Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Aşgabada 'terrora göz ýummajagyny' aýtdy


Orsýetiň goranmak ministri, goşun generaly Sergeý Şoýgu
Orsýetiň goranmak ministri, goşun generaly Sergeý Şoýgu

Kreml Aşgabada sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýumup bilmejekdigini aýtdy, Türkmenistan bolsa Orsýetiň öz bitaraplygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biridigini ýatlatdy.

Bu gürrüňler 9-njy iýunda Aşgabatda, Orsýetiň goranmak ministri, goşun generaly Sergeý Şoýgu bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda boldy.

Orsýetiň goranmak ministriniň Aşgabada resmi sapary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyndan başlandy diýip, habarlarda aýdylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň berýän maglumatyna görä, bu duşuşykda regional howpsuzlyk meseleleri barada gürrüň edildi.

Rus generaly türkmen prezidentine Moskwanyň Ýakyn gündogar ýurtlaryndan uç alýan terrorçylyk howpuna göz ýumup bilmejekdigini aýtdy diýip, Goranmak ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

«Şu günki günüň howp-hatarlaryna düşünmek bilen, biz olar hakynda gürrüň etmän bilmeýäris. Bu halkara terrorçylygy we biziň hiç birimizi biparah galdyryp bilmez, hususan-da biziň Owganystan bilen goňşulykdaky sebitde ýerleşýändigimiz üçin» diýip, Sergeý Şoýgu duşuşykda Siriýadan, Liwiýadan, Yrakdan abanýan howp-hatarlara üns bermän bolmajakdygyny nygtapdyr.

«Elbetde, biz olara örän dykgatly garamaly, Orsýet hut şuny hem edýär» diýip, goşun generaly aýdypdyr.

Mundanam başga, ol prezident Berdimuhamedowa Orsýet Federasiýasynyň Harby-howa güýçleriniň Siriýada geçirýän harby operasiýalarynyň barşy barada hem maglumat beripdir.

Rus generaly Türkmenistanyň Orsýet üçin strategiki hyzmatdaş bolup durýandygyny belläp, munuň hususan-da ykdysady we medeni pudaga degişlidigini aýdypdyr. Şol bir wagtda ol bu hyzmatdaşlygyň aglaba ýagdaýda Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň şahsy gatnaşyklaryna esaslanýandygyny nygtapdyr.

«Iki ýurduň strategiki hyzmatdaşlygy hemişe praktiki işler esasynda tassyklanylýar» diýip, Sergeý Şoýgu sözüniň üstüni ýetiripdir.

Türkmenistan - bitarap ýurt

Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Orsýetiň Türkmenistanyň bitaraplyk durumyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtlaryň biridigini ýatladypdyr.

«Biz bir-biregi sylamaga, ynanyşmaga we özara düşünişmäge esaslanýan açyk gapylar syýasatyny alyp barýarys. Şu esasda hem hiç bir bloga, hususan-da harby esasly birleşiklere girmeýäris» diýip, türkmen prezidenti aýdypdyr.

Mundanam başga, olOrsýet bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady we ynsanperwerçilik pudaklarynda dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, rus ministrineBeýik Watançylyk urşunyň weteranlary barada edýän aladalary üçin minnetdarlyk bildiripdir.

Ýarag söwdasy

Şol bir wagtda, rus generalynyň sapary bilen bagly, Aşgabadyň Moskwa bilen aradaky harby hyzmatdaşlygyny giňeltjekdigi aýdylýar.

Orsýetiň RIA Nowosti habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Orsýetiň goranmak ministri Aşgabatda öz türkmen kärdeşi, general-polkownik Ýaýlym Berdiýew bilen hem duşuşdy.

Bu duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn harby we harby-tehniki hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy, şeýle-de regional we global howpsuzlyk problemalary barada maslahat edilendigi aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň harby pudakdaky perspektiwaly ugurlaryny çuňlaşdyrmak, Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerini berkitmegiň anyk çäreleri barada hem ylalaşyga gelnipdir.

Bu ozaly bilen türkmen goşunyny döwrebap ýaraglar we harby tehnika bilen üpjün etmäge, harby kadrlary taýýarlamaga degişli diýip, rus metbugaty ýazýar.

Mundanam başga, minalary zyýansyzlandyrmak, harby medisina, sport we medeniýet ugurlarynda özara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Merkezi Aziýada parahatçylygy we asudalygy gorap saklamak üçin pikir alyşmagy geljekde hem dowam etdirmek barada ylalaşyldy diýip, Orsýetiň goranmak ministriniň orunbsary Anatoliý Antonow žurnalistlere aýtdy.

Mundan öň rus metbugatynda türkmen goşunynyň owgan serhedi tarapdan abanýan howpy garşy durmak mümkinçiliginiň çäklidigi, eger Aşgabat ýüz tutsa, Orsýetiň kömege taýýardygy barada edilen beýanatlar çykypdy.

XS
SM
MD
LG