Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa işgärleri köçe söwdagärlerini köçelerden kowýar


Köçe satyjylary. Türkmenistan.
Köçe satyjylary. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda polisiýa işgärleri 17-nji aprelde irden köçe söwdagärlerine garşy reýd geçirdi. Polisiýa işgärleri esasan zenanlardan ybarat bolan satyjylaryň bikanun söwda bilen meşgullanýandyklaryny aýdyp, olardan köçeleri terk etmegi talap etdi. Ownuk söwda bilen meşgullanýan satyjylar ýurtdaky ýaramaz durmuş-ykdysady şertlerden we giň ýaýran işsizlikden şikaýat edip, polisiýa işgärlerine garşy çykdy. Ýagdaýyň ýitileşmegi bilen polisiýanyň we köçe satyjylarynyň arasynda dawa-jenjel ýüze çykdy, yz ýany, bir zenan satyjynyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşdy. Ýygnananlar ‘tiz kömek’ çagyrdy, bu aralykda, polisiýa işgärleri wakanyň bolan ýerini gyssagly terk etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Polisiýa reýdleri Baýramalynyň etrap merkezindäki käbir köçeleriň ýanýodalarynda we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda geçirildi. Şäherdäki köp gatly jaýlar esasan täze bazaryň golaýyndaky sebitlerde ýerleşýär.

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, polisiýanyň irden 9:00 töwereklerinde girişen reýdleriniň arasynda, köçe satyjylary, ilkibaşda, oturan ýerlerini terk edip, başga ýere süýşdüler. Ýöne polisiýa işgärleri satyjylary kowalamagy dowam etdirdi.

“Satyjy zenanlar, daýzalar we ýaş gelinler bir ýerden kowulsalar, başga ýerlere geçip, oturmaga başladylar. Olar etrap bazarynyň golaýynda boş ýer tapsalar, şol ýerde söwdalaryny dowam etdirdiler. Emma bazaryň golaýynda hem, olara azar berildi” diýip, wakanyň şaýatlary aýdýar.

Polisiýa işgärleri köçe söwdagärleriniň harytlaryny zor bilen ellerinden almak haýbatyny atdy. Aýallar garşy çykdy, olar öz ýerlerinden butnamajakdyklaryny erjellik bilen polisiýa işgärlerine düşündirdiler. Munuň yz ýany, polisiýa köçe satyjylarynyň harytlaryna topulyp başlaýar.

“Biz köçe söwdasyna mejbur galdyk. Döwletde iş barmy?! Bazarlarda söwda nokatlaryny kireý almak üçin pul gerek” diýip, satyjylar aýdýar. Olar köçe söwdasy bilen gazanç edýändiklerini we çagalaryny ekleýändiklerini aýdýarlar.

Polisiýa satyjylaryň bikanun söwda bilen meşgullanýandyklaryny aýdyp, döwletiň salgyt talaplaryna yşarat edýärler.

Ýagdaýyň ýitileşmegi bilen, satyjy zenanlar “has-da agyzlanyp”, güýç edaralarynyň işgärlerine garşylyk bildirmäge we işsizlikden şikaýat etmäge başlaýar. Olar özleriniň ýurtda dowam edýän agyr durmuş-ykdysady şertlerden halys ýadandyklaryny aýdýarlar.

Munuň yz ýany, polisiýa işgärleriniň käbirleri “kemsidiji sözler” bilen satyjy zenanlaryň üstüne azgyrylyp başlaýar. Köçe satyjylary, azgarylmalara jogap edip, özleriniň “halal” gazanç bilen meşgullanýandyklaryny aýdýarlar we polisiýa işgärlerini “haram” gazançda aýyplaýar. Öz gezeginde, polisiýa işgärleri özleriniň “halal” iş edýändiklerini aýdýarlar we satyjy zenanlary “haram” gazançda aýyplaýar.

Şaýatlaryň sözlerine görä, köçe söwdagärleri bilen polisiýa işgärleriniň arasyndaky dawa-jenjel ulalýar. Bu aralykda, bir polisiýa işgäri uly ýaşly satyjy zenanyň ysmanakly gabyny depýär. Zenan maşgala polisiýany ýakalamaga çalyşýar, soňra birden aşak oturyp, özüni erbet duýup başlaýar.

“Ýygnananlar daýzanyň ýüzüne suw çalyp, ýüzüni ýelpediler, tiz kömek çagyrdylar. Tiz kömek gelýänçä, polisiýa işgäri ýitirim boldy” diýip, bir şaýat aýdýar.

Wakanyň şaýatlary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde giň ýaýran işsizlikden halys bolan adamlaryň agyr şertlerde gazanç edip, hojalyklaryny eklemäge çalyşýandyklaryny, bu aralykda, polisiýanyň berýän azabynyň artykmaç bolýandygyny aýdýarlar.

“Döwletimiz iş bilen üpjün edip bilenok. Adamlar gazanç edip, maşgalalaryny eklejek bolýar. Daşyndan polisiýa azar berýär. Şol artykmaç!” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda soňky ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, 2019-njy ýylda ozal ilata mugt berlen elektrik energiýasy, tebigy gaz we beýleki ýeňillikler ýatyryldy. Güzeran şertleri öňküsinden has-da ýaramazlaşan raýatlaryň kimsi daşary ýurtlarda eklenç gözlegine çykdy, kimler ýurtda galyp, kyn şertlerde oňňut etmäge çalyşdy. Bu aralykda, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary göterilip başlady. Gymmatçylyk hususan-da gowşak gatlaga zarba urdy. Aýlyk girdejileri bazar sebedine gabat gelmeýän ýurt raýatlary agyr durmuş-ykdysady şertlere sezewar boldy. Türkmen hökümeti dowam edýän kynçylyklary boýun almady. Gaýtam, soňky wagtlarda häkimiýetler döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän azyk paýlaryny ýatyrmak barada ýurduň dürli sebitlerinde mesele gozgap başlady.

Resmiler ýeňillikli azyk paýlaryny ýatyrmak tekliplerini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy bilen düşündirýärler.

Baýramalyda köçe söwdagärleri bilen polisiýa işgärleriniň arasyndaky ýakalaşyga şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi özleriniň hojalyklarda sarp edýän elektrik energiýasy, tebigy gaz we beýleki hyzmatlar üçin aýlyk 100 manat töwereginde töleg töleýändiklerini, käbir maşgalalar döwletden alýan kömek pullarynyň, harajatlar bilen deňeşdirilende, ujypsyz galýandygyny aýdýarlar.

Dowam edýän şeýle kynçylyklaryň fonunda, köçelere çykyp, söwda-satyk bilen meşgullanmaga mejbur galan orta ýaşly aýallar we ýaş gelinler polisiýanyň ýowuz çemeleşmelerini ýerliksiz hasaplaýarlar.

Türkmenistanda onlarça ýyl bäri köçe söwdasy bölek-büçek dowam etdirilýär. Köçe söwdagärleri wagtal-wagtal polisiýa işgärleriniň reýdlerine sezewar bolýar. Türkmenistanda resmi däl ykdysadyýetiň bir parçasy bolan köçe söwdagärliginiň gerimini açyp görkezýän sanlar ýok, bu babatda barlag işleriniň geçirilip-geçirilmeýändigi nämälim galýar. Umuman, Türkmenistanda ne resmi ykdysadyýetiň, ne-de resmi däl ykdysadyýetiň hakyky ýagdaýy barada halka we halkara maliýe guramalaryna ygtybarly hasabat berilýär.

Eli ýuka köçe söwdagärleri bazarlardaky söwda nokatlary üçin soralýan kireý bahalarynyň ýokary bolandygyny, galyberse-de, söwda tekjelerine eýe bolmak üçin, “tanyşparazlygyň we parahorlygyň” möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

Köçe satyjylary salgyt tölemeýär, ýa-da olaryň satuwa çykarýan azyk harytlary döwletiň sanitariýa we arassaçylyk barlaglaryndan geçirilmeýär. Muňa garamazdan, köçe satyjylygy we göçme söwda ýurtda köp ýyl bäri dowam edýär.

Azatlyk Radiosy polisiýa işgärleri bilen köçe satyjylarynyň arasynda turan dawa barada Baýramalynyň etrap polisiýa bölüminden kommentariý alyp bilmedi. Polisiýa bilen ýakalaşykda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan köçe satyjysynyň soňky ykbaly belli däl.

Bu aralykda, döwlet mediasy ýurduň her bir gününiň ösüşlerden-ösüşlere beslenýändigini, ähli pudaklarda möhüm öňe gidişlikleriň gazanylýandygyny, ilatyň “abadan we bolelin” durmuşyň hözirini görýändigini gaýtalaýar.

Şeýle-de, döwlet metbugaty ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň goldanylýandygyny aýdýar. Türkmenistan içerki we daşarky söwda işini 2016-njy ýylda kabul edilen “Söwda işi” hakynda Türkmenistanyň kanuny bilen düzgünleşdirýär.

Baýramlyda köçe satyjylary bilen polisiýa işgärleriniň “darkaşyna” şaýat bolan ýerli ýaşaýjylar halkyň güzeran şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.

“Täze prezident geçeli bäri, öňki garyp halka näme gowulyk, nähili üýtgeşme boldy!? Öňki ýaly kösençlikler häzir hem dowam edýär” diýip, bir baýramaly ýaşaýjysy aýdýar.

“Halkyň 80 prosenti kösenýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG