Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowukda gaz üpjünçiligi ‘köne abzallar’ sebäpli togtady, Türkmengazda ençeme resmi ‘tussag edildi’


Çärjew etrabyndaky “Malaý” gaz käni (arhiw suraty)
Çärjew etrabyndaky “Malaý” gaz käni (arhiw suraty)

Geçen aýda Türkmenistana adaty bolmadyk aşa sowuk howanyň aralaşmagy bilen, ýurduň gündogar sebitlerindäki hojalyklaryň gaz üpjünçiliginiň köpçülikleýin kesilmegine, şeýle-de gaz eksportynda bökdençlikleriň döremegine gaz desgasyndaky könelişen abzallaryň kadasyz işlemegi sebäp bolupdyr.

Bu aralykda, garaşsyz neşir sowuk howa wagty ýurduň iň iri gaz ýatagyndaky dörän tehniki hadysa bilen ilteşikli gaz pudagyndaky ençeme ýokary derejeli resminiň tussag edilendigini habar berýär.

Ýatlatsak, ýylyň başyndan ýanwaryň aýagyna çenli höküm süren aşa sowuk howanyň arasynda Lebabyň Saýat, Farap, Darganata, Çärjew etraplarynda, şeýle-de merkezi Türkmenabat şäherinde gaz üpjünçiligi göz-görtele peselip, kä halatlarda ol ençeme sagatlap dolulygyna elýetersiz boldy.

Şol pursat, ýerli häkimiýetler bu adatdan daşary ýagdaýlar barada ilata düşündiriş bermän, diňe gaz üpjünçiliginiň häli-şimdi kesilýändigi sebäpli, gaz abzallaryna aýratyn üns bermegi ündäpdiler.

Ýerli hünärmenleriň biri Azatlyk bilen habarlaşyp, gazyň köpçülikleýin kesilmegine Çärjew etrabynda ýerleşýän “Malaý” gaz känindäki gaz gysyjy desganyň sandan çykmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

“Desganyň gaz itekleýji kompresseriniň doňup galmagy, üpjünçiligiň togtamagyna sebäp boldy. Şol döwür, uly basyş bilen alnan tebigy gaz, arassalanman, göni ulanyjylara akdyryldy. Bu sebäpli gazyň düzümindäki gaz kondinsatynyň we suwuklygyň aşa köp saklanyp galmagy, kompressoryň doňmagyna getirdi” diýip, ýerli hünärmenleriň biri anonimlik şertinde 7-nji fewralda gürrüň berdi.

Ol desganyň degişlilikde golaýda, ýagny 2021-nji ýylda ulanyşa berilmegine garamazdan, onda zerur enjamlaryň wagtynda täzelenmezligi, möhüm profilaktiki işleriniň geçirilmezligi bu ýagdaýlara sebäp bolandygyny aýtdy.

“Häzir munuň jogapkärçiligini adaty operatorlaryň üstüne atjak bolýarlar. Ýöne eger-de ýolbaşçylar degişli enjamlar bilen wagtynda üpjün eden bolsalar, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk gören bolsalar, bu kemçilikler bolmazdy ýa-da olaryň gerimi has kiçi bolardy” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.

Ol şol sanda bu desgadaky näsazlyklaryň Türkmenistanyň daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana we Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini azaltmaga, belli bir döwürde doly togtatmagyna hem sebäp bolandygyny belledi.

1986-njy ýyldan bäri gaz çykarylýan “Malaý” ýatagy diňe bir içerki bazar bilen çäklenmän, ol Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm iberýär.

Ýatlatsak, regiona aralaşan aşa sowuk howanyň arasynda Türkmenistandan Özbegistana gelýän gaz 12-nji ýanwarda kesilip, ol gaýtadan 21-nji ýanwarda ýola goýulypdy.

Munuň bilen bagly turkmen.news neşiri “Türkmengaz” konserniniň alty işgäriniň, şol sanda birnäçe ýokary derejeli resmisiniň hem tussag edilendigini habar berýär. Neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, ýurduň günortasyndaky ‘Galkynyş’ ýatagyndaky alty gün dowam eden näsazlyk sebäpli Özbegistana eksportyň kesilmegi netijesinde, deslapky sanlara görä, ýetirilen zyýanyň möçberi 59.7 million dollara deň bolupdyr.

Maglumata görä, türkmen tarapy ýitginiň öwezine Özbegistana degişli mukdardaky suwuklandyrylan gazy ibermäge razy bolupdyr. Turkmen.news neşiri Aşgabadyň 3-nji fewralda Özbegistana “dost-doganlyk kömegi” hökmünde muzdsuz suwuklandyrylan gazy iberýändigi baradaky kararyny hem ýokarky ylalaşyk bilen baglanyşdyrýar.

Azatlyk gaz eksportyndaky bökdençlikler sebäpli ýokary derejeli türkmen resmileriniň tussag astyna alnandygy baradaky maglumaty häzirlikçe öz habarçylaryna tassykladyp bilmedi. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň Özbegistana muzdsuz suwuklandyrylan gazy ýeten zyýanyň öwezine iberendigini resmi we näresmi çeşmeler arkaly anyklap bolmady.

Türkmenistanda ýanwar aýynda höküm süren aşa sowuk howa gaz, tok, suw üpjünçilik meseleleri bilen birlikde, mallaryň köpçülikleýin gyrylmagy, emele gelen buzluklaryň derýalaryň akymyny üýtgetmegi ýaly ýagdaýlara hem getirdi.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň häkimiýetleri, adatça bolşy ýaly, bu nogsanlyklar barada ilata maglumat bermediler. Şol bir wagtda, prezident Serdar Berdimuhamedow sowuk howadan has köp ejir çeken sebitleriň biri bolan Mara soňky iki hepdäniň dowamynda dört gezek öňünden yglan edilmedik sapar bilen geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG