Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu aýda ukrain çagalaryna ynsanperwer kömegini ibermek baradaky buýruga gol çekdi.
Resmi habarda bellenmeigne görä, bu kömek türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alnyp iberiler. Şol bir wagtda, türkmen hökümeti Ukrainadaky urşy asla agzamaýar.
Şeýle-de, kömegiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberiljekdigi aýdylýar. Resmi maglumata görä, bu gazna howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek üçin döredildi.
Şol bir wagtda, prezidentiň buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna derek, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy.
Aşgabat Moskwa Ukraina goşun süreli bäri özüni Kiýewden daş tutýar we Russiýa bilen aradaky gatnaşyklaryny has ýygjamlaşdyrmak kararyna gelene meňzeýär.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty Ukranadaky uruş, şol sanda ol ýerde ýogalan türkmenler hakynda hem maglumat bermeýär.