Türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ilata hödürlenilýän ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş etmeginiň yz ýanynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary azyk paýlarynyň häzirki görnüşleri, mukdary, bahasy, hili we üpjünçiligi barada käbir maglumatlary öwrendiler.
Lebap we Mary welaýatlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk paýlarynyň sanawynda un we ösümlik ýagy saklanyp galýar. Döwlet dükanlarynda ilata towuk budy, ýumurtga we şeker ýaly önümler şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri paýlanmaýar.
Ýurt häkimiýetleri ilata ýeňillikli azyk paýlaryny, ýagny kesgitli möçberdäki şekeri, ýagy, ýumurtgany we towuk buduny arzan bahadan satmak düzgünini mundan alty ýyl çemesi ozal girizdiler. Ýöne 2022-nji ýylyň ýanwaryndan döwlet dükanlarynyň aglabasynda bu azyk paýlarynyň köpüsi tapgyrlaýyn esasda ýatyryp başlandy we şekeriň, ýumurtganyň, towuk budunyň bahasy bazar nyrhy bilen deňleşdirildi.
Häzirki Marynyň aglaba böleginde her aýda her bir hojalyga 1,5 litr ösümlik ýagy we hojalykdaky adamyň her birine 5 kilogram un berilýär.
Ösümlik ýagy döwlet dükanynda 14 manat, hususyýetçilerde 35 manat bahalanýar. Döwlet dükanynda bir kilogramy 1 manat bolan un hususy söwdada 10-12 manada satylýar.
Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde bolsa, her aýda tutuş bir hojalyga 5 kilogram un we 1,5 litr un paýlanylýar. Welaýatyň etraplarynda we obalarynda bolsa, tutuş bir hojalyga 1,5 litr ýag, hojalykdaky adamyň her birine 4 kilogram un berilýär.
"Ýerli resmiler munuň sebäbini şäherde çörek bişirýän döwlete degişli we hususy kärhanalaryň köpdügi, şeýle-de döwlet dükanlarynda islendik wagty çörek tapyp bolýandygy bilen düşündirmäge çalyşýarlar" diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.
Ýöne häkimiýetler ilaty azyk paýlarynyň hatarynda saklanyp galýan iki haryt bilen-de kadaly üpjün edip bilmeýärler.
Iki sebitiň döwlet dükanlarynda hem, ilata her iki-üç aýyň dowamynda bir gezek un, her alty aýyň dowamynda bir sapar ýag paýlanýar. Bu önümleriň indi bäş ýyla golaý wagt bäri yzygiderli gijikdirilip berilýändigi sebäpli, raýatlar köplenç paýlanýan unuň ýa-da ýagyň haýsy aýyň azyk paýydygyny bilmeýärler.
Galyberse-de, paýlanýan unuň we ýagyň hili köplenç juda ýaramaz bolýar. Ýagyň reňki gap-gara bolup, onuň ýakymsyz, ýiti ysy bar. Unuň reňki hem garamtyl bolup, onuň heň ysy bolýar.
Muňa garamazdan, habarçylarymyz bu önümleriň hyrydarynyň köpdügini, döwlet dükanlaryna çäkli möçberde getirilýän unuň we ýagyň alyjylaryň ählisine ýetmeýändigini aýdýarlar.
"Soňky gezek mart aýynda satuwa çykarylan pagta ýagyny almaga baranymda, meni gaýgy basdy. Hamana, adamlar ýagsyz galan ýalydy" diýip, lebaply habarçy raýatlaryň bu ýagy pişme, hamyrly naharlar we palow bişirmek üçin ulanýandygyny hem aýtdy.
Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýeňillikli azyk paýlarynyň köp hojalygyň güzeran eklenjine saldamly goşant goşýandygy barada Azatlygyň dürli sebitlerdäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
Ýöne geçen hepde Balkandaky habarçymyz welaýatyň tas ähli etraplarynda, şäher we oba ýerlerinde häkimiýet wekilleriniň ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp, ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş edýändigini habar berdi.
Şonda resmiler şeýle tekliplerini “halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hem-de ‘bagtyýar zamanada’ ýurtda emele gelen azyk bolçulygy we elýeterliligi” bilen delillendirmäge çalyşdylar.
Bu çykyşlar, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň arasynda, dilegçilik edýän we zir-zibil dörýän raýatlaryň göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum