Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara kazyýeti Russiýa garşy uruş jenaýatlary işini açar


Haagada ýerleşýän Halkara jenaýat kazyýeti (HJK) ýakyn wagtda Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen baglanyşykly uruş jenaýaty aýyplamalary boýunça iki jenaýat işini açar we bu jenaýatlara dahylly diýlip çaklanylýan birnäçe adamy tussag etmek barada karar çykarar.

Bu barada "Roýters" we "New York Times" birinji gün ady aýdylmadyk resmilere salgylanyp habar berdiler. Emma entek resmi karar yglan edilmedi.

Eger kazyýet işi hakykatdan hem açylsa, HJK-nyň uruş başlanaly bäri geçen bir ýyldan gowrak wagt içinde rus goşunynyň Ukrainada edendigi çaklanylýan jenaýat işlerini ilkinji gezek önümçilige kabul etdigi bolar.

"New York Times" gazetiniň habaryna görä, aýyplamalar iki meselede - Ukrainanyň raýat infrastrukturasynyň bilkastlaýyn ýok edilmegi we Ukrainanyň çägindäki çagalaryň Russiýa geçirilmegi boýunça bildiriler.

Kiýew çagalaryň Ukrainadan Russiýa geçirilmeginiň zorlukly we genosid alamatlary esasynda amala aşyrylýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG