Şu gün prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň arasynda, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda, ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi.
Döwlet baştutanlary halkara düzümlerindäki özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegini, söwda-ykdysady, energetika, ulag, maýa goýum ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki lideriň Sian şäherinde geçirilen gepleşiklerinden soň, döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy boýunça möhüm resminamalara gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Hususan-da gümrük edaralarynyň özära düşünişmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, syýasy partiýalaryň arasyndaky geňeşmeler baradaky ylalaşyklara gol çekildi.
Bu ylalaşyklar türkmen lideriniň şu ýylyň ýanwar aýynda Pekine eden döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalar toplumynyň üstüni ýetirer diýip, habarda bellenýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerinden kanagatlanma bildirip, taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow Hytaýa 18-nji maýda, Sian şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin bardy.
Bu türkmen prezidentiniň şu ýylda Hytaýa edýän ikinji saparydyr.