Balkan welaýatynyň Serdar harby birikmesindäki "ýowuz dedowşina sebäpli", çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän sekiz esger aýry-aýrylykda harby gullukdan gaçdy. Türkmenbaşy-Aşgabat ýolunda saklanan esgerler türme tussaglygy bilen gorkuzylýar. "Dedowşinany" amal edendigi aýdylýan esgerleriň temmi berýän batalýonda üç gün saklanjakdygy aýdylýar. Bu barada harby gullukdan gaçan esgeriň enesi we ýagdaýdan habarly çeşmämiz Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, Serdar harby birikmesiniň pyýada goşunyna degişli esgerleriň harby gullukdan gaçmagy bilen bagly wakalar 19-njy oktýabr bilen 2-nji noýabr aralygynda boldy.
"Wakalaryň bolan pursady esgerler pagta hasylyny ýygyp almak üçin Serdar we Bereket etraplaryndaky gowaça meýdanlaryna ýatymlaýyn iberilipdi. Olar bu ýerlerdäki göçme palatalarda galýardylar. Esgerler ýowuz 'dedowşina', ýagny uly esgerleriň fiziki zorluklaryna çydaman, pagta meýdanlaryndan gaçyp gidýärler. Olar hususy ulaglarda Aşgabada we Mara barýan mahaly, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky Serdar etrap postunda we Balkanyň Ahal welaýaty bilen serhetleşýän ýerindäki postunda saklandylar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu esgerler Mary welaýatynyň we Ahalyň Tejen etrabynyň ýaşaýjylary bolup, olar alty aý öň Serdar harby birikmesinde çagyryş boýunça harby gulluga başlapdyrlar.
Çeşmämiz esgerleriň gullukdan gaçmagyna, dowam edýän "dedowşinanyň" has-da güýçlenmeginiň sebäp bolandygyny aýdýar.
Dedowşina, ýagny uly esgerleriň ýaşlara sütem etmegi türkmen goşunynda giňden ýaýran ýagdaýdyr. Bu barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.
"Bu esgerler uly gullukdaşlary tarapyndan yzygiderli ýenjilipdirler. Esgerleriň gowaça meýdanlaryna ýatymlaýyn iberilmegi bilen, bu zorluklar, şol sanda ruhy we fiziki basyşlar, kemsitmeler has-da artypdyr. Göçme palatalardaky uly esgerler ýaş esgerleri gije ýatyrman, olara öz bedenlerine massaž etdiripdirler. Uly esgerleriň diýenini etmedik ýaş esgerleriň hajathanada üstüne siýip, ýüzlerine tüýküripdirler. Hatda olaryň gowşak esgerleri ýary gije jynsy bähbidi üçin hem ulanýandyklary aýdylýar. Gündizlerine bolsa, pagta ýygylýan ýerlerdäki ýaplarda gezýän gurbagany tutup, ýaş esgerlere iýdirmek ýaly basyşlar hem bar" diýip, çeşmämiz aýtdy.
Gullukdan gaçan bir maryly esgeriň ejesi sebitdäki habarçymyz bilen söhbetdeşlikde häzirki wagt oglunyň türme tussaglygy bilen gorkuzylýandygyny aýtdy. Ol esgerleriň gullukdan gaçmagyna sebäp bolan esgerleriň bolsa, harby birikmäniň içindäki temmi berýän batalýonda üç gün zähmet çekmek bilen jezalandyrylandygyny belledi.
"Näme üçin çagalarymyza dedowşinanyň, ýagny fiziki we ruhy zorlugyň amal edilýändigi, muňa näme üçin çözgüt tapylmaýandygy barada harby prokurorlara beren soraglarymyz jogapsyz galdy. Şeýle-de, olaryň näme sebäpden pagta meýdanlaryna alnyp gidilýändigi we jogapkär ofiserleriň olara näme sebäpden gözegçilik etmeýändigi baradaky soraglarymyz hem jogap tapmady" diýip, efirde adynyň Bossan diýlip tutulmagyny soran 50 ýaşlaryndaky ene palatalarda esgerleriň ýaşamagy, ýuwunmagy üçin hiç hili şertiň ýokdugyny hem aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden we agzalýan harby birikmeden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň Balkanyň polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.
Türkmenistanyň "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" kanunyň 8-nji maddasynda "raýatyň harby borjy ýerine ýetirmekden bilkastlaýyn boýun gaçyrmagyna ýardam edýän ýa-da onuň harby borjy ýerine ýetirmegine päsgel berýän raýatyň ýurduň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige çekilýändigi" aýdylýar. Ýöne munuň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Azatlyk mundan öň hem harby gullukdaky dedowşina, ýagny eden-etdilikler we olaryň pidasy bolan ýaş esgerler hakynda ençeme gezek habar beripdi. Öňki esgerler süteme sezewar bolýan ýaş esgerleriň köplenç, has beter güne düşmezlik üçin, “adam satýan” hökmünde ýazgarylmazlyk üçin arz etmekden saklanýandygyny aýdýarlar. Ýöne töwekgellik edip arz edýän esgerleriň arz-şikaýatlary hem aňsat diňlenmeýär.
Häkimiýetler süteme sezewar bolýan ýa-da ölen esgerleriň jogap soraýan garyndaşlaryna köplenç dymmagy maslahat berýärler. Arz etmegini dowam etdirýän ene-atalaryň gorkuzylýan halatlary hem bolýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň goşunynda urlup-ýenjilmelerden ejir çekýän we ölýän, özüni heläkleýän ýa-da maýyp bolýan esgerleriň sanyny aýtman, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik ýagdaýynyň örän ýokarydygyny tekrarlaýarlar.
"Bu esgerlere ýokardan gözegçilik edilmeli. Sebäbi olara hatda öz serkerdeleri hem gözegçilik etmeýär. Muňa derek, olar öz harby serkerdeleri tarapyndan oba adamlaryna satylýar. Olar her bir esgeriň bir hepde dürli işlerde zähmet çekeni üçin harby serkerdelere 500 manat töleýärler" diýip, maryly ene aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum