Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew prezidentiň möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldýan soňky konstitusiýa üýtgetmelerinden soň, irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi.
Irki saýlawlaryň geçiriljek senesi mälim edilmedi. Ýöne özbek kanunlaryna laýyklykda, ses berişlik Mirziýoýewiň 8-nji maýda irki saýlawlary yglan etmeginden soň, iki aýyň içinde geçiriler.
Mirziýoýew bu habary yglan edende, özüniň prezidentlik möhletiniň galan üç ýarym ýylyndan "öz inisiatiwasy" bilen çekilýändigini aýtdy.
Özbek prezidenti kararyň konstitusiýa üýtgetmelerinden soň "häkimiýetiň ähli şahalarynyň" arasynda deňagramlylygy saklamak we konstitusiýa üýtgetmelerini netijeli durmuşa geçirmek üçin zerurdygyny belledi.
Özbegistanda konstitusiýa üýtgetmeler girizmek barada 30-njy aprelde geçirilen referendum prezidentlik möhletiniň uzaldylmagyna ýol açdy.