Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirmek wagtlaýyn onuň orunbasarynyň üstüne ýüklendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji maýda gol çeken kararynda aýdylmagyna görä, hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň “her ýylky esasy rugsady döwründe” onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň üstüne ýüklenildi.
Habarda ministriň "her ýylky esasy rugsadynyň” näçe wagta çekjekdigi aýdylmaýar.
Bu karar Raşid Meredowyň Birleşen Ştatlara sapar edip, Döwlet departamentinde guralan ýyllyk syýasy geňeşmelerde türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etmeginiň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken bilen howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Antoni Blinken 24-nji aprelde Waşingtonda, Döwlet departamentiniň şertnama otagynda türkmen kärdeşi bilen bilelikde metbugat üçin gysgaça maglumat berende, duşuşyk wagtynda klimat krizisi we Türkmenistanyň howa goýberýän zyýanly gazlary, şol sanda adam hukuklary barada gürrüň edilendigini aýtdy.
R.Meredow briefing wagtynda özüniň bu ýurda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden saparyndan soň, özleriniň bu hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin ähli zady etjekdiklerine berk ynanýandygyny aýtdy.
TDH-nyň 1-nji maýda Türkmenistan-ABŞ hyzmatdaşlygyna bagyşlap çap eden makalasynda aýdylmagyna görä, türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler türkmen-amеrikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berdi.
Şeýle-de TDH anyklaşdyrmazdan R.Meredowyň ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen bolan duşuşygynyň ABŞ-a bolan iş saparynyň esasy wakalarynyň birine öwrülendigini aýdýar.