Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Azerbaýjana Türkmenistandan 1,4 müň syýahatçy bardy diýip, “Türkmenportal” neşiri ýurduň syýahatçylyk gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
2019-njy ýylyň ýanwar- sentýabr aýlary aralygynda Azerbaýjana Türkmenistanyň 38700 töweregi raýaty sapar edipdi. Azerbaýjanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatyna görä, şol ýyl Azerbaýjana barýan türkmenistanlylaryň sany 96 % artdy.
Soňky on aýda Azerbaýjana jemi 1 million 323 müň 416 daşary ýurtly gelipdir we, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň 118% ýokary bolandygyny aňladýar.
Şeýle-de, habarda aýdylmagyna görä, Azerbaýjana diňe oktýabr aýynda 160 müň 467 syýahatçy gelipdir. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 76% köp syýahatçynyň gelendigini aňladýar.
Oktýabr aýynda Azerbaýjana gelen syýahatçylaryň sany boýunça Russiýa birinji ýerde durýar (54,1 müň adam). Ikinji ýeri Türkiýe (28,3 müň adam), üçünji orny Eýran (15,3 müň adam) eýeleýär diýip, hökümetçi neşir ýazýar.
Metbugat habarlaryna görä, Türkmenistanyň ýene bir goňşusyna, Özbegistana gelýän syýahatçylaryň sany hem, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has köpelýär we indi kafelerde, restoranlarda naharlanmak üçin öňünden ýer almaly bolýar.
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlaryny dikeldip başlamagy bilen, daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň sanynyň köpelýändigi aýdylýar. Ýöne olaryň köpüsi syýahatçylyk üçin däl-de, eklenç aladalary bilen ýola çykjak bolýan adamlar diýip, synçylar aýdýar.
Türkmenistan ýurda gelýän syýahatçylaryň sany boýunça pandemiýadan öň hem sebitde iň yzdaky orunlarda durýardy we, daşary ýurtdan gaýdyp gelen raýatlarynyň köpelmegi bilen ýurtdaky işsizlik derejesiniň barha ýokarlanýandygy baradaky maglumatlara garamazdan, syýahat, wiza ýeňilliklerini girizmäge howlugana meňzemeýär.
Dekabrda ählumumy ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýan Türkmenistan adatça ýurda gelýän syýahatçylaryň, şol sanda daşary ýurtlara giden raýatlarynyň doly sanyny çap etmeýär.