Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana ýok biletleri satan kubanla garşy iş açyldy


Türkmen uçary
Türkmen uçary

Kubanly bir adam syýahatçylyk işi bilen meşgullanmak kararyna geldi we Türkmenistana ýok biletleri satdy, "telekeçi" alty ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner diýip, rus metbugaty Krasnodar sebitiniň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna salgylanyp habar berýär.

Derňew netijesine görä, Maýkopdan gelen 22 ýaşly myhman internetde uçar biletleriniň satuwy boýunça galp bildiriş ýerleşdirdi we oňa dört adam ynandy . Şeýlelikde, olar kubanlynyň bank hasabyna bilet almak üçin pul geçirdi.

Olar "biletler" üçin 30 müň rubldan töleg etdiler. Biletleriň ählisi Türkmenistana uçjak uçarlara alynmalydy. Şondan soň, pullary eline geçiren ‘telekeçi’ aragatnaşyga çykmagyny bes etdi we öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmedi. Netijede, galplygyň pidalary jemi 120 müň rubl ýitirdi diýip, habarda aýdylýar.

Kubanla garşy Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksiniň 159-njy maddasynyň 2-nji bölegi esasynda, “kezzapçylyk” aýyplamasy esasynda iş açyldy we günäli tapylan ýagdaýynda, oňa 6 ýyla çenli iş kesilip bilner.

Türkmenistan sebitde syýahatçylaryň wiza almagynyň we erkin syýahat etmeginiň iň çylşyrymlaşdyrylan ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Şol bir wagtda soňky ýyllar, işsizlik zerarly, ýurtdan giden we gitjek bolýan adamlaryň sanynyň örän köpelendigi aýdylýar.

Şu aralykda "Orient" «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara howa gatnawlarynyň petekleriniň onlaýn görnüşde satyn alnyp bilinjekdigini habar berdi.

Awiakompaniaýanyň web sahypasynda goşmaça “Halkara gantawlar” sahypasy peýda boldy, tölegi bank kartynyň üsti bilen türkmen manatynda toläp bolýar diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG