Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji maýda Merkezi Aziýa – Hytaý sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa bardy.
Hytaýyň taryhy Sian şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlary we Hytaýyň lideri Si Szinpin anna güni “dostluk wadalaryny berkitmek üçin” ilkinji gezek altyly topar formatynda pete-pet duşuşyk geçirýärler.
Hytaýyň Daşary işler ministrligine görä, sammitde hytaý lideriniň “möhüm” söz sözlemegine garaşylýar we “möhüm” bir syýasy resminama hem gol çekilmegine garaşylýar.
Media maglumatlaryna görä, duşuşygyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa liderleri Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýärler.
Sammite gatnaşmak üçin, Hytaýa ilkinji bolup, 17-nji maýda Merkezi Aziýa liderlerinden Emomali Rahmon bardy. Si Szinpin sebit liderlerinden ilkinji bolup, ikitaraplaýyn formatda, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, soňra Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
"Biziň umumy maksadymyz bar, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmekden ybarat" diýip, Tokaýew Si bilen geçiren ikiçäk duşuşygynda aýtdy.
Hytaýyň daşary ýurtlardan import edýän gazynyň tas 40 göterimini üpjün edýän Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammite sebit liderleriniň arasynda iň soňkusy bolup bardy.
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä, Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Si Szinpin bilen, ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynda, ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi, şeýle-de, gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Sebitde ykdysady we syýasy täsirini barha artdyrýan Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň dowamynda 70 milliard dollara barabar boldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 11,2 milliard dollara barabar boldy.
Hytaý Türkmenistanyň iň esasy tebigy gaz müşderisi bolup, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijileri Hytaýyň maliýe serişdeleriniň hasabyna guruldy, şeýle-de Hytaý Türkmenistanyň dünýädäki iň iri ikinji gaz känini, “Galkynyş” gaz ýatagyny öz maliýe serişdeleriniň hasabyna özleşdirdi we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy Türkmenistanyň gaz ýataklaryndan Önümi paýlaşmak şertnamasy esasynda gaz çykarmaga hukugy bolan ýeke-täk daşary ýurt kompaniýasy bolup durýar.
Türkmenistan Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de, türkmen hökümeti Hytaýyň daşary ýurt hyzmatdaşlaryndan tutanýerli talap edýän “Bir Hytaý” syýasatyny doly goldaýar.
Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylyň iýunynda özüniň Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin, hem-de “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek üçin “Hytaýyň Döwlet ösüş bankyndan” alan ähli karzlaryny üzendigini yglan etdi.
Türkmenistan 2009-njy ýyldan bäri Hytaýa tebigy gaz eksport edýär.
Türkmen hökümeti Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan respublikalarynyň üstünden çekiljek Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurulmagy we işe girizilmegi babatda hytaý hyzmatdaşlygyna bil baglaýar. Bu gaz geçiriji işe girizilen halatynda Türkmenistanyň ýyllyk tebigy gaz eksport kuwwatynyň 30 milliard kub metr töweregi ýokarlanmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow mundan ozal 5-6-njy ýanwarda Hytaýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Biraz öň, türkmen lideri 2022-nji ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde Si Szinpin bilen ikiçäk duşuşdy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda wezipeden çekilmek niýetini äşgär etmeginiň öň ýany, özüniň prezident wezipesindäki iň soňky daşary ýurt saparyny 2022-nji ýylyň 3-5-nji fewral aralygynda Hytaý halk respublikasyna amala aşyrdy.
Merkezi Aziýa – Hytaý liderleriniň sammiti mundan ozal koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn görnüşde geçirildi.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Hytaý meseleleri boýunça bilermeni Rid Stendiş Merkezi Aziýa – Hytaý sammiti barada çap eden makalasynda sammitiň hem praktiki jähetden, iş ýüzünde, hem-de simwoliki jähetden aýratyn ähmiýete eýedigini aýtdy.
Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri, ilkinji gezek hytaý lideri Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisiniň döwlet baştutanlaryny bir wagtda kabul edýär.
Stendiş sammitde esasy ünsüň sebit infrastrukturasyny ösdürmäge we sebitde aragatnaşygy ýokarlandyrmaga gönükdiriljekdigini aýdýar.
Merkezi Aziýa – Hytaý liderleriniň ilkinji pete-pet duşuşygy Ukrainada harby çozuşy amala aşyrýan Russiýanyň täsir giňişligine girýän sebit ýurtlarynyň täze hyzmatdaşlyklara ymtylýan döwri geçirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum