2008-nji ýylyň awgustynda rus tanklary tümlügiň içinde goňşy Gürjüstanyň territoriýasyna girdiler. Pekiniň muňa ilkinji reaksiýasy asudalykly nägilelik boldy.
Mundan soň hytaý lideri Hu Jintaonyň Moskwanyň hüjümini Pekindäki Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gabat getirmegine nägilelik bildirendigi barada maglumatlar peýda boldy. Munuň bilen baglylykda, Hytaý hatda Russiýanyň dürli halkara guramalarynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde Gürjüstana garşy başladan urşuny kanunylaşdyrmak ugrundaky diplomatiki synanyşyklarynyň öňüni almak boýunça tagalla etdi.
Indi 2022-nji ýylyň fewralyna gelsek, onda Hytaý-Russiýa gatnaşyklarynyň düýbünden başga ugur boýunça özgerendigini synlamak bolýar. Bu iki döwletiň dünýäniň global gurluşyny täzeden ýazmak boýunça barha artýan pikir umumylyklary, şeýle-de halkara arenada Birleşen Ştatlara garşy durmak boýunça özara paýlaşýan ymtylmalary üns merkezine çykyp başlady.
Şu ýylyň başynda Russiýanyň nobatdaky gezek hüjüme geçip biljekdigi baradaky barha artýan howatyrlanmalar, ýene-de Hytaýda geçmeli Olimpiýa oýunlaryna gabat geldi. Şol pursat, rus prezidenti Wladimir Putin Pekine sapar edip, özüniň hytaýly kärdeşi Si Jinping bilen duşuşdy. Şonda iki lider öz ýurtlarynyň arasynda “çäksiz” strategiki hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler.
Iki ýurduň gatnaşyklarynyň bu iki senäniň arasyndaky 14 ýylyň içinde neneňsi özgerendigine 4-nji fewralda, Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda iki lideriň gol goýan, 5 müň 300 sözden ybarat bilelikdäki beýanatyny belläp geçmek bolar. Bu dokument syýasy, ykdysady we harby hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek üçin esaslary kesgitledi, şeýle-de Günbatara garşy umumy pozisiýalary nygtady.
Emma täze yglan edilen çäksiz hyzmatdaşlyk ýakyn wagtda iş ýüzünde barlagdan geçmeli bolar.
24-nji fewralda rus tanklary ýene-de ozalky sowet goňşusynyň topraklaryna girdiler. Bu gezek Moskwanyň hereketleri Ýewropada Ikinji Jahan urşundan soňky iň uly söweşi döretdi. Gürjüstandaky ýagdaýlardan tapawutlylykda, Putiniň Ukraina hüjümi netijesinde, Russiýa garşy berk ykdysady we syýasy sanksiýalar girizildi. Günbatar ýaraglary bilen ýaraglanan ukrain güýçleri hem Russiýanyň goşunyny yza tesdirmegi başardy, şeýle-de Kremliň uruş planlaryny pozup, olary utançly yza gaýtmalara duçar etdi.
Şondan bäri, Pekin Moskwa bilen baglylykda tagaşyksyz ugry ýöretdi. Hytaý bir tarapdan Günbataryň Russiýa garşy girizen sanskiýalaryny tankytlap, Kremliň uruş baradaky beýanatlaryna meçew berse, beýleki tarapdan diplomatiki ugur boýunça Putinden daşlaşmaga synanyşdy, käwagt bolsa, basybalyjylykly hüjümi gönümel tankytlady.
Bu ýyl Hytaý-Russiýa gatnaşyklary babatyndaky köp çaklamalary we umytlary puja çykaryp, köp hyýalyýetleri aýan eden bolsa, 2023-nji ýyl bu iki ýurduň gatnaşyklaryny neneňsi özgerdip biler?
“Russiýanyň harby ukypsyzlygy azda-kände [onuň ýagdaýyny] gowşatdy, emma Hytaý onda-da Russiýanyň strategiki hyzmatdaşy bolup durýar” diýip, SOAS Uniwersitetiniň Londonyň Hytaý Institutynyň direktory Stewe Tsang Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
“Russiýa özüni has gowşak edip görkezse-de, [Pekin] Birleşen Ştatlara özüniň strategiki bäsdeşi hökmünde garamygyny dowam etdirýär, şol sebäpli ol Russiýany öz tarapynda görmek isleýär” diýip, bilermen belledi.
Strategiki Baýrak
Russiýanyň Ukraina hüjümi onuň hem ýurduň içindäki, hem-de daşyndaky bar bolan köp sanly meselelerini äşgär etse-de, hytaýly strategçylar Moskwanyň Pekine bolan garaşlylygynyň artmagyny özüne bähbitli hasaplaýarlar. Sebäbi Pekiniň Birleşen Ştatlar bilen global bäsdeşligi barha çuňlaşýar.
“Häzirki gatnaşyklara Si üçin hakyky bähbit we baýrak hökmünde garalýar. Urşuň netijesi boýunça Russiýa tapdan düşse-de, bu gatnaşyk dowam eder” diýip, German Marşal Fondunyň ýokary derejeli ylmy işgäri, şeýle-de “Çäk ýok: Hytaýyň Günbatar bilen urşunyň içerki hekaýasy” atly kitabyň awtory Andew Small Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bilermenler urşuň Pekini alada goýýandygyny belleýärler. Käbir pursatlarda hytaý resmileri özleriniň nägileliklerini hem açyk beýan etdiler. Mysal üçin, noýabrda Indoneziýada geçen G20 sammitiniň dowamynda Hytaý Moskwanyň çozuşy sebäpli global syýasatda we ykdysadyýetde dörän yza gaýtmalar baradaky beýanaty goldady.
Emma uruş Russiýanyň Hytaýa bolan hem syýasy, hem-de ykdysady garaşlylygyny hasam artdyrdy. Şol bir wagtda, Putiniň Birleşen Ştatlara açyk garşy çykmak islegi, halkara arenada täsirini artdyrmak isleýän Pekiniň göwnünden turýar.
“Russiýa gowşasa-da, bu Hytaýyň bar bolan mümkinçilikleriniň arasyndaky iň gowy wariant bolmagynda galýar, hususan-da onuň harby, ykdysady we syýasy ähmiýeti nazarda tutulanda” diýip, Small belledi. “Si üçin strategiki meýdan üýtgewsizdir. Pekin garşy durmak döwrüne garaşýar we onuň yza tesmek meýli ýok” diýip, bilermen sözüne goşdy.
Smallyň pikiriçe, bu hyzmatdaşlygy gurmak hytaýly syýasatçylaryň uzak wagtlyk maksady bolup durýar. Halkara guramalarynda, şol sanda BMG-de Pekin bilen Moskwanyň bähbitleri birek-biregi bilen utgaşýar. Emma olar gatnaşyklaryna henizem, esasan hem Russiýa ynamsyzlyk bilen çemeleşýärler. Köp ýyldan bäri Moskwa hytaý sermaýaçylaryny öz bazaryna goýbermän gelýärdi.
Şol bir wagtda, Russiýa, Hytaýyň energiýa howpsuzlygynyň has artmagyndan howatyr edip, gazgeçiriji ylalaşyklaryna hem seresaplylyk bilen çemeleşýärdi. Mundan başga-da, Moskwa Hytaýa howa hüjüminden goranyş S-400 ulgamy, şeýle-de Su-35 kysymly harby uçarlary ýaly döwrebap we ykjam ýaraglary bermekden saklanýardy. Rus resmileri muny hytaýlylaryň ykjam ýaraglaryň önümçiligini özleşdirmek ähtimallyklary bilen baglanyşdyrýarlardy.
Emma bu ýagdaýlaryň aglabasy Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen basyp almagyndan soň, şeýle-de Ukrainanyň gündogar sebitlerinde çaknyşyklaryň başlamagyndan soň üýtgedi. Moskwa garşy, şol sanda onuň iň iri energiýa müşderisi Ýewropa Bileleşigi tarapyndan halkara sanskiýalary girizildi. Şol ýylyň maýynda, Putin Şanhaýa sapar edip, energiýa serişdelerini Hytaýa akdyrjak 400 milliard dollarlyk gaz ylalaşygyny yglan etdi.
Mundan soňky aýlaryň dowamynda, Russiýa ýene çäklendirmeleri gowşadyp, Hytaýa kämil harby uçarlary we ykjam raketa ulgamlaryny satdy. Şeýle-de, Moskwa Pekiniň howandarlygyndaky “Guşak we ýol” infrastruktura taslamasy babatyndaky çemeleşişini üýtgetdi. Mundan öň, Kreml bu taslamanyň öz täsiriniň güýçli sebiti bolan Merkezi Aziýanyň üstünden geçýändigi sebäpli, ony kän oňlamandy.
Small Russiýanyň başladan urşunyň Hytaýyň Taýwan babatyndaky öňe sürmelerine hem täsir ýetirip biljekdigini çaklaýar. Pekin öz-özüni dolandyrýan Taýwany özüniň bir sebiti hökmünde häsiýetlendirýär. “Bu olara oýlanşyksyz edilen hereketiň netijeleriniň nä derejede agyr bolup biljekdigini görkezdi” diýip, Small nygtady.
2023-nji ýyla nazar aýlasak
Täze ýyla nazar aýlanymyzda, merkezi sorag Hytaýyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny nähili ýol goýjakdygy bilen bagly bolup dur.
Bilermenler Pekiniň Moskwa bilen hyzmatdaşlygyndan ýüz öwürmejekdigini belleseler-de, Hytaýyň Russiýa hödür edip biljek syýasy we ykdysady mümkinçilikleriniň hem tükeniksiz däldigine ünsi çekýärler.
“Hytaýyň sözde Russiýany berk goldamagyny dowam etdirjekdigine meňzeýär. Emma iş ýüzünde harby we ykdysady hemaýat has az gerimde üpjün edilip bilner” diýip, Strategiki we Halkara ylymlar merkeziniň ylmy işgäri, şeýle-de “Diktatorlary ýeňmek” atly kitabyň awtory Çarles Dunst belledi. “Birleşen Ştatlar eger-de Hytaý Russiýa harby we ykdysady hemaýaty hödürlese, onda Pekine garşy sanskiýalaryň giriziljekdigini gaýta-gaýta duýdurdy. Häzir ykdysadyýeti çaýkanýan Hytaý muny islemeýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Bu sebäpli, Hytaý sanksiýalardan gaça durmak üçin, Russiýanyň energiýa serişdelerini arzan bahadan satyn almagyny, şeýle-de maliýe operasiýalaryny rublda ýa-da özüniň milli pul birliginde amal etmegini dowam etdirip biler.
Bu aralykda, Russiýanyň köp regiony goňşy Hytaý bilen söwda gatnaşyklarynda täze rekordlary goýýarlar. Bu garaşly ýagdaýyň geljekde hasam artjakdygyny çaklap bolýar.
Hytaýyň ýakyn wagtda Moskwanyň möhüm maliýe goldawçysy boljakdygyny aýdyp bolmaýar diýip, “Economist Intelligence” ylmy-barlag merkeziniň global çaklama boýunça direktory Agathe Demarais aýtdy.
“Russiýa Hytaýa energiýa eksportyny artdyrmak ugrunda elinde baryny etmäge synanyşar” diýip, ol Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Bu nebit üçin kyn bolman biler. Emma Russiýadaky režimiň esasy diregi bolan gaz bilen baglylykda mesele dörär. Russiýanyň ähli gazgeçirijileri diýen ýaly Ýewropa ugruna niýetlenendir. Täzelerini gurmak köp çykdajy, täze döwrebap tehnologiýalary we wagt talap edýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Hytaýyň Russiýa ABŞ-nyň berk sanksiýalaryndan sowa geçmek üçin hemaýat edip-etmejekdigi hem aýdyň däl.
Pekin geçmişde Eýran ýaly hyzmatdaşlaryna halkara sanksiýalaryny gowşatmak boýunça hemaýat beripdi. Emma Demaraisiň sözlerine görä, Hytaýyň bu döwürde öz diýenini geçirjek bolup Eýrana has berk basyş edeni üçin, Tähran bilen gatnaşyklaryny hem ýaramazlaşdyrypdyr.
Pekiniň bu tejribesiniň netijesinde Russiýa babatynda has deňagramly syýasaty alyp barjakdygy çaklanylar. Hytaý bir tarapdan öz energiýa we maliýe bähbitlerini ilerletse, beýleki tarapdan Russiýany öz burçunda saklamaga synanyşýar.
“Hytaý kyn ýagdaýa düşen we pulsuzlykdan kösenýän Russiýadan öz üçin egilişikleri gazanyp biljekdigini bilýär” diýip, Demarais aýtdy. “Şol bir wagtda, hytaý firmalary sanksiýalardan howatyr edip, Russiýa bilen iş başlatmaga kän islegli däl. Hytaý firmalary bu töwekgelçiligi almak islemeýärler. Bu gatnaşyklaryň deňagramsyz boljakdygyny, şeýle-de Hytaýyň has uly artykmaçlyga eýe boljakdygyny aňladýar” diýip, ol sözüne goşdy.
German Marşal Fondunyň ylmy işgäri Smallyň sözlerine görä, 2023-nji ýylda hytaý strategçylary Moskwany özüne golaý saklap, şol bir wagtda-da Günbatar bilen gatnaşyklaryny häzirki derejede galdyrmak ugrunda tagalla ederler.
“Olar Russiýanyň sylag-hormat isleýändigini bilýärler. Eger-de olar muny amal etseler, bu Pekin üçin arzan söwda bolar” diýip, Small nygtady. “Eger-de olar Russiýa özüne deň biri hökmünde çemeleşseler, belki olar aslynda beýle pikir hem edýän däldirler – bu Hytaý üçin bähbitleri getirer. Bu hem Siniň gürrüňi gidýän gatnaşyklara çemeleşişiniň barha bat alýan bölegidir”.
Forum