Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply ýaşaýjylar: 2022-nji ýylda gowşurylmaly jaýlarymyzyň gurluşygy heniz-de tamamlanmaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjysy özlerine 2022-nji ýylda gowşuryljakdygy aýdylan jaýlaryň gurluşygynyň heniz-de tamamlanmaýandygyny belläp, häkimiýetleriň wadalarynda tapylmaýandygyny aýdýar.

"Biz ýaşaýyş jaýlarynyň puluny baryp 2020-nji ýylda doly geçirdik. Şonda häkimiýetler bize 2022-nji ýylda jaýlaryňyzda ýaşap başlarsyňyz diýdiler. Ýöne olar bu wadalarynda tapylmadylar we bize jaýlaryň 2023-nji ýylyň ýanwarynda taýýar boljakdygyny aýtdylar. Häkimiýetler bu wadasynda hem tapylmadylar" diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde 27-nji fewralda aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, jaýlaryň gurluşygy Türkmenabat şäheriniň Bahar, Ikinji we Üçünji etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda, ýykylan çagalar meýdançalarynyň ýerinde alnyp barylýar.

Olaryň gurluşygyna Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralary, şol sanda Türkmenabadyň demirbeton kärhanasy we Zergeriň “Demirbetonönümleri” zawody gatnaşýar.

"Dört-bäş gatly bu jaýlar gurlup başlanyndan bäri üç ýyl çemesi wagt geçen bolsa-da, häzirki wagtda jaýlaryň birinji gaty hem doly galdyrylmady. Birinji gatyň üçekleri örtülmän dur" diýip, habarçy aýtdy.

Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan gelejekdäki jaý eýeleriniň ençemesi özleriniň häkimlige, prokuratura, şeýle-de gurluşygy alyp barýan kärhanalara edýän şikaýatlarynyň, ýazan arzalarynyň oňyn netije tapmaýandygyny aýdýar.

"Jaýlaryň puluny tölän adamlar gurluşygy alyp barýan kärhanalaryň ýolbaşçylaryny gurluşyk meýdançasyna çagyrýarlar. Ýöne olar bu ýere gelmeýärler. Olar orunbasarlaryny iberip, indi bize 2024-nji ýyla çenli garaşyň diýýärler. Adamlar juda nägile bolýar, ýöne bizi diňleýän adam ýok" diýip, lebaply başga bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, köp raýat daşary ýurtlarda zähmet migrasiýasynda bolan dogan-garyndaşlarynyň iberen pulunyň hasabyna bu jaýlaryň tölegini geçirdi. Olaryň köpüsi jaýsyz raýatlar bolup, häzirki wagtda jaýy kireýine alyp ýaşaýarlar. Käbir ýaşaýjylar bolsa, bir jaýda birnäçe maşgala bolup ýaşamaga mejbur bolýarlar.

"Adamlar gaty kösenýär. Sebäbi olar jaýlaryň 2022-nji ýylda taýýar boljakdygyna ynanyp, ähli planlaryny şoňa görä düzüpdiler" diýip, lebaply ýaşaýjy sözüne goşdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýat we şäher häkimliklerinden, şeýle-de gurluşyk kärhanalaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bellesek bu, gürrüňi edilýän gurluşyk kärhanalarynyň işinde bökdençlikleriň bardygy barada peýda bolan ilkinji maglumat däl.

Geçen ýylyň noýabrynda sebitdäki habarçylarymyz Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralarynyň gatnaşmagynda galdyrylan 40 sany ýaşaýyş jaýynyň soňky timarlaýyş işlerini wagtynda ýetişdirip bilmeýändigini aýdypdylar.

Şonda olar häkimiýetleriň edara-kärhanalarda gurluşyk işlerinden başy çykýan býujetçileri toplumdaky jaýlaryň içerki timarlaýyş işlerine çekýändigini habar beripdiler.

Aradan iki hepde çemesi geçensoň, habarçylarymyz býujet işgärleriniň toplumy ulanyşa taýýarlamak çärelerine, otaglaryň içini, äpişgeleri, gapylary, pollary we girelgeleri ýuwmak işlerine mejbury çekilýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda alnyp barylýan milliardlarça dollarlyk gurluşyklaryň fonunda, adamlara ýeterlik ýer, jaý berilmezligi, gurluşyklaryň wada berlen wagtynda tamamlanmazlygy we aýlyklaryň azlygy, gurluşyk materiallarynyň gymmatlygy sebäpli, ilatyň jaý bilen üpjünçiligi soňky otuz ýylda uly mesele bolmagynda galýar.

Türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu meseleleri agzaman, ýurtda "ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny" wagtal-wagtal tekrarlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG