Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken 24-nji aprelde, birinji gün Waşingtonda, Döwlet departamentiniň şertnama otagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bilelikde metbugat üçin gysgaça maglumat berdi. Iki ministriň duşuşygynda klimat krizisi we Türkmenistanyň howa goýberýän zyýanly gazlary, şol sanda adam hukuklary barada hem gürrüň edilendigi aýdylýar. Türkmen ministri briefing wagtynda anyklaşdyrmazdan özüniň bu saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagy üçin ähli zadyň ediljekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.
Bilenken türkmen kärdeşi Meredow bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşygynda, iki aý çemesi ozal C5+1 ýygnagynda görşendigini belläp, indi onuň bilen Döwlet departamentinde duşuşmagyna şatdygyny aýtdy.
Ol Türkmenistan bilen ABŞ-nyň indi 30 ýyl bäri bilelikde işleýändigini, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň territorial bitewiligini, özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny goldaýandygyny aýtdy.
“Mundan başga, biz öz halklarymyzyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde, berk ykdysady gatnaşyklary gurmakda, özümiziň bilim gatnaşyklarymyzy gurmakda, adam hukuklary meselesinde işleşmekde barha ýokarlanýan işjeňligimizi goldaýarys” diýip, Bilinken özüniň bu işi diňe iki ýurduň C5+1 formatyndaky gepleşikleriniň çäginde däl, eýsem iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gelpleşikler arkaly hem dowam etdirmek mümkinçiligine şatdygyny nygtady.
“Şu gün ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça geçirilen ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerden soň Türkmenistan daşary işler ministri Meredow bilen duşuşdym. Adam hukuklary, bilim we ykdysady hyzmatdaşlyk, iki ýurda täsir edýän beýleki ugurlar barada maslahatlaşdyk” diýip, Blinken öz twitter hasabynda ýazdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz kärdeşine çakylygy we özüni bu ýerde kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de ol Döwlet departamentindäki kärdeşleri bilen bolan syýasy geňeşmeler wagtyndsa soňky döwürde - Türkmenistan bilen ABŞ-nyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly köp meseläni, ...energiýa, ykdysadyýet, adam hukuklary meselelerini ara alyp maslahatlaşandygklaryny aýtdy.
“Hawa, bu biziň hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugurlarydyr we bu we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek prosesine gaty gowy täsir edeniňiz üçin köp sag boluň” diýip, Meredow amerikan kärdeşine ýüzlenip aýtdy.
Şeýle-de, ol özüniň bu ýurda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden saparyndan soň, özleriniň bu hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin ähli zady etjekdiklerine berk ynanýandygyny aýtdy.
Şu aralykda “Report” neşiriniň Döwlet departamentiniň metbugat gullugynyň wekili Wedanta Patela salgylanyp ýazmagyna görä, Blinken bilen Meredow "sebitdäki wakalar, howpsuzlyk pudagyndaky we ykdysdady pudakdaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hakynda” gürrüň etdi.
"Döwlet sekretary klimat krizisine garşy göreşmek üçin metan zyňyndylaryny azaltmagyň möhümdigini aýtdy we Türkmenistan bilen nebit we gaz pudagynda metanyň zyňyndylaryny çalt azaltmak üçin işlemek mümkinçiligini kesgitledi" diýip, Patel aýtdy.
Şeýle-de, Blinken we Meredow "medeni we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy" ara alyp maslahatlaşdy, "Türkmenistanda adam hukuklaryna we zähmetkeşleriň hukuklaryna hormat goýmagy gowulandyrmak" barada pikir alyşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum