Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň Toý mekanlarynda türkmen milli aýdym-sazlaryny eşitdirmek talap edilýär


Toý mekanyndaky durmuş toýundan bir pursat (arhiw suraty)
Toý mekanyndaky durmuş toýundan bir pursat (arhiw suraty)

Türkmenistanda etiki azlyklaryň hem kowçum bolup ýaşaýan gündogar Lebap sebitinde Toý mekanlaryndaky durmuş toýlarynda aglaba türkmen milli aýdym-sazlaryny eşitdirmek talap edilip başlandy. Habarçymyzyň ýerli söhbetdeşleri muny Özbegistan bilen serhetleşýän sebitdäki häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çägindäki nobatdaky gadagançylyk bolandygyny aýdýarlar.

“[Welaýatyň merkezi] Türkmenabat şäheriniň Toý mekanlarynda çykyş etjek bagşylardan indi diňe döwlet tarapyndan talap edilýän, ýagny türkmen milli aýdym-sazlary ýerine ýetirmek soralýar. Bu häzirlikçe toý açylandan soňra eşitdiriljek ilkinji üç saz eserine degişli. Bu barada Toý mekanlarynyň eýelerine dil üsti bilen duýdurylýar” diýip, bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerinden habarly ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Häkimiýetleriň düşündiriş bermezden öňe sürýän soňky aýdym-saz talaby, hususanda sebitde köplük bolup ýaşaýan etniki özbekleriň baýramçylyk dabaralaryna oňaýsyz täsir ýetirýär.

“Welaýatyň köp sebitinde entegem öz milli medeniýetini, däp-dessurlaryny berjaý edýän, aýdym-sazlaryny diňleýän, galyberse-de goňşy Özbegistanyň teleýaýlymlaryna tomaşa edýän etniki özbekler köp. Türkmenabat, Çärjew etraplarynyň Toý mekanlarynda adatça esasan özbek aýdym-sazlary aýtdyrylýardy. Indi bolsa, Toý mekanlarynyň eýeleri toýuň senesi ylalaşylanda, birinjilik bilen aýdymçynyň kimdigini soraýarlar, we onuň mili türkmen aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmeli boljakdygyny duýdurýarlar. Olar bu talap berjaý edilmese, onda toý zalyny kirýine berip bilmejegini aýdýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren ýaşaýjy habarçymyza aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mümkin çykalga hökmünde Toý mekan eýeleri özleri aýdymçylary çagyrmagy teklip edýärler. Käbir ýaşaýjylar bolsa welaýatyň Saýat, Garabekewül, Kerki sebitlerinde dagy ýaşaýan milli türkmen aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylary hakyna tutup başladylar.

Lebabyň häkimliginden bu soňky talap barada maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Ýöne habarçylarymyzyň söhbetdeşleri muny häkimiýetleriň eýýäm ençeme ýyldan bäri alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çägindäki nobatdaky gadagançylyk bolandygyny belleýärler.

Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda pasport almakdaky bökdençlikleri, işe we okuwa girmekdäki meseleleri barada dowamly habar berip gelýärler.

Dünýäniň iň bir repressiw türkmen režiminiň 30 ýyldan hem aşa wagt bäri alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurtdaky diasporalary diňe bir medeni gurama hökmünde hasaba almazlyk bilen birlikde, bu gün olary türkmen milli egin-eşigini geýmeklige we dokumentlerinde milletini "türkmen" ýazdyrmaga mejbur etmeklige getirdi. Ýurtda milli azlyklaryň öz dilinde bilim berýän okuw jaýlary, galyberse-de metbugaty ýok.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň çägindäki milli azlyklaryň sany barada takyk maglumat tapmak mümkin däl. 1995-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda ýurduň umumy ilatynyň 9,2 göterimini etniki özbekleriň emele getirýändigi aýdylypdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda milli azlyklaryň hak-hukuklaryny gorap çykyş edýänler hem basyşlara sezewar edilýär. Türkmenistandaky buluç azlygynyň hukuklaryny goramakda tanalýan Mansur Mingelow, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä öz alyp baran jemgyýetçilik işi üçin ar almak maksady bilen toslanan aýyplamalar esasynda, 2012-nji ýylda 22 ýyl türme möhletine höküm edilipdi.

Türkmenistanyň hökümeti, şol sanda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça ýokary komissary bilen geçirýän duşuşyklarynda hem, “jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklarynyň goraglylygynyň we durmuşa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini” öňe sürýär.

Emma milli azlyklaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olary köpçülikleýin ýagdaýda ýaşap oturan ýurduny hemişelik terk etmäge itekleýän sebäpleri barada açyk gürrüň edilmeýär.

"Şatlykdan bogazym doldy". Türkmenistandan gelen gazaklar öz topraklaryna aýak basdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:25 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG