“Men häkimiýetleri tankytladym. Meni watan dönügi yglan etdiler "
Türkmen häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň režimini işjeň tankytlaýan aktiwist Hamida Babajanowanyň garyndaşlaryny yzarlaýarlar. Aktiwistiň ejesine Türkmenistandan gitmek gadagan edildi. Gartaşan zenan Mekgä haj zyýaratyna gitmegi meýilleşdirýärdi. Resmiler onuň ýurtdan çykmagyna girizilen gadaganlygy aýalyň gyzynyň hökümete garşy hereketleri bilen düşündirdiler. Soňky ýyllarda türkmen režimini tankytlap çykyş edýän Hamida Babajanowa, häkimiýetleriň bu usul bilen özünden ar aljak bolýandygyna ynanýar. Wideo: Migrant Media