Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Berdimuhamedowa russiýaly hyzmatdaşlara döredýän şertleri üçin hoşallyk bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda, ŞHG döwletleriniň baştutanlarynyň geňeşiniň çäginde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Türkmen lideri bu mejlise hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.

Taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler diýip, TDH 15-nji sentýabrda habar berdi.

Şu ýylyň aprelinde iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň bellenilendigini aýdyp, rus lideri degişli resminamalarda öz beýanyny tapan strategik hyzmatdaşlygyň derejesiniň iş ýüzünde tassyklanylýandygyny belledi we bu işde öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandynyň bardygyny nygtady.

Şeýle-de Putin RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýa sapar edende, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy bilen duşuşmaga şat boljakdygyny aýtdy.

Mundan başga, Putin ykdysady gatnaşyklarda energetikanyň aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekip, RF-niň “Gazprom” we Tatneft” kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan köpýyllyk işlerini belledi, russiýaly hyzmatdaşlara döredilýän zerur şertler üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi.

Türkmen lideri iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň güýzünde Russiýa meýilleşdirilen saparynyň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG