Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hökümetiň we howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, 2023-nji ýylyň şygarynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilýändigini aýtdy.
Milli geňeşiň Mejlisiniň başlygynyň 29-njy dekabrda gol çeken kararynda aýdylmagyna görä, 2022-nji ýylyň - “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslendi”.
Geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny metbugat arkaly halk köpçüligine ýetirmek tabşyryldy diýip, TDH 30-njy dekabrda habar berdi.
Gülşat Mämmedowanyň gol çeken kararynda täze şygaryň halk köpçüliginiň teklipleri esasynda saýlanylyp alnandygy bellenýär.