Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk howpsuzlygyny 'üpjün eden' Türkmenistan Orsýetden ýeralma daşaýar


Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri Türkmenistanyň şu aýda Russiýanyň Orýol sebitinden ýeralma import edendigini habar berýär.

Neşir bu importy Orýol sebitiniň Türkmenistana eden ilkinji ýeralma eksporty hökmünde häsiýetlendirýär.

“Rosselhoznadzoryň” resmi web sahypasynda aýdylmagyna görä, ýeralmalar 7 tapgyrda ugradylyp, olaryň umumy agramy 140 tonna barabar.

Mundan öň Türkmenistan ýurduň içerki bazarlaryny üpjün etmek, daşary ýurtlara eksport etmek üçin niýetlenen gök-bakja önümleriniň önümçiliginiň ýokarlandyrylandygyny aýdyp, import edilýän azyk önümleri barada maglumat bermeýärdi.

Şeýle-de, türkmen metbugaty ýylda ýeralmanyň bol hasylynyň alynýandygyny, döwlet baştutanynyň tabşyryklary esasynda, ýurduň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlaýar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk syýasatynyň netijesizligi sebäpli, Türkmenistan soňky onýyllyklarda özünde önýän oba hojalyk önümlerini hem barha köp import edip başlady.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýagdaýy tankyt edip, importyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek we eksport edilýän ömünleriň möçberini artdyrmak talaplary prezidentlik atadan ogla geçirilenden soň kän ýatlanylmaýar.

XS
SM
MD
LG