Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen manady bir kem otuz ýaşady


1-nji noýabrda Türkmenistanyň milli walýutasynyň, manadyň dolanyşyga girizilenine 29 ýyl bolýar.

Türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, 1 manady 500 rus rublyna barabar görnüşinde dolanyşyga girizildi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu sene mynasybetli "Nýtralnyý Turkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda bank ulgamynyň işgärlerine saglyk, işlerinde uly üstünlik arzuw edilýär.

Döwlet baştutanynyň bellemegine görä, bank ulgamy ýurduň ykdysadyýetiniň esasy sütünleriniň biri bolup durýar.

Manat ilki dolanyşyga girizilende onuň bir manadynyň 1 dollar güýjünde boljakdygy wada berildi.

Emma Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ýyllardaky ýagdaýy bilen baglylykda, manadyň hümmeti yzygiderli aşak gaçdy we, ýurduň öz ýakyn taryhynda ýüzbe-ýüz bolan iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň arasynda, ýurtda walýutanyň iki kursy – döwlet we gara bazar kurslary döredi.

Manadyň hümmetiniň dollaryň garşylygynda yzygiderli üýtgäp durmagy ilatyň az girdejili gatlagynyň durmuşyna has agyr täsir ýetirýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

XS
SM
MD
LG