Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatly aktiwistleriň idegsiz haýwanlar üçin penahana guramak arzasy ýene ret edildi


Türkmenistan (faýl suraty)
Türkmenistan (faýl suraty)

Türkmenabadyň ýolbaşçylary haýwanlary goraýan raýatlaryň idegsiz itler we pişikler üçin gaçybatalga guramak baradaky ýüzlenmesinden ýene-de ýüz öwürdiler. Prezidentiň haýwanlary goramak baradaky kanuny esasynda gaçybatalga döredip, idegsiz it-pişikleri halas etmäge synanyşýan raýatlaryň haýyşy şäher häkimligi tarapyndan ret edildi.

Şäher häkimliginden raýatlara ýaňyja gelen jogapda 14-nji dekabra degişli sene görkezilýär. Resminamanyň mazmuny birinjisini gaýtalaýar we raýatlaryň idegsiz it-pişikler üçin penahana döretmek üçin ýer bermek baradaky haýyşynyň ret edilendigi barada habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, bu haýwanlary goraýjy aktiwistleriň ýurtda haýwanlary goramak baradaky ilkinji kanunyň kabul edilmeginden soň geçen tomusdan bäri eden ikinji arzasyna jogap bolupdyr. Birinjisi şäher häkimligine ýazylan bolsa, welaýat häkimligine ýazylan ikinji arza-da ýene şäher häkimligine geçirilipdir we arza ýene-de kanagatlandyrylmandyr.

Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň Lebap welaýatynyň häkimine ugradan ýüzlenmesi
Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň Lebap welaýatynyň häkimine ugradan ýüzlenmesi

"Gyrgynçylyk wagtynda itleri halas eden Türkmenabat şäheriniň haýwan goraýjylary itler baradaky prezidentiň täze kanunyna salgylanyp, gaçybatalga üçin ýer sorap, 8-nji awgustda şäher häkimligine ýüz tutdy. Jogap alyp bilmediler. Soň olara berlen jogap oktýabryň ahyrynda gowuşdy, ýogsa, onda görkezilen sene 5-nji sentýabra degişli. Olar 9-njy noýabrda welaýat häkimligine arza ýazdylar. Olam 25-nji noýabrda şäher häkimligine iberlipdir. Oňa jogap diňe ýaňy-ýakynda geldi, onda görkezilen sene 14-nji dekabr diýlip görkezilýär. Bu jogap hem birinjisini gaýtalaýar "- diýip Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Ýatlatsak, geçen ýylyň tomsunda Türkmenabadyň ýaşaýjylary köçelerde itleriniň köpçülikleýin ýok edilmegine şaýat boldular. Haýwanlary tutýan jemagat gullugynyň işgärleri köçelerde itleri gözläp, ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde urup öldürdiler, soň ölen ýa-da ölüm halyndaky haýwanlary ýörite ulaglara ýükläp alyp gitdiler.

Bu ýagdaý itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" ýurduň ilkinji kanunynyň kabul edilen wagtyna gabat geldi.

В Туркменабаде очередное массовое убийство собак
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:50 0:00

Azatlygyň habarçysy haýwanlary goraýjylaryň ýerli häkimiýetlere ýüzlenende penahana döretmek ideýasyny 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda kabul edilen “Itleri köpeltmek we kinologiki işler” baradaky kanun bilen esaslandyrýandygyny, häkimiýetleriň bolsa, olara beren jogabynda 2020-nji ýyla degişli hökümet kararyna salgylanýandygyny belledi.

Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň itler üçin penahana döretmek haýyşyna şäher häkimliginiň beren jogaby. Ýanwarda gowşan resminamada görkezilen sene 14-nji dekabr.
Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň itler üçin penahana döretmek haýyşyna şäher häkimliginiň beren jogaby. Ýanwarda gowşan resminamada görkezilen sene 14-nji dekabr.

"Olar 2020-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň täze kanunyň mazmunyna ters gelýän kararyna salgylanýarlar" - diýip habarçy aýtdy.

Şäher häkimliginiň raýatlaryň penahana döretmek haýyşyny ret edip, beren jogabynda haýwanlary tutmak we ýok etmek işleriniň hökümetiň karary esasynda amala aşyrylýandygy aýdylyp, köçelerdäki itleriniň we pişikleriniň ýok edilýändigi tassyklanýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň häkimliklerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň ýaşaýjylary halas edilen itleri ýerleşdirmek we howp astyndaky haýwanlary halas etmek maksady bilen bu meselä ýene bir gezek ünsi çekmäge synanyşýarlar.

Geçen tomusda şäheriň ýaşaýjylary kanun goraýjy edaralara ýüz tutup, şäher häkimliginiň haýwanlara eden zalymlygyndan arz etdiler. Munuň yzýany köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we sosial ulgamlarda çap edilen maglumatlaryň we ýerleşdirilen wideolaryň fonunda Türkmenabadyň häkimiýetleri käbir çäreleri görüp başladylar we gepleşiklere taýýardyklaryny mälim etdiler. 25-nji awgustda Türkmenabatda tutulan itleriň saklanýan ýerzeminlerden demir gözenekleriň aýrylandygy mälim boldy.

Sähel wagtdan haýwanlary goraýan ýaşaýjylar häkimiýetleriň basyşyna sezewar edildi. Azatlygyň habarçylary 12-nji sentýabrda raýatlaryň prokuratura çagyrylandygyny, olardan kazyýet işini ýapmak üçin talaplaryny yzyna almagyň talap edilendigini habar berdiler.

Türkmen aktiwistleri "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň kabul edilmegini ikiýüzlilik atlandyrýarlar we kanunyň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilmeýändigine ünsi çekýärler.

Täze kanun idegsiz itleri "zyýansyzlandyrmak" işiniň olara sanjym etmek, weterinariýa barlaglaryndan geçirmek , öňki ýaşaýan ýerlerine gaýtarmak ýa-da penahana ýerleşdirmek arkaly amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, kanunyň 24-nji maddasynda, itleri bikanun hereketleriň ýa-da sowuk-sala seretmegiň netijesinde bilkastlaýyn öldürmek ýa-da olara şikes, howply zyýan ýa-da saglygyna beýleki agyr zyýanlary ýetirmek itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýär diýilýär. Kanunyň 41-nji maddasynda bolsa, bu kanunçylygyň bozulmagynda günäkär şahslaryň "Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýändigi" aýdylýar, ýöne jeza çäreleriniň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG