Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Häkimiýetleriň 'Türkmeniň ak öýüni' guran ýerli firma 25 million manat bergisi bar


"Türkmeniň ak öýi" desgasy
"Türkmeniň ak öýi" desgasy

Türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde "Türkmeniň ak öýüniň" gurluşygyny amala aşyran ýerli gurluşyk kärhanasy bilen heniz-de doly hasaplaşmadylar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly ygtybarly çeşmeleri aýdýarlar. Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmadyk bu maglumatlar, ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetleriň bahasy 5 milliard dollara barabardygy aýdylýan Arkadag şäheriniň gurluşygyny güýçli depginde dowam etdirýän mahalyna gabat gelýär.

"Ak öý mundan iki ýyl çemesi öň açylyp, ulanylmaga berlen bolsa-da, döwlet onuň gurluşygyny amala aşyran "Ajaýyp döwür" hojalyk jemgyýetine tölegi heniz-de doly geçirmedi. Döwletiň 'Ajaýyp döwre' ýene 25 million manat karzy bar" diýip, çeşmämiz sebitdäki habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, ak öýüň gurluşygy 215 million manada barabar boldy. Bu ýurduň Merkezi bankynyň kursunda 61 million 420 müň dollardan gowrak bolsa, gara bazaryň nyrhynda 10 million 750 müň dollara deňdir.

"Şertnama laýyklykda, döwlet gurluşygy amala aşyran kärhana desga açylyp ulanylmaga berlenden soň, 90 günüň dowamynda doly tölegi geçirmeli. Öz gezeginde kärhana hem, ak öý ulanyşa berlenden soňky iki ýylyň dowamynda desgada ýüze çykjak islendik näsazlyga jogapkär hasaplanýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada kommentariýa almak üçin "Ajaýyp döwür" hojalyk jemgyýeti we welaýat häkimligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýanyň 11-nji aprelde telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanyň şol döwürdäki prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken kararyna laýyklykda gurluşygyna 2019-njy ýylyň başynda badalga berlen "Türkmeniň ak öýi" 2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda açyldy. Dört gatdan ybarat we beýikligi 40 metre ýetýän, 3 müň orunlyk ak öý binasynyň açylyş dabarasyna şol döwürdäki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Döwlet metbugaty ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan äpet ak öýleri “abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşany” häsiýetlendirip, olaryň umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge niýetlenendigini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri döwlet serişdeleriniň hasabyna gurlan ak öýlere we ýurtda gurulýan beýleki desgalara sarp edilen maliýe serişdesiniň möçberi barada aç-açan maglumat bermeýärler.

Ýöne bellesek, häkimiýetleriň ýurtda gurulýan desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýan ýerli firmalar bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmeýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek maglumat berdi.

Geçen ýylyň tomsunda "Awaza" syýahatçylyk zolagynda täze myhmanhanalar toplumyny gurýan firmalar öz işgärleriniň zähmet haklaryny üç aý bäri töläp bilmezliginiň sebäplerini "döwlet tarapyndan pul geçirilmeýändigi" bilen düşündiripdiler.

Şonda sebitdäki habarçymyz toplumyň gurluşygyna girişileni bäri dört sany gurluşyk firmanyň gurluşygy tamamlaman, öz işlerini taşlap gidendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şol firmalar hem, munuň sebäplerini "döwlet tarapyndan özlerine pul geçirilmeýändigi" bilen düşündiripdirler.

Bu habarlaryň arasynda, soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler bahasy 5 milliard dollara barabardygy aýdylýan Arkadag şäheriniň gurluşygyny güýçli depginde dowam etdirýärler.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG