Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we rus prezidentleri telefonda energiýa maslahatyny etdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gepleşdi.

Hökümetçi “SalamNews” neşiri bu habary Russiýanyň prezident administrasiýasynyň resmi web sahypasyna salgylanyp çap etdi.

Türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynda gazanylan derejä ýokary baha beren döwlet baştutanlary energetika pudagyndaky amaly hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy diýip, habarda anyklaşdyrylmazdan aýdylýar.

Bu telefon söhbetdeşligi Türkmenistanyň sebitlerinde gaz üpjünçiliginiň peselen wagtyna, şol bir wagtda Aşgabadyň daşary ýurtlara iberýän gazynyň azalýandygy barada çykan habarlaryň arasyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG