Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda döwlet baştutanlarynyň gadymy Sian şäherinde geçirilýän birinji sammitinde çykyş edip, Türkmenistandan Hytaýa gaz ibermek boýunça täze taslamalary teklip etdi.
Ýangyç-energetika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, «Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisi bu ugurdaky anyk hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysalydyr diýip, türkmen prezidenti aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara almak bilen, taraplar gyzyklanan halatynda, biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak işlerini hem dowam edip bilerdik” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.
Ol Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny hem giňeltmäge taýýardygyny belledi.