Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Lebap welaýatynda öýlerindäki goş-golamlaryny satuwa çykarýan raýatlar köpelýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy muňa welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde barha artýan bildirişleriň şaýatlyk edýändigini aýdýar.
"Ýaşaýjylar goş-golamlaryny bildirişler arkaly satýarlar. Olar ýörite bannerlere ýazylan bildirişleri jaýlaryň girelgelerine, köçeleriň gyralaryndaky elektrik diňlere ýelmäp gidýärler. Bildirişlerde haly, oturgyç, stol, elektrik enjamlar, gap-gaçlar ýaly köne öý goşlarynyň satylýandygy aýdylyp, habarlaşmak üçin telefon belgisi görkezilýär" diýip, habarçymyz belledi.
Onuň sözlerine görä, bu raýatlar harytlaryň hyrydarlaryny öýlerine çagyrýarlar. Olar özleriniň ulanýan harytlaryny näme üçin satuwa çykarýandyklarynyň sebäplerini 'hojalyklarynyň halys gurpdan düşendigi' bilen düşündirýärler.
"Bu raýatlaryň öýüne baranyňda, olaryň gün görmek, gündelik çöregi satyn almak üçin öý goşlarynyň ýarysyny satuwa çykarandygyny görse bolýar" diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Mundan ozal Azatlyk Türkmenistanda ilatyň öz gapysyndaky mallaryny, şahsy ulaglaryny, altyn şaý-seplerini, öýlerindäki goş-golamlaryny “deger-degmez” bahadan satýandygy barada ençeme gezek habar berdi. Soňky ýyllarda şeýle habarlar has-da ýygjamlaşdy.
Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz Türkmenabadyň Ikinji etrapçasynda ýerleşýän, köne harytlaryň satylýan bazaryň ilat arasynda barha meşhurlyk gazanýandygyny aýdýar.
"Bazarda öň geýlen egin-eşikler, köne aksesuarlar, elektropeçler, gap-gaçlar satylýar. Ýerli ýaşaýjylar çagalarynyň ýa özleriniň köne eginbaşlaryny getirip, bazardaky söwdegärlere tabşyrýarlar. Käbir ýaşaýjylar öý goşlaryny satýarlar. Bazaryň esasy alyjylary welaýatyň etraplaryndan gelýän ýaşaýjylar bolup, olar köne harytlary satyn alyp, öýlerine äkidýärler we ol ýerde ýuwup, ütükläp, etrap we oba ýaşaýjylaryna satýarlar" diýip, habarçy soňky aýlarda bazarda hem alyjynyň, hem-de satyjynyň köpelendigini belledi.
Onuň sözlerine görä, mundan ozalky ýyllarda ýaşaýjylar köne harytlary satmaga ýa-da olary satyn alamaga o diýen ýykgyn etmeýärdi. Ýöne ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän ykdysady krizisiň netijeleri, ilatyň käbir bölegini öz ulanan harytlaryny ujypsyz bolsa-da maliýe serişdesine öwürmäge, beýleki bir bölegini bolsa köne harytlary satyn almaga iterýär.
"Häzir bir maşgalada azyndan dört-bäş adam bar. Olar iň bolmanda atymlyk çaý, köke, mesge, ösümlik ýag, makaron, un, şeker, towuk ýa mal etini satyn almaly. Häzir atymlyk çaýyň bir kilogramy 90 manat, kökeler 70-80 manat, un 13 manat, ösümlik ýagy 33 manat, towuk eti 22 manat bahalanýar. Diňe şulary satyn almak üçin 250 manat gidýär. Göz öňüne getiriň, bir aýyň dowamynda bulardan näçe gezek satyn almaly. Şeýle-de, sabyn we şampun ýaly senagat harytlaryny hem almaly. Häzir köp adamyň alýan aýlygy bolsa, 1250-2500 manat aralygynda üýtgeýär" diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Türkmen hökümeti ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklary, giň ýaýran işsizligi we munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini aç-açan boýun almaýar. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri "ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygy" baradaky reportažlary görkezýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum