Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylyň jemleri: Täze Marşal meýilnamasy? Ukraina nädip täzeden gurlar


Uruşda ýumrulan binalar
Uruşda ýumrulan binalar

Ahyr netijede Ukraina täzeden gurulmaly we munuň üçin milliardlarça dollar gerek bolar. Urşuň netijelerine baglylykda, Russiýanyň ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy ýa-da häzirki wagtda daşary ýurtlarda doňdurylan rus emläklerini satmak arkaly, ýurdy täzeden gurmak üçin zerur bolan taslamany durmuşa geçirmek talaplary edilýär. Ýöne, köp adam üçin gowy bolup görünýän meýilnama hakykatda amaly ýa-da kanunymymy? Eger-de Russiýa ýetirilen zyýany tölemese, gaýtadan gurmak işiniň ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň boýuna galmagy hem mümkin. Bu proses taryhy mysallar we kynçylyklar bilen baglanyşykly.

Rus prezidenti Wladimir Putin 24-nji fewralda öz ýurdunyň esassyz we doly çozuşyna başlanyndan birnäçe hepde soň özüniň habarlaşmagyň ussadydygyny subut eden ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Kremliň "öwezini dolmak" we "goşant goşmak" sözlerini öwrenmeli boljakdygyny gaty açyk aýtdy.

Uruş başlanaly bäri geçen dokuz aýdan gowrak wagtdan soň we Putiniň öz ýurdunyň agressiýasyny soňlamaga taýýardygyny görkezýän hiç bir yşarat etmezligi netijesinde, gepleşikler ýuwaş-ýuwaşdan diňe bir konfliktden soňky Ukrainany täzeden gurmaga däl, eýsem Zelenskiniň "biziň zamanamyzda Ýewropanyň iň uly ykdysady taslamasy bolar” diýen we ýüzlerçe milliard dollara durjaga meňzeýän gurlyşklaryny kimiň we nädip maliýeleşdirjekdigi baradaky meselä gönügýär.

Ukraina üçin bu soragyň jogaby düşnükli: Ahyr netijede adalatyň dabaralanmagy üçin Russiýa töleg etmeli. Ukrain hökümetiniň öwezini dolmak baradaky iş toparynyň aklawçysy we agzasy Markiýan Kliuçkowskiniň düşündirmegine görä, "Bu ýerde Russiýanyň töleg etmekden başga alternatiwasy ýok".

"Eger-de Russiýa ýetiren zyýanynyň we sebäp bolan jebir-jepalarynyň öwezini dolmak borjuny ýerine ýetirmek islemese, biz siwilizlenen dünýä bilen bilelikde Russiýa töleg etdirmegiň ýoluny tapmaly“ diýip, Kliuçkowski Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Beýleki ukrain resmileri ýaly, Kliuçkowski hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 14-nji noýabrda kabul eden kararyna salgylanýar. Bu karar Russiýanyň uruşda ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmagyna çygyrýar. 50 töweregi ýurt ýetirilen zyýanyň, çekilen ýitginiň öwezini dolmak üçin halkara mehanizmini, şeýle-de subutnamalary we talaplary resmileşdirmek mümkinçiligini döretmek baradaky karary goldady.

"BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary örän möhüm, sebäbi ol Russiýanyň jogapkärçilige çekilmelidigini gönüläp aýdýar we muny amala aşyrmagyň mehanizmini teklip edýär” diýip, Kliuçkowski aýtdy.

Emma Russiýa bu ses berişligi ret etdi. Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýa bu rezolýusiýany goldaýan ýurtlaryň Baş Assambleýany kazyýet organy hökmünde görkezmäge synanyşýandygyny, ýöne munuň beýle däldigini aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki weto hukugyny ulanmak bilen, Russiýa Ukrainanyň dünýä guramasynda adalatlylygy gazanmak ugrunda eden synanyşyklarynyň öňüni aldy. Bu ýagdaý Kiýewiň ýurduň uruşdan soňky dikeldişini maliýeleşdirmek üçin daşary ýurtlarda doňdurylan we milliardlarça dollara durýan rus emläklerini ele geçirmek baradaky tagallalaryna päsgelçilik döredip biler.

Marşal planynyň nusgasynda

Muňa garamazdan, Günbatarda köpler Ikinji Jahan urşundan soň Günbatar Ýewropanyň köp böleginiň täzeden gurulmagynda ulanylan we üstünlikli bolan ABŞ meýilnamasynyň çykalga bolup biljekdigini aýdýar. Şonda Günbatar tarapyndan maliýeleşdirilen taslama Marşal plany diýlip atlandyrylypdy.

Marşal plany görnüşindäki meýilnamany goldaýanlar munuň Ukrainanyň demokratik ösüşine we Ýewropa Bileleşigine girmek isleglerine-de peýdaly boljakdygyny öňe sürýärler.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän, ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary, 1947-nji ýylda ABŞ meýilnamasyny teklip eden Jorj Marşalyň adyny göterýän German Marşal gaznasynyň taýýarlan hasabatynda, Kiýewiň korrupsiýa ýagdaýlary sebäpli, Ukrainanyň uruşdan soňky dikeldilişini goldaýan günbatarlylaryň Ukraina köp mukdarda pul dökmekden çekinjekdigi aýdylýar.

Emma muňa garamazdan, bu tutaryk, eger-de ýurt Ýewropa çalt depginde garylyp-gatylmak isleýän bolsa, agzalyk üçin berk kanuny ülňüleri bolan we ýurda kandidat statusyny hödürleýän Ýewropa Bileleşiginiň kömegi bilen, Ukrainanyň öz guramalaryny we kazyýetlerini düýpli kämilleşdirmegine itergi berip biler diýip, hasabatda bellenilýär.

“Marşal gaznasy” hasabatynyň awtorlarynyň biri Ýakob Kirkegaard “Ukrainanyň dikeldilmegini Marşal meýilnamasynyň ruhunda düzmegiň Ukraina zerur bolan Günbatar tehnologiýasyny getirip, ýurdy has öňe itekläp biljekdigini aýdýar.

"Has uly infrastruktura, hususan-da energiýa we ulag infrastrukturasy ,ÝB standartlaryny göz öňünde tutup we köplenç sowet nusgalaryndan ýüz öwürmek esasynda, has gowy gurlup, ukrain infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ahyr netijede onuň ÝB ýurtlary içinde hem bäsleşikli ýagdaýa çykmagyna alyp geler" diýip, Kirkegaard Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna e-poçta arkaly beren düşündirişinde aýtdy.

Bu maliýeleşdiriş Günbataryň Kiýewe şu wagta çenli beren harby kömeginden başga, hökümet işini dowam etdirmek üçin beren maliýe kömeginiň hem üstüni ýetirer.

Halkara pul gaznasynyň başlygy ýakynda 2023-nji ýylda Ukraina her aý azyndan 3 milliard dollardan 5 milliard dollara çenli serişde gerek bolar diýdi.

"Bu kiçi-girim iş däl” diýip, HPG-nyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa 25-nji oktýabrda ukrain dikeldiş we makro-maliýeleşdirme zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanan dünýä liderlerine ýüzlenip aýtdy.

Ýetirilen zyýan

Ukrainanyň Russiýanyň giň gerimli urşa başlamagy netijesinde çeken zyýany ummasyz we günbe-günden ýokarlanýar.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi 27-nji oktýabrda Russiýanyň 40 müňden gowrak uruş jenaýatynda aýyplanýandygyny aýtdy.

BMG-nyň bosgunlar edarasynyň başlygy Filippo Grandiniň sözlerine görä, bu uruş soňky onýyllyklarda "bolan iň çalt we iň uly bosgunlyga sebäp bolup", 14 million ukrainalynyň öýlerinden gaçyp çykmagyna, başga ýerlerde ýerleşmegine alyp geldi.

Ukrainanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüşi şu ýyl 32% pese gaçdy, bu 1930-njy ýyllaryň Uly göwnüçökgünligi döwründe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolan çökgünlikden hem agyr hasaplanýar.

Russiýanyň Ukraina urýan harby zarbalarynda köplenç ýurduň raýat infrastrukturasy nyşana alyndy. Şäherler, hususan-da Mariupol doly haraba öwrüldi. Ukrainanyň premýer-ministri Denis Şmyhal 5-nji sentýabrda rus çozuşynyň ýurda 326 milliard dollarlyk zyýan ýetirendigini we onuň derhal gaýtadan gurulmagy üçin 105 milliard dollar möçberinde serişde gerekdigini aýtdy.

105 milliard dollarlyk serişde şol aýyň ahyrynda edilen başga bir çaklama garanyňda birneme az boldy. Kiýewiň Ykdysadyýet mekdebiniň hünärmenleri Ukrainanyň birnäçe ministrligi bilen bilelikde maglumat toplap, ýaşaýyş jaýlary we ýaşaýyş däl emläkler, beýleki infrastruktura desgalary babatynda 127 milliard dollardan gowrak zyýanyň dokumentleşdirilendigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, prezident Zelenski 6-njy sentýabrda Ukrainany täzeden gurmak üçin "1 trillion dollardan gowrak" serişde gerek boljakdygyny aýdyp, onuň "häzirki zaman Ýewropasyndaky iň uly ykdysady taslama" boljakdygyny öňe sürdi.

Zelenskiniň hasaplamalary has ýokary, sebäbi ol, ÝB standartlaryna gabat getirmek üçin, infrastrukturany "döwrebaplaşdyrmagy" hem öz içine alýar diýip, Kirkegaard aýdýar.

Ukrainanyň adalat ministriniň orunbasary, Ýewropa we ABŞ hyzmatdaşlary bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky gepleşiklere gatnaşan öňki bankir Irina Mudra, ABŞ-nyň Gazna ministriniň kömekçisi Elizabet Rosenberg bilen birlikde, 22-nji noýabrda Kiýewiň "halkara ýitgiler sanawyny" döretjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Ukraina Nýu-Ýork şäherindäki Kolumbiýa hukuk mekdebi bilen birleşip, Halkara talaplar we öwezini dolmak (HTÖD) taslamasyny döreder. Bu taslamanyň "alymlar we bilermenler topary öwezini dolmak baradaky halkara talaplaryny dolandyrmagyň kanuny esaslaryny gözden geçirer we teklip eder”.

Öwezini dolmalaryň taryhy

Ýetirilen zyýan ýa-da şikes üçin tölenýän harajatlar ýa-da öwezini dolmak üçin zerur bolan serişde köp asyr bäri konfliktlerde ýeňlen tarapdan alynýar. Birinji we Ikinji Punik uruşlaryndan soň Rim, ýetirilen zyýanlar üçin, Karfagene uly uruş salgytlaryny saldy.

Germaniýa Birinji jahan urşundan soň, uruşdaky günäkärligi bilen baglylykda, berk harby töleglere mejbur edildi. Bu ýagdaý Adolf Gitleriň Üçünji Reýhiniň ör galmagyna sebäp bolan faktor hasaplanýar. Bu öwez pullary ahyrsoňy 2010-njy ýylda tölenilip gutaryldy.

https://www.jpost.com/International/Germany-makes-final-payment-for-WWI-reparations

Germaniýa Ikinji jahan urşundan soň ýene bir gezek, ýaran güýçler tarapyndan, agyr uruş töleglerine sezewar edildi.

Emma soňky wagtlarda, Emory hukuk mekdebiniň professory, Halkara we deňeşdirme hukuk merkeziniň müdiri Lori Blankyň düşündirmegine görä, diňe esasan dört-bäş döwletiň arasynda bolan konfliktler netijesinde ulanyldy. Bu gapma-garşylyklar Yragyň Kuweýtiň üstüne çozmagyny, 1998-2000-nji ýyllardaky Efiopiýa-Eritreýa urşunywe Ugandanyň Kongo Demokratik Respublikasyna goşun sürmegini hem öz içine alýar.

"Netijede, halkara jemgyýetçiliginiň döwletara öwez tölegleri üçin zerur bolan "beden hakydasy” "biraz gowşak" diýip, Blank maý aýynda Adalat howpsuzlygy forumyna gabat Ukraina üçin uruş tölegleri meselesine bagyşlap ýazan makalasynda aýtdy.

Russiýanyň öwez töleglerini nädip töletmeli

Blank Russiýanyň Ukrainadaky uruş sebäpli öwez töleglerini tölemegini gazanmak mümkinçiligi, şol sanda Kiýew bilen Moskwanyň arasynda haýsydyr bir parahatçylyk şertnamasyna ýa-da ylalaşyga gelinmek ähtimallygy barada hem öz pikirlerini aýtdy. Ýöne bu, bu çaknyşygyň soňynyň uzak görünmegi bilen, häzir tasdan manysyz bir zat boldy.

Blankyň ýazmagyna görä, ýene bir ähtimallyk, BMG-niň 1990-njy ýylda Yrak Kuweýti basyp alanyndan we 1991-nji ýyldaky Pars aýlagy urşundan soň döreden Kompensasiýa komissiýasy (BMGKK) ýaly, kömege gözegçilik etmek üçin köptaraplaýyn komissiýa ýa-da mehanizm döretmek bolup durýar.

Beýlekiler ýaly, Kliuçkowski Kuweýt üçin döredilen BMG Kompensasiýa komissiýasynyň Ukraina üçin hem nusga bolup biljekdigini belleýär. Emma Russiýanyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki weto goýmak hukugy sebäpli, bu pikiriň makullanmagy mümkin bolup görünmeýär.

Birleşen Ştatlar fewral aýynda başlanan rus çozuşyndan gysga wagt soň "Russiýanyň elitalary, ynanylan adamlary we oligarhlary” (REPO) boýunça iş toparyny döretdi, bu topar şu wagta çenli ruslara degişli 30 milliard dollarlyk emlägi, şol sanda onlarça million dollarlyk kaşaň ýahtalary saklady ýa-da doňdurdy. Halkara iş toparynyň agzalaryna Awstraliýa, Angliýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we Ýewropa Komissiýasy girýär.

Sanksiýa düşen şahslara degişli emläklerden başga, ABŞ, ÝB agzalary we beýleki Günbatar ýurtlary Russiýanyň Merkezi bankynyň 300 milliard dollardan gowrak emlägini doňdurdy. Estoniýa, Latwiýa, Litwa we Slowakiýa ýaly käbir döwletler bu emläkleri öwezini dolmagyň bir bölegi hökmünde ulanmaga çagyryp, bu meselede Ukraina goşuldy. Uly ýedilik (G7), dünýäniň ykdysady taýdan iň ösen ýurtlarynyň bileleşigi iýun aýynda bu meseläni öwrenmek wadasyny berdi.

Emma muňa garamazdan, günbatar resmileriniň aýtmaklaryna görä, aktiwleri doňdurmak we emläkleri almak başga-başga zatlar bolup, dürli kynçylyklary döredýär.

"Biz Russiýanyň Ukrainada sebäp bolan weýrançylygy üçin tölemegini gazanmak üçin gerek bolan ähli kanun mümkinçiliklerini öwreneris" diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell dekabr aýynyň başynda Polşada Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrler maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň Gazna ministri Janet Ýellen bolsa, ABŞ-nyň häzirki kanunçylygynyň Waşingtonyň Russiýanyň doňdurylan bank emläklerini ele geçirmegine ýol bermeýändigini açyk aýtdy.

Şu sebäpden, ABŞ-nyň federal kanuny, Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar kanuny (IEEPA) Waşingtonyň şol emläkleri doňdurmagyna juda aýratyn alnan ýagdaýlarda mümkinçilik berýär diýip, sanksiýalar meselesinde işleýän we ýazýan aklawçy Endrýu Boýl aýtdy. Häzir ol halkara tribunaly bilen işleşýär we köp mesele barada açyk gürrüň edip bilmeýär.

"ABŞ-nyň Russiýanyň merkezi bankynyň doňdurylan aktiwlerini Ukraina bermegi: 1) Russiýanyň tassyklamagy bolmazdan (meselem, gepleşilen parahatçylygyň çäginde) ýa-da 2) Kongres tarapyndan IEEPA girizilen üýtgetme" bolmazdan mümkin bolup görünmeýär” Boýl AÝ/AR-a beren ýazmaça düşündirişinde aýtdy.

Ukrainanyň bu serişdeleriň bir bölegini almagy üçin, ÝB-niň adalat komissary Didier Reýndersiň pikiriçe, Russiýanyň merkezi bankynyň doňdurylan walýuta ätiýaçlyklaryny bütin dünýäde söwda girewi hökmünde ulanmak gerek.

"Meniň pikirimçe, bu 300 milliard ýewrony (316 milliard dollar), Russiýa Ukrainany täzeden gurmak işine meýletin gatnaşýança, azyndan kepillik hökmünde saklamak mümkin" diýip, Reýnders oktýabr aýynyň ahyrynda aýtdy.

ÝB 30-njy noýabrda doňdurylan rus emläklerini konfiskasiýa etmek meýilnamasyny teklip etdiler, emma hünärmenler munuň şindi hem kanuny kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen "Russiýa we oligarhlar Ukraina ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaly we ýurdy täzeden gurmak üçin ediljek çykdajylary tölemeli" diýdi. "Biziň Russiýa töleg töletmek üçin gerek serişdelerimiz bar" diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň nädip töleg etjekdigi entek belli bolmasa-da, Ukrainany täzeden gurmak wezipesiniň ägirt uly derejede ýaýbaňlandyryljakdygy eýýäm mälim.

Halkara Pul gaznasynyň wekili Georgiýewanyň 25-nji oktýabrda, Ukrainanyň täzeden gurulmagy boýunça Berlinde geçirilen konferensiýada aýtmagyna görä, söweş togtadylanyndan soň, ikinji "rekonstruksiýa tapgyrynyň" bahasy baradaky çaklamalaryň hakykatdanam haýran galdyryjy boljakdygyny aýtdy.

"Zyýan çykdajylaryndan başga, Bütindünýä banky umumy rekonstruksiýa zerurlygyny 349 milliard dollar diýip çaklaýar" diýip, ol aýtdy.

"Bu hakykatdanam haýran galdyryjy sanlar, Russiýa hüjüm etmezinden ozal Ukrainanyň 2021-nji ýyldaky ýyllyk jemi içerki önümi 200 milliard dollar bolan bolsa, bu şondan hem has ýokary" diýip, bank resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu teklibi "täze Marşal meýilnamasy" diýip atlandyran german kansleri Olaf Şolz şol ýygnanyşykda Ukrainany täzeden gurmagyň "indi başlanmaly nesil wezipesi" boljakdygyny aýtdy.

Iýun aýynda, Şweýsariýanyň Lugano şäherinde geçirilen halkara konferensiýada Ukraina öz milli dikeldiş maksatnamasyny hödürledi, bu meýilnama dürli ugurlar boýunça täzeden gurmak meýilnamalaryny we olaryň möhletlerini kesgitleýär.

Germaniýanyň Marşal gaznasynyň hasabatynda G7 toparynyň halkara derejesindäki dikeldiş platformasyna amerikanlar bilen “global ýagdaýda” ýolbaşçylyk edip, yzygiderli çemeleşme esasynda, “kömek, täzeden gurmak, döwrebaplaşdyrmak we ÝB-ne agzalyk" nukdaý nazaryndan gatnaşmalydygy aýdylýar.

Hasabatyň awtory Kirkegaard Ukrainanyň täzeden gurulmagyny maliýeleşdirmek üçin bergi-borja batyp biljekdigi ýa däldigi baradaky soraga skeptiki jogap berdi.

"Ukrainanyň maliýe goldawynyň aglaba köplügi grantlar ýa-da ÝB bilen uzak möhletli, hiç wagt yzyna gaýtarylmajak karzlar görnüşinde gelýär. Mundan başga, Ukrainanyň bar bolan karz möhleti häzirki wagtda kreditorlar tarapyndan meýletin uzaldylýar" diýip, analitik aýtdy we "Ukrainanyň uruşdan soň örän köp ýyllap örän we örän çalt ykdysady ösüşe bil baglap biljekdigini", bu ýagdaýyň islendik karz ýüküni ýeňilleşdirjekdigini çaklady.

Şeýle-de Kirkegaard Russiýanyň ahyr netijede "özüniň doňdurylan baýlyklaryny Ukraina de fakto uruş tölegleri görnüşinde ýitirmegine" garaşýar. "Russiýa bu uruş sebäpli has uzak, has garyp ýurt bolar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainaly aklawçy Kliuçkowskiniň pikiriçe, Russiýanyň öwez pullaryny tölemeli bolmagy ilkinji orunda durýan mesele.

"Biz halkara kanunynyň işlemeginiň üpjün edilmeginiň ugur-ýoluny tapmaly" diýip, ol aýtdy. "Eger-de bir döwlet, Russiýanyň edişi ýaly, halkara kanunyny gödek bozsa we soňra jezasyz galsa, bu halkara kanuny barada näme aýdar? Biz adalatyň dabaralanjakdygyna ynanýarys" diýip, Kirkegaard aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG