojalyk tehnikalaryna ýangyç guýup bermek üçin ýangyç guýujy operatoryň, arçynlygy goramak üçin garawulyň işde galmagy zerur. Muňa garamazdan, her bir arçynlykdaky işgärleriň 70%-i işden boşadyldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Halaç, Saýat we Hojambaz etraplaryndaky daýhan birleşiklerinde işini ýitiren işgärleriň arasynda aklawçylaryň, tehniki howpsuzlyk işgärleriniň, ammarçylaryň, hasapçylaryň onlarçasy bar.
Daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary iş orunlarynyň kemeldilmeginiň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermän, bu barada ýörite buýrugyň gelip gowşandygyny aýtmak bilen çäklenýärler.
"Olar işgärlere Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ugradylan buýrugy görkezdiler" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu barada agzalýan ministrlikden we etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Lebabyň döwlet edaralarynda iş orunlarynyň kemeldilýändigi barada soňky gezek geçen ýylyň noýabrynda maglumatlar peýda bolupdy. Şonda Farap etrabynyň jemagat hyzmatlarynyň, bilim bölümleriniň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň bölümleriniň we etrap häkimliginiň ençeme işgäriniň işden boşadylýandygy aýdylypdy. Bu çäräniň ýurtdaky territorial dolandyryş özgertmeleri bilen baglanyşyklydygy hem bellenipdi.
Bu aralykda, Lebapda iş orunlarynyň ýiti kemeldilmeginden başga-da, daýhan birleşikleriniň başlyklary 1-3 gektar aralygynda ýer bölegi berlen kärendeçi daýhanlaryň ýer bölekleriniň yzyna alynjakdygyny hem duýdurýarlar.
"Indi her bir kärendeçiniň ýer bölegi 10 gektardan az bolmaly däl edilipdir. Şol sebäpli 1, 2, 3 gektar ýeri bolan kärendeçilere ýer bölekleriniň elinden alynjakdygy duýduryldy. Meselem, 2022-nji ýylda bäş kärendeçiniň her birinde 2 gektar ýer bölegii bardy. 2023-nji ýylda bäş kärendeçiniň bir sanysyna 10 gektar ýer bölegi berilýär, galan dört kärendeçi ýersiz, işsiz we girdejisiz galýar" diýip, çeşmämiz belledi.
Bu duýduryşyň haçan durmuşa geçiriljekdigi barada häzirlikçe anyk bir zat aýdylmaýar. Ýöne häzirki wagtda Halaçda, Saýatda we Hojambazda köp kärendeçi arçynlyklara baryp, häkimiýetleriň bu kararyna nägilelik bildirýär.
"Arçynlar kärendeçileri buýruk bilen tanyşdyrýarlar we öz ellerinden başga hiç zadyň gelmeýändigini aýdýarlar" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Bellesek, bu waka Türkmenistanda ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugynyň özara ylalaşyk esasynda bes edilmegi hakynda buýruga gol çekilmeginden bir aý çemesi soňa gabat geldi.
Dekabryň ahyrynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz buýrugyň yz ýany, sebitde käbir daýhan hojalyklaryň ýerleriniň ellerinden alnyp, döwlet edara-kärhanalaryna berlip başlanandygyny habar berdiler.
Häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri resmi kararlar we buýruklar barada habar berseler-de, olaryň durmuşa geçirilişi, ýurt raýatlaryna, şol sanda daýhanlara ýetirýän täsirleri barada maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum