Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermek bilen bagly ‘täze taslamalary’ teklip edýär


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin duşuşýar. Sian şäheri, Hytaý. 19-njy maý, 2023 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň prezidenti Si Szinpin duşuşýar. Sian şäheri, Hytaý. 19-njy maý, 2023 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy maýda “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitinde eden çykyşynda türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

“Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatda biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam edip bilerdik” diýip, TDH prezident Berdimuhamedowyň sözlerini getirdi.

Türkmen lideri ýangyç energetika pudagynyň Merkez Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolandygyny aýtdy.

Hytaý häzirki wagtda tebigy gaz serişdelerine baý Türkmenistanyň iň esasy müşderisi bolup durýar.

Türkmen prezidenti ýurduň tebigy gaz serişdelerini hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly “täze taslamalary” aýdyňlaşdyrmady. Türkmenistan häzirki wagtda Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň işe girizilmegi babatda hytaý hyzmatdaşlygyna bil baglaýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy barlag guramasynyň bilermeni Jon Roberts 19-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türkmen prezidentiniň teklibini seljerdi:

“Prezident [Serdar Berdimuhamedow ‘täze taslamalar’ diýmek bilen] tas ikuçsyz diýen ýaly [Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň] dördünji şahasyny göz öňünde tutýar. Sebäbi, düýn [18-nji maýda] “Bitarap Türkmenistan” döwlet gazeti Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işlerini çaltlandyrýandygyny hem-de çykarylan önümiň, sitata, “Özbegistan – Täjigistan – Gyrgyzystan ugry boýunça gurulýan täze gaz geçirijiniň üsti bilen” Hytaýa iberiljekdigini aýtdy. Bu bolsa, [Türkmenistan – Hytaý] gaz geçirijisiniň D liniýasy, ýagny Transaziýa gaz geçiriji ulgamynyň dördünji şahasy bolup durýar” diýip, bilermen aýtdy.

Ýöne energetika howpsuzlygy boýunça bilermeniň pikiriçe, hytaý ugry boýunça täze taslama arkaly iberilmegi göz öňünde tutulýan gazyň möçberi gümürtik galýar.

Hytaýyň 2022-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistandan 23,03 million tona tebigy gaz import edendigi çaklanýar. Media maglumatlaryna görä, 11 aýda gaz geçiriji arkaly Türkmenistandan import edilen tebigy gazyň bahasy 9,28 milliard dollara barabar boldy.

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň häzirki ýyllyk kuwwaty 55 milliard kub metre deň bolup, Türkmenistan hytaý ugry boýunça gaz geçirijiniň umumy kuwwatyny ýyllyk 85 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Ýöne Jon Robertsiň pikirine görä, Türkmenistanyň Hytaýa ibermegi göz öňünde tutýan gazynyň möçberiniň diňe bir gaz geçirijiniň kuwwatyna däl, eýsem, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “Galkynyş” gaz ýatagynyň öz bölegindäki serişdelerini çykarmak mümkinçiliklerine we islegine-de bagly bolup durýar.

Türkmenistan gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurluşygyna we işe girizilmegine gyzyklanma bildirip gelýär. Ýöne energetika howpsuzlygy boýunça britaniýaly bilermen täze taslamanyň amala aşyrylmagynyň esasan Hytaýyň gyzyklanmalaryna bagly bolup durýandygyny aýtdy.

“Dördünji liniýanyň gurluşygynyň tamamlanmagy, meniň pikirimçe, diňe Hytaýyň gyzyklanmalaryna garaşly bolup durýar. Hytaýlylar şu wagta çenli gaz geçirijiniň täze şahasynyň gurluşygynyň tamamlanmagyna gyzyklanma bildirmän gelýärler” diýip, ekspert aýtdy.

Şeýle-de, bilermeniň pikiriçe, Türkmenistandan hytaý ugry boýunça iberilýän gazyň möçberiniň artdyrylmagy “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegini öz üstüne alan CNPC kompaniýasynyň işiniň netijeliligine bagly bolup durýar.

“Gürrüň ‘Galkynyş’ gaz käniniň özleşdirilmegi hem-de Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy barada barýar. Meniň pikirimçe, bu taslamalar amala aşar, ýöne olaryň haçan amala aşyryljagy belli däl” diýip, bilermen aýtdy.

Türkmenistan tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Muňa garamazdan, türkmen hökümeti ýurduň ýangyç serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaýar. Şeýle-de, häkimiýetler uglewodorod serişdeleriniň eksportyndan gelýän girdejileri ýurduň ilatyna deň we adyl paýlamazlykda tankyt edilýär.

Bu aralykda, türkmen hökümeti ýurduň ýangyç desgalaryndan syzyp çykýan zyýanly metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça anyk teklipler we başlangyçlar bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG