Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝOJ-da harby bölüm ýatyrylýar


Harby okuw jaýynyň okuwçylary. Aşgabat (faýl suraty)
Harby okuw jaýynyň okuwçylary. Aşgabat (faýl suraty)

ÝOJ-yň studentleri indi ýaragly güýçlerde doly wagt möhletini berjaý etmeli bolarlar. Käbir paýtagt uniwersitetleriniň studentleri bu barada habarly edildi.

Aşgabadyň transport institutynyň studentlerine bu barada sentýabr aýynda habar berlipdir we olardan resminamalara gol çekmek talap edilipdir. Bu barada studentler we olaryň ene-atalary Azatlyga gürrüň berdiler.

"Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwyň başlanan ilkinji günlerinde studentler resminama gol çekmäge mejbur boldular, bu dokumente gol çekýän studentiň bilim edaralarynda Harby bölümiň ýatyrylmagy bilen ylalaşýandygyny we hiç hili arz-şikaýatynyň ýokdugyny aýdýan bir madda bar. Bu kararyň islendik wagtda üýtgäp we öňki ýagdaýyna gaýdyp gelip biljekdigi aýdylýan başga bir madda hem bar "- diýip, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürrüňdeş bolan çeşme aýdýar.

Studentleriň sözlerine görä, resminama gol çekilenden soň, onuň göçürmesi hiç kime berilmändir.

Şu wagta çenli harby kafedrasy bolan ÝOJ-yň okuwçylary diňe 40 günlük harby okuwy tamamlamalydy. Indi, resminama gol çekenlerinden soň, olar uniwersitetlerinde Harby bölümiň ýatyrylmagyna razylyk bildirdiler. Şeýle hem, resminama gol çeken studentler adaty harby gullugy berjaý etmek bilen ylalaşýarlar. Olara gulluk möhletiniň näçe wagt boljakdygy aýdylmandyr, ýöne okuwçylaryň okuwy gutarandan soň indiki ýyl gulluga gitjekdikleri mälim edilipdir.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde doly gulluk möhleti iki ýyldan ybarat.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, studentler we olaryň ene-atalary bu ýagdaýdan nägile bolýarlar. "Emma hiç kim garşy çykyp bilmeýär. Çagalary uniwersitetden aňsatlyk bilen, hiç hili sebäpsiz kowlup bilýär. Çagasyny ýerleşdirende hemmeler uly para berdi" - diýip, çeşme aýdýar we köpçüligiň okuwa salmak üçin alan bergilerini entek doly üzmändigini belleýär.

Transport uniwersitetiniň studentleriniň sözlerine görä, bu okuw jaýyna para ortaça 12 müň ABŞ dollaryna barabar. Mundan başga-da, okuwçylar 40 günlük harby okuwyň bahasyny tölediler.

"Geçen okuw ýylynyň ahyryna, ýagny maý aýynda studentlerden tölegiň ýarysy 700 manat ýygnaldy. Şu ýylyň 15-nji sentýabryna çenli bu 700 manat yzyna gaýtaryldy" - diýip, çeşme aýdýar.

Resmi çeşmelerde ýokary okuw jaýlarynda harby bölüminiň ýatyrylmagy barada habar berilmedi. Bu aralykda, Türkmenistanda "Harby gulluk barada" kanuna üýtgetme girizildi, oňa laýyklykda, hususan-da, goşun gullugyny yza süýşürmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek, ýagny 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar. 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi hökmany hasaplanýar.

Dini ynançlara we öz düşünjelerine görä harby gullugy berjaý edip bilmeýän raýatlar üçin alternatiw gulluk ýurduň kanunlarynda göz öňünde tutulmaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG