Russiýanyň demirýollary (RŽD) bilen “Türkmendemirýollary” agentligi ýakyn wagtda Aşgabatda we Moskwada wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri RŽD-nyň çap eden metbugat beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenmegine görä, RŽD “Türkmendemirýollary” agentligine sanly ulgamy we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam berýär.
Mundan başga, Russiýanyň demirýollary we “Türkmendemirýollary” agentligi Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça ulag we logistika hyzmatlaryny ýokarlandyrmak, Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barýar.
Türkmen metbugatynyň golaýda beren habaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň iri ulag kompaniýasynyň başlygy Oleg Belozýorow bilen duşuşyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky demirýol gatnawlary Sowet Soýuzy darganyndan soň, ýurduň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň Orsýetden mümkin boldugyça garaşsyz bolmak synanyşyklarynyň çäklerinde ýatyryldy we soňky döwürde, Russiýanyň Ukrainadaky urşy sebäpli ýüzbe-ýüz bolan halkara izolýasiýasynyň arasynda, Moskwanyň Merkezi Aziýadaky post-sowet respublikalaryna bolan täsirini güýçlendirmäge çalyşýandygy aýdylýar.