Russiýanyň hökümeti Gyrgyzystan bilen birleşdirilen sebitara howa goranyş ulgamyny döretmek baradaky şertnamany tassyklady. Iki ýurduň goranmak ministrleri bu dokumente geçen ýyl gol çekdi.
Resmiler bu prosesiň has ozal başlanandygyny, munuň diňe plana laýyklykda amala aşyrylýandygyny aýdýarlar. Emma Ukrainadaky urşuň fonunda bu hili proseslere başgaça garalýar.
Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Gyrgyzystan bilen bilelikdäki howa goragy ulgamyny (HGU) döretmek baradaky karary Russiýanyň kanuny maglumatlar portalynda çap edildi. Bu dokumente Russiýanyň ministrler kabinetiniň başlygy Mihail Mişustin gol çekdi.
Bu habardan soň kän wagt geçmänkä, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň 10-njy aprelde rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşendigi mälim boldy.
Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylmagyna görä, olar "Gyrgyz-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň we ýaranlygynyň möhüm meselelerini”, şeýle-de bu iki ýurduň “halkara sebit guramalarynyň we integrasiýa birleşikleriniň çägindäki özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar”.
Mälim bolşy ýaly, Wladimir Putin 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda Russiýa bilen Gyrgyzystanyň arasynda bitewi sebit howa goranyş ulgamyny döretmek baradaky şertnamany taýýarlamak baradaky buýruga gol çekdi.