Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply býujet işgärleri täze jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirmäge mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde býujet işgärleriniň bir bölegi pagta ýygymyna iberilse, beýleki bir bölegi ýaşaýyş jaý toplumyny ulanyşa taýýarlamak işlerine gatnaşdyrylýar.

"Her edaradan 50-ä golaý işgär diňe dynç günleri däl, eýse iş günleri hem Türkmenabadyň Azatlyk etrapçasynyň ‘Arkadag’ köçesindäki, aeroporta barýan ýoluň ugrunda galdyrylan ýaşaýyş jaý toplumyna iberilýär. Bu ýere her gün 1 müňden gowrak býujet işgäri barýar" diýip, türkmenabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1 müň 200 kwartiradan we dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat bu toplumyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Şonda ol toplumyň Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralarynyň, ýagny Türkmenabadyň demirbeton kärhanasynyň, Zergeriň “Demirbetonönümleri” zawodynyň dagy gatnaşmagynda gurlandygyny hem aýtdy.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, olar jaýlaryň otaglaryndaky hapalary çykaryp, zir-zibilleri toplamak işlerini amal edýärler. Şeýle-de, olar otaglaryň içini, şol sanda äpişgelerini, gapylaryny, pollaryny we girelgelerini hem ýuwýarlar.

"Erkek býujet işgärleri toplumyň töweregindäki gök-guşak zolagynda bag ekmek işlerine, şeýle-de daş-töweregi arassalamak işlerine çekilýärler" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu mejbury çäreleriň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Olar diňe tabşyrygy ýerine ýetirmedik işgärleriň işden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurýarlar.

Býujet işgärleri bu mejbury işler üçin, adatça bolşy ýaly, özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini, şeýle-de talaba laýyk transport serişdesi we günortanlyk nahary bilen üpjün edilmeýändiklerini aýdýarlar.

"Köp işgär bu ýere öz ulagynda barýar. Sebäbi işgär takside barsa, 20 manat gidende we 20 manat gaýdanda, her gün jemi 40 manat çykdajy etmeli bolýar. Işgärler bu ýere 6-lyk belgili awtobusda hem baryp bilýärler. Ýöne awtobus gatnawynyň çäklidigi we topluma barmaly adamlaryň sanynyň köpdügi sebäpli transport serişdesinden peýdalanar ýaly däl. Her awtobusa 70-den gowrak adam münýär. Awtobusyň içinde adamlaryň demi-demine ýetmeýär" diýip, başga bir türkmenabatly býujet işgäri aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, şu günler ‘Arkadag’ köçesiniň ugry işgärleriň hususy awtoulagyndan dolup, olaryň uzynlygy tas 2 kilometre çenli uzaýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň we Türkmenabadyň häkimliklerinden, şeýle-de toplumyň gurluşygyny alyp barýan edaralardan hiç hili kommentariýa alyp bilmedi.

Bu, býujet işgärleriniň agzalýan toplumda mejbury işe çekilmegi bilen bagly peýda bolan ilkinji maglumat däl. 2-nji noýabrda habarçymyz häkimiýetleriň edara-kärhanalarda gurluşyk işlerinden başy çykýan býujetçileri toplumdaky jaýlaryň içerki timarlaýyş işlerine çekýändigini habar beripdi.

Muňa proýekte çekilen gurluşykçylaryň bu işleri wagtynda dynyp bilmezligi sebäp boldy. Toplumy Bitaraplyk baýramyna, ýagny 12-nji dekabra çenli doly tabşyrmak ugrunda gije-gündiz gurluşyk işleri alnyp barylýar diýip, habarçymyz aýdypdy.

Türkmenistanda býujet işgärleri wezipe borçlaryndan başga-da, köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge, ýüpek gurçugyna ideg etmäge, pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Türkmen häkimiýetleri "ýurtda raýatlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini" tekrarlap, bu aýdylanlary aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG