Russiýa Ukrainada urşa bataly bäri, Hytaý Merkezi Aziýada öz çägini giňeldýär. Ýaňy-ýakynda bolsa Pekin Täjigistan bilen täze harby ylalaşyga gol çekdi. Bu hereketler nämäni aňladýar – Pekiniň arzuw- isleginimi ýa-da ol sebit ýerlerdäki täze hakykat bilen uýgunlaşýarmy?
Noýabr aýynda Hytaý Täjigistan bilen dawa-jenjelsiz harby ylalaşyga gol çekdi, şoňa laýyklykda, Duşanbe öz territoriýasynda Hytaý howpsuzlyk güýçleri bilen terrora garşy yzygiderli türgenleşik geçirmäge borçlandy.
Täjigistanyň we Hytaýyň harby güýçleri mundan öň bilelikde harby türgenleşik geçirip başlapdylar. Bu bolsa 2015-nji ýyldan bäri soňky üçünji türgenleşikdir.
Şeýle-de bolsa, iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyny resmileşdirýän ylalaşyk noýabryň ahyrynda gazanyldy. Munuň özi Pekine Täjigistan we onuň Merkezi Aziýaly goňşulary bilen barha artýan bähbitlerine täze mümkinçilik döredýär.
Ekspertleriň bellemegine görä, Orsýetiň fewral aýynda Ukraina çozup girmegi Merkezi Aziýada geosyýasy sarsgyn döretdi hem sebitde güýçleriň deňagramlygyna basyş etdi. Täjigistan-Hytaý ylalaşygy bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň däp bolan ýarany Moskwadan daşlaşmak üçin äden ýene bir kiçijik ädimi boldy diýip, olar aýdýarlar.
“Duşanbe Hytaý bilen muny Orsýete aşa baglylykdan ýüz öwürmekde, öz hereketleriniň köpugurly bolmagy üçin edýär. Russiýa munuň bilen ylalaşyp bilermi – bu aýry mesele” diýip, Halkara Parahatçylygy ugrundaky Karnegi gaznasynyň ylmy işgäri Temur Umarow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Merkezi Aziýada Russiýanyň ykdysady kuwwatynyň gowşamagynyň şertlerinde, Moskwa garşy halkara sanksiýalaryň ýitileşmeginde hem-de Ukrainadaky uruş babatda dartgynlygyň güýçlenýän döwründe, Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri, esasan-da, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon täze hyzmatdaşlary tapmaga we beýleki güýçler bilen bar bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýarlar.
Netijede, Ýewropa bilen diplomatik hereketleriň artmagy başlandy, şol sanda oktýabr aýynda Ýewropa Şurasynyň balygy Şarl Mişel Merkezi Aziýa sapar etdi we noýabr aýynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žosep Borrelliň Merkezi Aziýa sapary guraldy. Tokaýew hem onuň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew dürli saparlarda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşmak üçin, Pariže gitdiler.
Hytaý lideri Si Jinping COVID-19 pandemiýasyndan soň, ilkinji gezek daşary ýurtlara saparyny Gazagystana geçirdi, bu sentýabr aýynda bolupdy, soňra Özbegistanda geçen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşanda, ol ýerde göz-görtele ünsden düşürilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Bu olaryň Moskwanyň Ukraina basyp girmeginden soňraky ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygydyr.
“Öz hereketlerini diwersifikasiýalaşdyrmak isleýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin, Ýewropa, Türkiýe we Eýran ýaly oýunçylar gowy mümkinçilik. Emma olar [Merkezi Aziýa döwletleri] henizem çylşyrymly ýagdaýda galýarlar. Sebit hiç haçan iki oduň arasynda, häzirki ýaly ýiti ýagdaýda galmandy” diýip, Umarow düşündirýär.
“GYZYL ÇYZYK”
Umarowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu sebit Russiýa bilen taryhy gatnaşyklaryny kesmek isleginde güýjüni tygşytlaýar hem-de Moskwadan ýiti jogap bolmagyndan gaça durýar.
Ol ABŞ-nyň goňşy Owganystandaky 20 ýyla golaý dowam eden urşuna salgylanmak bilen: “Gyzyl çyzyk mydama üýtgäp durýar, ýöne Russiýa üçin esasy zat, [sebitden çykan] Günbataryň harby güýçleriniň yzyna dolanmazlygydyr. Russiýa Merkezi Aziýanyň Günbatara [garamagyny] islemeýär” diýýär.
Hytaý onýyllyklaryň dowamynda, Merkezi Aziýada barha artýan ykdysady kuwwatly döwlet boldy. Sebitiň köp ýurtlary, şol sanda, Täjigistan we Gyrgyzystan Pekine milliardlarça dollar bergili.
Soňky ýyllarda Pekin sebit bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ädimleri ätdi, şonuň bilen baglylykda, Täjigistan bu ýerde merkezi nokada öwrülýär. Hytaý terrorçylygyň Owganystandan, Pakistandan we Täjigistandan ýaýramagy barada, uzak wagt bäri alada edýär. Ol döwletler Hytaýyň Sinjiang welaýaty bilen serhetleşýär.
Hytaýyň howpsuzlyk güýçleriniň we olaryň täjik hyzmatdaşlarynyň Täjigistan-Owganystan serhediniň boýunda harby bazasy bar. Täjigistan şeýle bazanyň barlygyny resmi taýdan inkär etse-de, ol şeýle. Şeýle hem Pekin köne Sowet serhet postlaryny täzeleýär we Täjigistan-Owganystan serhediniň ugrunda, täze serhet-barlag geçelgelerini gurýar.
Noýabr aýynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, hytaý we täjik harby gullukçylary koordinasiýany gowulandyrmak hem-de terrorizme garşy bilelikdäki çäreleriň taktikasyny kämilleşdirmek üçin, ýylda azyndan bir gezek türgenleşik geçirerler. Onuň haçan geçiriljegi baglaşylan şertnamada, gizlin saklanmaly edildi.
“Garaýyşlardaky tapawut şunda, Hytaý uly bank hasaplanýar, Russiýa bolsa Ýewraziýadaky bireýýäm könelişen uly ýaraga eýelik edýär” diýip, Wudrow Wilson merkeziniň Kissinjer institutynyň Hytaý we ABŞ boýunça eksperti Bradli Jardin Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Pekin sebitde harby hereketlerini giňelmegini dowam etdirse-de, ol Russiýanyň Merkezi Aziýadaky öz howpsuzlyk bähbitlerine garanyňda, möçberi taýdan çäkli bolup durýar.
“Russiýadan tapawutlylykda, hytaýyň harby türgenleşikleri köplenç kiçi möçberde bolýar, oňa içerki howpsuzlyk gulluklary gatnaşdyrylyp, daglyk ýerlerde terrorçylaryň lagerlerine edilen hüjümler ýa-da Sinjiangdaky şäherlere hüjüm edýän yslamçylara garşy durmak ýaly ýagdaýlar esasynda hereket edýän. [Bu] Hytaýyň ol sebitdäki daşarky syýasatynyň, içerki bähbitlere garanda, näçe derejededigini görkezýär” diýip, Jardin belleýär.
PEKINIŇ GARAÝŞY
Moskwa bolan ynamyň gowşaýan wagtynda, Hytaý Merkezi Aziýada öz syýasy, ykdysady we harby täsirini artdyrmaga gowy mümkinçilik alýar. Şol bir wagtda hem Pekin Russiýanyň hasabyna peýda gitjek bolmaýar.
“Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýadaky howpsuzlyk meseleleri babatynda, Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky potensial bäsdeşlige bolan üns köplenç ulaldylýar “ diýip, Karnegi gaznasynyň bilermeni Umarow aýdýar.
Pekin hem Moskwa fewral aýynda öz gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegini tassyklap, hyzmatdaşlygyň çäklendirilmejegini yglan etdiler. Bu gatnaşyklar Ukrainadaky uruş döwründe synaldy we munuň özi, esasan, Günbatara bolan umumy garşylyk sebäpli saklanýan bolmaly.
“Russiýa Hytaýyň [Merkezi Aziýadaky] ösüp barýan howpsuzlyk çärelerini kabul edip biler. Kreml munuň köp ugurlarda, öz gözegçiliginden daşardaky hökmany prosesdigine düşünýär” diýip, Umarow sözüne goşýar.
Londondaky Korollyk Birleşen Barlaglar institutynyň (Royal United Institute for Defence Studies) uly ylmy işgäri we Singapuryň S. Rajaratnama Halkara barlaglar mekdebiniň bilermeni Raffaello Pantuççi Ukrainadaky uruş Merkezi Aziýa köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berýän bolsa-da, Moskwanyň çozuşlary Pekiniň Merkezi Aziýa barada göz öňünde tutýan planlaryna we sebitdäki Russiýa bilen gatnaşyklara täsir etmedi diýýär.
“Bu ýyl agyr özgerişleriň ýyly boldy. Ýöne hytaýlylaryň garaýşyna görä, hemme zat şeýle bir düýpli üýtgemedi. Täjigistan-Owganystan serhedini goramak kyn bolup durýar, olar üçin hemişe birahatlyk döreýär, bu olaryň çözmek isleýän zadydyr” diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen eden interwýusynda belläp geçýär.
Sebit üçin ýylyň döreden başagaýlygy hökmünde; ýanwar aýynda Gazagystana başlanan we Russiýanyň päsgelçiliklere şaýat bolan çaknyşyklary, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhet çaknyşygy, Daglyk Badahşan awtonom oblastyndaky durnuksyzlygy we protestleri, ondan soňra Özbegistanyň bir bölegi bolan Garagalpagystan Respublikasyndaky repressiýany belläp bolar. Pekin ýerli häkimiýetlere öz goldawyny teklip etdi, emma şol wagtyň özünde, krizis döwründe uzakda saklanmagy başardy.
Pantuççiniň pikirine görä, Hytaý durnuksyzlyk barada alada etse-de, sebitiň kynçylyklary meselesinde aralykçy-kazy bolmak islemeýär.
“Ýerli kynçylyklar bilen başagaý bolmak islemeýär, muňa derek ara saklamak isleýär, ol ýerde kimiň aşak çümüp näme gazanjagyny, kimiň üstün çykjagyny nazara alýar” diýip, ol aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum