Protestçileri basyp ýatyrmakdan başlap, ýowuz serhet çaknyşyklaryna we Russiýanyň Ukrainadaky söweşiniň netijelerine çenli 2022-nji ýyl, ähli ýalňyş sebäpleri bilen, Merkezi Aziýada ýatdan çykmajak ýyl boldy.
Ine, 2022-nji ýylda sebiti formirlän we öňümizdäki ýylda Merkezi Aziýada boljak wakalara täsir edip biljek bäş hekaýa.
Inflýasiýa bilen baglanyşykly "sosial dartgynlyk"
Gazagystanda 2022-nji ýyl görlüp-eşidilmedik hökümete garşy protestler we döwletiň olary rehimsiz basyp ýatyrmagy bilen başlandy. Şonda azyndan 238 adam öldi.
Bu tolgunyşyk Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) goşunyny çagyrandan soň tamamlandy.
Tutuş ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalar ilkibada ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen ýüze çykdy. Emma gysga wagt soň, protestler ýurdy ýyllarboýy gurşap alan korrupsiýa we garyndaşparazlyga bolan gahar-gazaby görkezmegiň guralyna öwrüldi.
Olar hakyky we hyýaly garşydaşlary basyp ýatyrýan mahaly, Merkezi Aziýanyň awtoritar hökümetleri üçin iň uly howp azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagydyr diýip, synçylar aýdýarlar.
Koronawirus, şeýle-de pandemiýa zerarly ýüze çykan üpjünçilik meseleleri we Ukrainadaky söweş sebäpli sebitde ýaşaýyş-durmuş çykdajylary ýokarlandy.
Noýabr aýyna çenli Gazagystanda ýyllyk inflýasiýanyň derejesi 19,6 göterim bolup, azyk önümleriniň bahasy 24 göterim töweregi ýokarlandy.
Ykdysady analitik Tulegen Askarowyň pikiriçe, bu sanlar diňe bir Gazagystan üçin däl, eýsem onuň azyk eksportyna garaşly goňşy ýurtlar üçin hem alada döredýär.
"Häzirki wagtda inflýasiýa sosial dartgynlygyň iň möhüm çeşmesidir" diýip, Askarow aýtdy.
Ekspertler sebitiň pes nyrhlarynyň energetika pudagyna maýa goýumlarynyň öňüni alýandygyny köpden bäri duýdurýarlar. Emma şu ýyl Gazagystanda bolup geçen wakalardan soň, haýsydyr bir hökümetiň bahalary ýokarlandyrmaga töwekgelçilik edip biljekdigi ýa bilmejekdigi entek belli däl.
Kimdir biri Gyrgyzystan-Täjigistan serhet çaknyşyklaryny bes edip bilermi?
2022-nji ýyl Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda bolup geçen ýowuz serhet çaknyşyklaryna hem şaýat boldy. Sentýabr aýynda bu çaknyşyklarda 100 töweregi adam öldi.
Bu ýurtlarda harby bazalary bolan Russiýaiki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara ençeme ýyl bäri syn edip gelýär. Emma oktýabr aýynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin dawalaryň çözülmegine kömek etmek maksady bilen, gyrgyz kärdeşi Sadyr Japarow we täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen Gazagystanda duşuşdy.
Ýöne Moskwanyň yzygiderli bolýan serhet çaknyşyklaryna çözgüt tapmak üçin araçylyk etmäge isleglimi ýa-da däldigi entek belli däl.
Gyrgyzystanda ýaşaýan syýasy alym Medet Tiulegenow Kremliň Ukrainadaky betbagtçylykly söweşe baş goşandygyna ünsi çekip, Russiýanyň Sowet Soýuzynyň ilkinji günlerine degişli bu meseleleriň çözülmeginde aýgytly rol oýnap bilmejekdigini aýtdy.
"Russiýanyň post-sowet giňişliginiň töweregindäki dürli konfliktlere gatnaşmagy, birek-birege ynamsyzlygy çözmek we ýurtlary birleşdirmek üçin täsirli partiýa däldigini görkezýär" diýip, Tiulegenow belledi.
Gazagystan Russiýany öz golaýynda saklap bilermi?
Russiýa bilen serhetdeş ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti bolan Gazagystan, özüni Günbatar sanksiýalarynyň howpundan halas edip, Kremliň Ukraina çozmagyny goldamak bilen bagly Belarusa goşulmansoň, demirgazyk goňşusy bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşýandygyny gördi.
Astananyň bitaraplyk baradaky çykyşy, rus syýasatçylarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň kemsidiji çykyşlary edip, haýbat atmaklaryna sebäp boldy. Olaryň arasynda Gazagystanyň Russiýanyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk gatyşmasy üçin Moskwa minnetdar bolmalydygy baradaky aýyplamalardan başlap, çozuş howplary baradaky gümürtik haýbatlar bar.
Şu ýyl Moskwa Gazagystanyň Russiýanyň gözegçiligindäki nebit geçirijisine elýeterliligini birnäçe gezek kesdi. Astana bu geçiriji arkaly Ýewropa Bileleşigine çig mal eksport etmäge bil baglaýar. Bu ädim, käbir synçylaryň pikiriçe, Moskwanyň öz ýaranyny ýeterlik wepalylygy görkezmändigi üçin jezalandyrýandygynyň bir alamatydyr.
Şu aý Gazagystan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Ukrainanyň Krym ýarym adasynda hukuklaryň bozulmagyny ýazgarýan rezolýusiýasyna garşy ses berdi. Başga-da 13 sany ýurt bu karara garşy ses berdi. Mundan öň Astana Ukraina bilen baglanyşykly kararlar barada ses bermekden saklanýardy.
Ses berişlik, Moskwanyň Gazagystana edýän basyşynyň ahyrsoňy netije görkezip başlandygy barada aladalary döretdi.
Häkimiýetler ses berişlik barada düşündiriş bermeseler-de, gazak kanun çykaryjysy Aidos Sarym Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna bu karary arakhor goňşyny köşeşdirmek bilen deňeşdirip boljakdygyny we Gazagystanyň geljekdäki ses berişliklerde saklanjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
Analitik Dimaş Alzanow Gazak gullugyna beren maglumatynda Gazagystanyň harby we howpsuzlyk pudaklaryny döwrebaplaşdyryp bilmezligi, onuň howpsuzlyk zerurlyklary üçin Moskwa seretmegi dowam etdirjekdigini aňladýar diýdi.
Wezipäni tabşyryp, häkimiýeti eliňde saklap bolarmy?
Merkezi Aziýanyň iň üzňe we awtoritar döwleti bolan Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipesinden çekildi we mart aýynda geçirilen saýlawda häkimiýeti ogly Serdara tabşyrdy.
Ýene bir geçiş Täjigistanda hem bolup biler, bu ýerde Rahmonyň jylawlary ogly Rustam Emomalä bermäge taýynlanýandygy barada myş-myşlar bar.
"Milletiň lideri" diýen at berlen 70 ýaşly Rahmon wezipeden aýrylsa-da, häkimiýete ep-esli derejede täsir edip biljekdigini öňe sürdi.
Türkmenistanda uly Berdimuhamedow prezidentiň roluny oýnamagy dowam etdirýär. Geçen hepde häkimiýetler onuň hormatyna, täze gurulýan şähere "Arkadag" adynyň dakyljakdygyny yglan etdiler.
“Pace Global Strategies-iň" uly geňeşçisi Deirdre Tynan, ýokarda üýtgeşiklik bar bolsa-da, hakyky üýtgeşikligiň mümkin däldigini aýdýar.
“Ne uly Rahmon, ne-de uly Berdimuhamedow dolandyryş meselesinde ylham beriji görelde bolup biler. Alma agaçdan näderejede uzaga gaçyp biler?” diýip, Tynan AÝ/AR-na aýtdy.
Ol häkimiýetiň atadan ogla geçişiniň dartgynlylygy we dowamlylygy döredip biljekdigini hem duýdurdy.
Gyrgyzystanyň durnuksyzlygy basyp ýatyrmak aýlawy
2022-nji ýylda Merkezi Aziýa soňky ýyllardaky iň gazaply döwlet basyşlaryna şaýat boldy.
Iýul aýynda Özbegistanyň howpsuzlyk güýçleri öldüriji güýç ulanyp, ýurduň awtonom Garagalpagystan sebitine täsir edýän konstitusiýa üýtgetmelerine garşy protestleri basyp ýatyrdy. Resmi maglumatlara görä, bu wakada 21 adam öldi.
Täjigistanda hökümetiň maý aýynda Dagly-Badahşan sebitindäki protestleri basyp ýatyrmagy netijesinde azyndan 16 adam öldi, ýöne şaýatlar ölenleriň sanynyň mundan has köpdügini aýtdylar.
Makala Chris Rickleton tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum