Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda býujet işgärleri ýene köpçülikleýin pagta ýygymyna çekildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

27-nji noýabrda Lebap welaýatyndaky edara-kärhanalaryň tas ählisiniň işgärleri köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşdyryldy. Bu mejbury çärä welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabadyň jemgyýetçilik awtobuslary hem çekildi. Bu ýagdaý şäheriň jemgyýetçilik transportunda bökdençlikleri döretdi.

"Edara başlyklary, müdirleri we orunbasarlary hem işgärleriň ýanynda pagta meýdanlaryna çykdylar. Olar býujet işgärleriniň pagta ýygyşyna hut özleri gözegçilik etdiler. Mundan öň edara başlyklary ýa olaryň orunbasarlary hiç haçan pagta meýdanyna çykmaýardylar" diýip, ýerli býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, pagta ýygymynyň başyndan bäri, has takygy awgustdan bäri býujet işgärleriniň her birinden, edaradaky işgär sanyna görä, aýda 10-20 gün pagta meýdanyna çykmak ýa-da özlerine derek hakyna işçi tutmak talap edilýär.

"Işgärler hakyna tutulan işçileriň her biri üçin gününe 30 manat töleýärdiler. Işçiler býujet işgärlerine derek pagta ýygymyna gatnaşýardylar. Ýöne ýekşenbe güni hatda hakyna tutma işçiler üçin pul tölän býujet işgärleri hem pagta meýdanlaryna çykaryldylar" diýip, býujet işgäri belledi.

Köpçülikleýin pagta ýygymynyň güýçlenmegine 24-nji noýabrda welaýat häkimliginde geçirilen ýygnak sebäp bolupdyr. Häkimlikdäki çeşmemiziň sözlerine görä, ýygnakda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek meselesine uly üns berlipdir.

"Ýygnakda welaýat häkiminiň (red: Şöhrat Amangeldiýewiň) hut özüniň pagta meýdanlaryna aýlanyp, pagta ýygymynyň depgini bilen tanyşjakdygy aýdyldy. Edara ýolbaşçylary häkimden gorkup, ähli işgärleri pagta ýygymyna çekdiler" diýip, çeşmämiz belledi.

Habarçymyz býujet işgärlerini gowaça meýdanlaryna alyp gitmek işlerine jemgyýetçilik awtobuslarynyň çekilendigini, munuň şäherde transport bökdençliklerini döredendigini hem aýdýar.

"Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik awtobuslary hiç hili hereket etmedi. Irden sagat 8-9 aralygynda şäheriň awtobus duralgalarynyň her birinde 70 çemesi adam üýşdi. Olaryň dadyna hususy eýeçilikdäki mikroawtobuslar we taksiler ýetişdi. Ýöne olar hem bu ýagdaýdan peýdalanyp, dessine kireý nyrhlaryny ýokarlandyrdylar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk bu barada welaýat häkimliginden we onuň oba hojalygyna hem-de transport serişdelerine gözegçilik edýän bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky hepdelerde hökümet ýygnaklarynda ýurtda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak meseleleri ençeme gezek maslahat edildi. Prezident bu işleriň depginine birnäçe gezek nägilelik bildirdi.

Bu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda daýhanlaryň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny dolandygy adatça noýabryň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda yglan edilýär. Geçen ýyl häkimiýetler pagta planynyň dolandygyny 11-nji noýabrda yglan edipdiler.

Ýöne noýabryň tamamlanyp barýandygyna garamazdan, pagta planynyň dolandygy ýa dolmandygy barada henize çenli hiç zat aýdylmady. 13-nji noýabrda bellenen Hasyl toýunda "ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy" diýildi, emma anyk san getirilmedi.

Bu ýagdaýlar, Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýan we ýurduň oba hojalyk pudagynyň esasy özenleriniň biri hasaplanýan pagta önümçiliginde problemalaryň bardygyny gytaklaýyn tassyklaýar.

Mundan 10 gün çemesi ozal, balkanly pagtaçy kärendeçiler köp daýhanyň döwlete bergili çykandygyny aýtdylar. Olar suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginiň hasylyň pes bolmagyna getirendigini belläpdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG