Mary welaýatynyň birnäçe etrabynda ýaşaýjylaryň suw üpjünçiligi bilen bagly problemalary ýitileşýär. Hususan-da, oba ýaşaýjylary özleriniň suw zerurlyklaryny üpjün etmek üçin ýaplaryň suwundan peýdalanmaga mejbur bolýarlar.
"Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň oba ýaşaýjylary suwsuz kösenýärler. Olar ýaplarda galanja suwlary nasos bilen sorduryp alýarlar. Käbir hojalyklar ýaplaryň suwuny uly plastik boçkalara dolduryp, öýlerine daşaýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Şol bir wagtda, ol aýazly howada derýalaryň suwunyň doňup, öz akymyny üýtgetmegi sebäpli, häzirki wagtda ýaplardaky suwuň azdygyny hem nygtady.
Bellesek, Azatlyga ilatyň ýabyň läbik suwuny sarp etmeginiň, saglyk we gigiýena taýdan näderejede dogrudygyny anyklamak başartmady. Şeýle-de, redaksiýa ýaşaýjylaryň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler we olaryň sebäpleri barada ýerli häkimiýetlerden kommentariýa hem alyp bilmedi.
Habarçy maddy mümkinçiligi bolan ýaşaýjylaryň ýörite guýy gazdyryp, ýer asty suwuny içýändigini we mallaryny suwa ýakýandygyny hem aýtdy.
"Ýöne guýy gazdyran hojalyklaryň-da köplenç ýer asty suwy şor ýa-da ajy çykýar" diýip, ýolötenli bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Sebitde suw üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň arasynda, guýy gazdyrýan hojalyklaryň köpelmegi bu hyzmaty hödürleýän hünärmenleriň nyrhlary ýokarlandyrmagyna hem getirdi.
"Mundan ozal guýy gazýanlaryň azap haky 300 manatdy. Häzir hünärmenler bu hyzmat üçin 500 manat soraýarlar. Bu nyrh köp hojalygyň maddy mümkinçiliginden aşa ýokary bolup durýar. Meselem, oba ýaşaýjylarynyň köpüsiniň 1000-1500 manat aralygynda aýlyk girdejisi bar. Olar munuň 500 manadyny guýy gazdyrmaga berse, güzeran eklenji has-da kynlaşýar. Halkyň ýagdaýy öňdenem öwerlikli däl" diýip, habarçy aýtdy.
Bu aralykda, welaýatyň dolandyryş merkezi Mary şäherinde hem ilatyň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler dowam edýär.
"Soňky ýarym aý çemesi wagt bäri şäheriň Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň köpüsine suw barmaýar. Ýaşaýjylar aşaky gatlardaky goňşularyndan suw daşap, suw zerurlyklaryny üpjün edýärler" diýip, habarçy belledi.
Şäheriň Jaý dolandyryş müdirlikleriniň käbir işgärleriniň habarçymyza aýtmagyna görä, aýazly günlerde suw turbalary yzygiderli ýaryldy. Häzirki wagtda diňe köçeleriň ugrunda ýarylan turbalarda bejeriş işleri geçirildi.
"Heniz şäheriň köp ýerinde hatardan çykan suw turbalary bejerilmedi. Bu ilatyň suw üpjünçiligini bökdeýär" diýip, Jaý dolandyryş müdirliginiň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Bu aralykda, garaşsyz neşir welaýatyň Garagum etrabynda, aýazly howada Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, aryklaryň boşap galmagy bilen, ýaşaýjylaryň bir aý töweregi wagt bäri içimlik suwy howuzlardan almaga mejbur bolýandygyny habar berýär.
"Turkmen.news" neşiri 3-nji fewralda çap eden maglumatynda bu howuzdan itleriň, eşekleriň we beýleki haýwanlaryň hem suw içýändigini belleýär.
"[Adamlar] suwy bedrelere dolduryp alýarlar. Suwdaky gum, palçyk we gyrmançalar bedräniň aşagyna çökenden soň, adamlar şol suwy içýärler. Olar bu suwdan çagalaryna hem berýärler. Mundan öň ilatyň suw çeşmesi bolan aryklaryň suwy hem läbikdi, ýöne iň bolmanda, onuň suwy akýardy" diýip, neşir çeşmesiniň sözlerini sitirledi.
Marynyň ilaty suw üpjünçiligindäki bökdençlikler bilen geçen aýyň üçünji ongünlüginden bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär.
Adatça bolşy ýaly häkimiýetler we ýurduň metbugat serişdeleri günorta-gündogar welaýatda ilatyň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler we olaryň munuň bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hiç zat aýtmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum