Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Etniki türkmenleriň 'Talyban' dolandyryşy astyndaky durmuşy


Arhiw suraty. Demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynyň Şordepe etrabynda etniki türkmenler açyk meýdanda sapak geçýär. 20-nji awgust, 2021 ý.
Arhiw suraty. Demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynyň Şordepe etrabynda etniki türkmenler açyk meýdanda sapak geçýär. 20-nji awgust, 2021 ý.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň türkmen ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berýär.

“Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanda häkimiýeti ele geçirenden soň, ýurtda köpden bäri dowam edýän durmuş-ykdysady şertler has-da ýaramazlaşdy. Köplenç halatda daşary ýurt ynsanperwer ýardamlaryna mätäç galan owgan halky “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň çäklendiriiji dolandyryşynyň astynda agyr güne sezewar boldy. Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe müň etniki türkmen ýaşaýar. Eýsem, owgan türkmenleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleri geçen iki ýylda nähili özgerdi?

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti ynsan hukuklaryny, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Şol bir wagtda, “Talyban” hökümeti henize çenli daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ykrar edilmedi.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň türkmen ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berýär. Gepleşigimize owgan türkmenlerinden bolan Rejep gatnaşýar. Azatlyk Radiosy “Talyban” astyndaky Owganystanyň metbugat giňişligindäki çäklendirmeleri we howpsuzlyk şertleri sebäpli, söhbetdeşimizi aýan edip biljek şahsy maglumatlary äşgär etmekden saklanýar.

Owganystan: Etniki türkmenleriň 'Talyban' dolandyryşy astyndaky durmuşy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Azatlyk Radiosy: Mälim bolşy ýaly, Owganystanda iki ýyl töweregi wagt bäri “Talyban” dolandyryşy höküm sürýär. Birinjilik bilen, şeýleräk bir sorag bilen başlasak, siziň öz howpsuzlyk şertleriňiz nähili? Owganystan iki ýylyň içinde öňküsinden has parahat ýurt boldumy?

Rejep: Howpsuzlyk ýagdaýlary barada aýdanymyzda, meselem, habarçylar, žurnalistler agyr ýagdaýlara duçar boldy. Näme sebäpden diýseňiz, biziň ülkämizde habar çeşmeleri, köp zatlar beklendi. Şonuň üçinem, habarçylar Owganystan ülkesini terk edip, gaýry ülkelere, daşary ýurtlara gitdiler. Şol sebäpden hem, kynçylyklar köp boldy, habarçylar üçin kyn boldy.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti ynsan hukuklaryny çäklendirmekde tankyt edilýär? Şular barada nämeleri gürrüň berip bilersiňiz?

Hawa, Owganystanda häzirki wagtda, meselem, aýal maşgalalar üçin okuw jaýlarynyň gapylary ýapyldy. Şeýle-de, Owganystanda häkimiýet başyna geçen “Talyban” topary daşary ýurtlar tarapyndan, daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ykrar edilmeýär.

Hukuk kemsitmelere garaşyk edilmeýär, resmi taýdan bizi ykrar etmeýärler. Eger-de bu hökümeti resmi taýdan ykrar etseler, aýal-gyzlar üçin hem okuwlar açylar, biz üçin, raýatlar üçin hem gowy bolar diýip, umyt edýäris.

Demirgazyk Owganystandaky etniki türkmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri, ykdysady şertleri barada gürrüň berseňiz? Iki ýylda nämeler üýtgedi, şertler öň nähilidi, häzir nähili?

Indi, iki ýa-da üç ýyl ozalky şertler bilen deňeşdirilende köp düzgünler erbetleşdi diýsek hem bolýar. Demirgazyk Owganystanda türkmenleriň ýaşaýan obalarynda, meselem, iýgi-içgiler, we şeýle harytlar gaty gymmatlady. Daşary ýurt döwletleriniň bu ýerdäki häkimiýetlere o diýen ynamy bolmansoň, meselem, goňşy ýurtlardan gelýän kömekdir ýardamlar, beýleki zatlar gaýtarylyp, hatda, ýurtlaryň arasyndaky gümrük nokatlaryndan hem öňküler bilen deňeşdirilende az haryt geçmäge başlady. Bu, bildirilýän ynamyň azalýandygy sebäpli şeýle boldy.

Etniki türkmenler ýagdaýdan nähili çykalga gözleýär?

Etniki türkmenler köpräk tagalla edýärler, gaýrat edýärler. Daşary ýurtlar bilen, hususan-da, goňşy ülkeler bilen, “öz rabytalaryny”, özara gatnaşyklary gowulandyrsalar, meselem, gelim-gidim gowulaşsa, [hoşal bolardyk]. Meselem, iýgi-içgi we şulara meňzeş azyk harytlary getirilýär, ýöne şol harytlar öňkülere garanyňda has-da artsa, ildeşlerimiziň hal-ýagdaýy has-da gowulansa diýip, olar şeýle pikirde.

Öňler, öňki hökümet döwründe, etniki türkmenleriň wekilleri hökümete kabul edilmezlikde, döwlet wezipelerine getirilmezlikde häkimiýetleri tankyt edýärdi? Häzirki wagtda, möhüm wezipelere getirilen etniki türkmen barmy? Şular barada sizde maglumat barmy?

Öňki hökümet bilen deňeşdirilende, häzirki hökümet etniki türkmenlere has köp ýol berýär diýsek hem bolar. [Etniki türkmenler] öňki hökümetden hak-hukuga, şeýle zatlara garaşmaýardy. Şonuň üçin-de, türkmenleriň hak-hukugy öňki hökümet döwürleri bilen deňeşdirilende gowy.

Bilşimiz ýaly, “Talyban” hökümetine iki ýyl ozal goňşy hökümetler we beýleki döwletler inklýuziw, öz içine alyjy hökümet gurmagy teklip edipdi. Ýurduň milli azlyklarynyň wekilleri, şol sanda etniki türkmenler öz wekillerini hökümete ýa-da ýerli edaralara girizip bilýärmi? Dürli etniki milletleriň wekilleri ýokary wezipelere bellenýärmi?

Bellenýär. Hawa, öňki hökümet bilen deňeşdirilende [etniki türkmenler] bellenýär. Bu mesele babatda, öňki hökümet bilen deňeşdirilende gowy. Näme üçin diýseňiz, elbetde, bular daşary ýurt hökümetleri tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmek üçin, bular häzirki wagtda, muňa rugsat berýär, ýol berýär. Emma gelejekde nämeleriň boljagyny bilemizok, [bu babatda] häzir ýagşy.

Häzirki wagtda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ykrar edilmeýär. Şu ýagdaý ilat arasynda nähili aladalary döredýär?

Bu ýagdaýlar köp sanly kynçylyklary döredýär. Ozal hem belläp geçişimiz ýaly, ynam bildirilmeýändigi sebäpli, ykrar edilmeýändikleri sebäpli, bular daşary ýurt döwletleri tarapyndan ykrar edilsedi diýip, adamlar umyt edýär. Häzirki wagtda bar bolan esasy kynçylyklaryň biri hem şol. Daşary ýurt döwletleri bu ýerlerini resmi taýdan ykrar etmänsoň, öňki hökümet döwründe bar bolan käbir iş ýerleri, bularyň [Talybanyň] hökümet başyna gelmegi bilen ýatyryldy. Daşary ýurt döwletleriniň ykrar etmeýändikleri sebäpli, häzirki wagtda köp sanly iş ýerleri ýapyldy. Ildeşlerimiz kyn ýagdaýlara sezewar boldy.

Daşary ýurt hökümetleri, hususan-da Günbatar hökümetleri Owganystanda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ynsan hukuklaryny basgylamagy, aýal-gyzlaryň hukuklaryny, olaryň iş mümkinçiliklerini çäklendirmegi ýaly sebäplere esaslanyp, ykrar etmeýän ýaly bolup görünýär. Owganystanlylar “Talybanyň” ynsan hukuklaryny çäklendirmegi babatda, hut şol sebäpden hem “Talyban” hökümetiniň Günbatar hökümetleri tarapyndan ykrar edilmezligi barada näme diýýärler?

Häzirki hökümet hem daşary ýurt döwletleri tarapyndan ykrar edilmek isleýär. Daşary ýurt döwletleri hem Owganystanda adam hukuklary aýak asty edilýär, depelenýär diýip, ykrar etmeýärler, şeýle diýip, garşylyk bildirýärler. Şonuň üçin hem, geçen döwür bilen deňeşdirilende, häzir şonuň ugrunda. Dowam edýärler. Ykrar edilmek ähtimallygy we mümkinçiligi bar. Wagtyň geçmegi bilen, ynsan hukuklary hem assa-ýuwaş deňleşer, düzeler diýip, adamlar pikir edýärler.

Siziň söhbetdeş bolýan adamlaryňyz “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň halkara jemgyýetçiliginde ykrar edilmezligi babatda “Talybany” aýyplaýarmy, ýa-da meseläni daşary ýurt hökümetlerinden görýärmi?

Adamlar has köp biziň häzirki hökümetimizi aýyplaýar.

Diýmek, daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ykrar edilmek üçin, adamlar häzirki hökümeti ynsan hukuklaryna hormat goýmaga çagyrýarlar, şeýlemi?

Şoňa ýakynrak, hawa, şeýle diýsek hem bolar. Olaryň islegi hem şol-da. Ýagny, ynsan hukuklary aýak asty bolmasyn diýýärler. Şol ugurda tagalla edýärler. Ynsan hukuklarynyň sarpalanmagy dowam etsin, diýýärler. Meselem, aýal-gyzlar üçin okuw jaýlarynyň gapysy ýapyldy. Bular açylsyn diýýärler. Ynsan hukuklary aýak asty bolmasyn diýip, şol ugurda köp tagalla edýärler.

Owganystanda metbugat azatlygynyň çäklendirilmegi barada sözümiziň başynda hem gürrüň berdiňiz, mysal berdiňiz. Ýurtda ynsan hukuklarynyň häzirki ýagdaýy barada has giňişleýin gürrüň berip bilermisiňiz?

Hukuk depelenmeleri barada aýdanymyzda, meselem, köp sanly aýal maşgalalar hökümet işlerinde, döwlet edaralarynda işleýärdiler. Şolara päsgelçilik berip, işlerinden çykaryp, öz öýlerinde bolmaly diýdiler. Şeýle talaplar, şeýle işler boldy. Başga-da, şulara meňzeş işlere gaty garşylyk bildirýärler.

Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler ozalam esasan daşary ýurtlaryň iberýän ynsanperwer ýardamlaryna mätäç galýardymy? Häzirki wagtda daşary ýurt ýardamlary egsildi, munuň bilen ykdysady şertler has-da ýaramazlaşdy. Türkmen obalarynda adamlar nädip güzeran aýlaýar?

Türkmen obalarynda uly kynçylyklar bar. Türkmenleriň ýaşaýan obalarynda, meselem, pulsuzlykdan kynçylyk çekýärler. Käbir sebitlerde, meselem, derýa ýakyn obalarda, derýanyň suwunyň joşmagy sebäpli, suw joşmalary sebäpli, öz öýlerini, öz ýerlerini elden berdiler. Şeýle kynçylyklara sataşdylar. Şonuň üçin-de, işsizlik sebäpli, işiň ýoklugy sebäpli, biziň köp sanly ýigitlerimiz öz ýurtlaryny taşlap, daşary ýurt döwletlerine, Eýran ýaly, Türkiýe ýaly döwletlere gitdiler. Şol ýurtlarda işleýärler. Şeýlelikde, gün-güzeran aýlamak üçin, bu ýerdäki maşgalalaryny eklemek üçin, olaryň ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin, bu ýere pul ýollaýarlar.

Häkimiýet çalşandan soňra, öz ýurduny taşlap, Owganystany taşlap, daşary ýurtlara göçmäge mejbur bolan türkmenler bilen habarlaşyp bilýärsiňizmi? Olar baran ýurtlary barada nämeleri gürrüň berýärler?

Olaram köp aýdýarlar: öz ülkämiz diýýärler, biziň göbek ganymyzyň daman ýerleri, dogduk mekanymyz biz üçin gowy diýýärler. Emma ýagdaýlaryň erbetleşmegi zerarly, biz ülkämizi terk etdik diýýärler. Olaryň käbirleri özleriniň daşary ýurtlardaky ýaşaýyş-durmuş şertlerinden razydyklaryny aýdýarlar, käbirleri bolsa, ýagdaýlaryň erbetdigi sebäpli, baran ýurtlarynda özleriniň alaçsyz ýaşap ýörendiklerini aýdýarlar.

Etniki türkmenler ýurtdaky kyn ýagdaýdan nähili çykalga gözleýär? Halkyň parahatçylygyna, asudalygyna we ykdysady durnuklylygyna nähili çykalga hödürlemäge synanyşýar?

Bu ýerde, Owganystanda, biziň ildeşlerimiziň islegi: şeýle bir döwlet bolsa diýýärler, her kim öz hak-hukugyna eýe bolsa, her kimiň hak-hukugy barabar bolsa, deň bolsa diýýärler. Meselem, şol, aýal-gyzlaryň hak-hukuklary aýak astyna alynmasa. Şol ugurda tagalla edýärler. Her kimiň hak-hukugy barabar bolsa, deň bolsa. Meselem, bu ýerde Owganystanda, türkmenler bar, özbekler bar, paştunlar bar, parslar bar, dürli kowumlar bar. Şonuň üçinem, biziň ildeşlerimiz hökümet hemmäniň hak-hukugyna deň sarpa goýsa, şeýdip, halklar bilelikde ýaşasa diýýärler. Şeýle-de, ynsan hukuklaryny aýak asty etmesler, esasan-da, aýal-gyzlaryň hukuklary basgylanmasa... Meselem, okuw ýerleri beklenýär. Şeýle zatlaryň bolmazlygyny isleýärler.

Söhbetdeşligiň dowamynda siz şeýleräk bir maglumat paýlaşdyňyz, ýagny öňki hökümet bilen deňeşdirilende häzirki dolandyryş astynda etniki türkmenleriň ýokary wezipelere gelmegine mümkinçilik berilýär, ýol berilýär diýen ýaly gürrüň etdiňiz. Şu ýagdaýy anyk mysallar bilen delillendirip bilermisiňiz. Etniki türkmenler ýerli edaralara ýerleşýärmi, ýa olara paýtagt Kabuldaky döwlet edaralarynda hem wezipe ynanylýarmy?

Öňki hökümet döwründe parahorlyk gaty ýokary derejelere çykypdy. Öňki hökümet döwründe para berip, wezipe eýeleýärdiler. Biziň ildeşlerimiziň kynçylyklary bardy [...] Häzirki wagtda Owganystanyň paýtagty bolan Kabulda hem ýagşy işe eýe bolup oturan türkmenler bar. Esasan-da, türkmenleriň ýaşaýan obalarynda, etraplarynda we sebitlerinde ähli häkimler türkmenler.

2021-nji ýyldan öň Owganystanda esasan “Talyban” howpsuzlyga wehim salýardy. Adamlar köplenç “Talyban” hüjümlerinden gorkýardy. Häzir bolsa, “Talybanyň” özi hökümet başyna geçdi. Şeýle ýagdaýda, Owganystanda howpsuzlyk şertleri haýsy tarapa üýtgedi? Häzir ilat arasynda parahatçylyga we durnuklylyga bolan ynam nähili?

“Talyban” topary Owganystanda häkimiýeti ele aljak bolýan döwürlerinde [ýowuzlyk babatda] biz gaty köp kynçylyk bolar öýderdik. Howpsuzlyk ýagdaýlary gaty erbetleşer öýderdik. Şeýle pikir edilerdi. Aýal-gyzlaryň mekdeplerden çetleşdirilmegi ýaly hak-hukuk kemsitmeleri bar, ýöne biziň çak edişimiz ýaly ýowuzlyk bolmady. Ýagdaýlar o dereje erbetleşmedi. Biz daşary ülkelere gitmeli bolar öýderdik, şeýle pikir ederdik. Ýöne häzir görüp otyrys, diňe bir Owganystanda däl, meselem, Pakistanda ýa-da beýleki käbir goňşy döwletlerde ýagdaýlar erbetleşdi, koronawirus geldi.

Gepleşigimize gatnaşyp, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Mundan soňky gepleşiklerimize-de gatnaşyp durarsyňyz diýip, umyt edýäris!

Siz hem meni gepleşige çagyranyňyz üçin sag boluň! Her wagt söhbetdeşlik geçirmäge biz taýýar. Size-de minnetdarlyk bildirýärin!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG