Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri Merkezi Aziýada suw meselesini gozgady


Amyderýa. Türkmenistan 
Amyderýa. Türkmenistan 

Türkmenistan Merkezi Aziýa regionynda "durmuş-ykdysady taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýitgileri azaltmak" meselesini çözmekde "deňagramly suw syýasatynyň" ahmiýetini belleýär.

Suw üpjünçiligine degişli dürli kynçlyklary başdan geçirýän ýurduň bu garaýyşy global maýyllygyň Merkezi Aziýa täsiri we suw meselesi barada 17-nji noýabrda geçirlen onlaýn maslahatda öňe sürüldi. Türkmenistanyň adyndan forumda ýurduň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategiki gözlegler merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew çykyş etdi.

Hökümetçi Orient neşiriniň habaryna görä, "Global ýylylygyň Merkezi Aziýa täsiri: sebitiň ýurtlarynyň bahalandyrmalary we çemeleşmeleri, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi" atly onlaýn-maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň analitikleri gatnaşyp, olara Germaniýanyň, Wengriýanyň, Şwesiýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň alymlary hem goşulypdyr.

Ol öz çykyşynda Hazar deňzi, Amyderýa, tygşytly suwaryş we global süýji suw ýetmezçiligi meselelerini aýratyn belläp, hususan-da, türkmenleriň taryhynyň bütin dowamynda suwuň çäklendirilen şertlerinde ýaşandygyny we "suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak ukybyny görkezendigini" habar berdi. Türkmen alymy dünýäde ilkinji bolup, ak bugdaý we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmegi öwrendiler diýip gürrüň berdi.

Türkmenistan dünýäde suwy iň bisarpa harçlaýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar. BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasy 2021-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan bilen birlikde suwdan peýdalanmakda krizis derejesine ýetendigini mälim etdi.

Bu aralykda ýurduň ilaty ýyllarboýy agyz suw ýetmezçiliginden köçenýär. Hatda paýtagtda binalaryň suw üpjünçiligi ençeme günläp kesilýär. Suw ýetmezçiligi oba hojalygynda hem saklanýar.

2019-njy ýylda Türkmenistan ilaty suw ýetmezçiligini başdan geçirýän dünýädäki esasy ýurtlaryň biri hökmünde agzaldy.

XS
SM
MD
LG