Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gurluşykçylary täze gurulýan jaýlaryň ‘howpludygyny’ duýdurýarlar


Hünärmenler Türkmenabatda gurulýan jaýlaryň ykjamlygyny soraga alýarlar. Fewral, 2023 ý.
Hünärmenler Türkmenabatda gurulýan jaýlaryň ykjamlygyny soraga alýarlar. Fewral, 2023 ý.

Türkiýede on müňlerçe adamyň ölümine getiren weýrançylykly ýer titremesinden soň, türkmen gurluşyk hünärmenleri sebitlerde gurulýan jaýlaryň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna alada bildirýärler. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmenabatly hünärmenleriň biri seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýän Türkmenistanda häzirki bina edilýän jaýlaryň mundan 50 ýyl ozalky standartlara laýyklykda galdyrylýandygyny, olaryň 5 ballyk ýer sarsgynyna hem çydap bilmejekdigini duýdurýar.

“Soňky ýyllar Türkmenabatda sowetler döwründäki ‘hruşýowka’ diýilýän jaýlaryň mysalynda bäş gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Bular baryp 1970-nji ýylda ykrar edilen standartlara laýyklykda bina edilip, olaryň esasy artykmaçlygy degişlilikde arzan bolmagydyr. Emma, elbetde, bu jaýlaryň hiliniň öwezine amal edilýär” diýip, gurluşyk pudagynda 30 ýyldan hem köp wagt zähmet çekýän hünärmen belledi.

Onuň sözlerine görä, bu jaýlarda göteriji diwar göz öňünde tutulman, olar ‘kart öýi’ mysalynda galdyrylýar.

“Binanyň fundamenti, ýagny esasy guýulanda, jaýy mäkäm tutmaly göteriji diwar ýokarky gatlara çenli galdyrylmaýar. Munuň deregine, binanyň esasynyň üstünden demir beton diwarlar goýular we olaryň iki ýerinden, ýagny aşagyndan we ýokarsyndan armatura swarka edilýär. Soňra bu diwarlaryň iki ugry boýunça opalubka, ýagny daşky germew düzülýär we sement guýulýar. Bu usul dördünji gata çenli dowam etdirilýär, ortadaky gatlara bolsa beton plitasy goýulýar” diýip, 50 ýaşlaryndaky hünärmen gürrüň berdi.

Türkmenabatda bina edilýän jaýlaryň biri. Fewral, 2023 ý.
Türkmenabatda bina edilýän jaýlaryň biri. Fewral, 2023 ý.

Ol Türkiýedäki tebigy hadysada müňlerçe binanyň ýumrulmagynyň olaryň hil taýdan pes bolmagy bilen baglanyşdyrylýandygyna hem ünsi çekip, Türkmenistan ýaly ýer titremäniň bolaýmagy mümkin sebitlerinde, kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk nusgalaryna laýyklykda, ýagny kada giren ölçegdäki binalaryň gurulmalydygyny aýtdy.

“Bizde bäş ballyk ýer sarsgyny bolaýsa, häzirki gurulýan jaýlaryň diwarlarynyň arasyndaky iki armaturanyň binany saklap bilmejekdigi aýdyň” diýip, ol sözüne goşdy.

Söhbetdeşimiziň hem belleýşi ýaly, Türkiýede 6-njy fewralda bolan heläkçiliki ýer titremesinden soň ýurtdaky gurulýan jaýlaryň hili baradaky mesele gün tertibine getirildi. Media habarlaryndan mälim bolşy ýaly, ähli gurluşyk standartlary göz öňünde tutulyp guruldy diýilýän jaýlar ýer sarsgynynda ýykylman, olaryň ýaşaýjylary hem aman galdylar.

“Bizde [Türkmenistanda] arzan baha kowalaşyp, mäkäm bolmadyk jaýlar bina edilýär. Gurluşyk döwründe, bu 50 ýyllyk standartlaryň hem berjaý edilmeýän halatlary seýrek däl: ýa hili pes serişdeler ulanylýandyr, ýa asla-da gerekli mukdarda harçlanmaýandyr” diýip, türkmenabatly gurluşykçy nygtady.

Jaýyň gurluşygy üçin beton plitasyny daşap barýan bir ulag
Jaýyň gurluşygy üçin beton plitasyny daşap barýan bir ulag

Bu aralykda, ýerli gurluşyk hünärmenler Aşgabatda we Ahalyň täze administratiw merkezi Arkadag säherinde gurulýan binalaryň hem hiliniň pesdigini, olaryň hem bäş ballyk ýer sarsgynyna çydap bilmejekdigini duýdurýarlar.

Ýokarky ýagdaýlar we hünärmenleriň howatyrlary boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginden, şeýle-de ýerli häkimliklerden kommentariýa almak başartmady.

Belläp geçsek, Türkmenistan 9 baldan ýokary seýsmiki aktiw ýerde ýerleşýär.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda ýurduň taryhyndaky iň weýrançylykly ýer titreme boldy. Tutuş şäher tas ýer ýüzünden süpürildi, 100 müňden gowrak adam wepat boldy. AFP habar gullugynyň soňky 100 ýylyň iň weýrançylykly 10 ýer titremesi baradaky düzen sanawynda Aşgabatdaky heläkçilik dördünji orunda ýerleşdirildi.

2000-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Balkan sebitiniň Bereket (Gazanjyk) obasynda güýçli ýer titreme netijesinde onlarça bina ýykyldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy betbagtçylyklar we olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada habar bermekden ýyllarboýy saklanyp gelýärler.

Bu aralykda, Siriýadaky we Türkiýedäki ýer titremeden soň Merkezi Aziýa ýurtlarynda binalaryň seýsmiki ýagdaýy häkimiýetleriň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG